2:57

Hudaýyň tertibi

MP3

Salam eziz moştaklar,siz bilen ýenede sag-aman düşüşup duranymyzdan oran şat.Gelip Çykyş kitapynda ikki ýaradylyş hekaýasy bar bolup,olardan biz bir näçe zerur bolan hakykatlaryny öwrenmagimiz mumkin.

Elbettde ýaradylyş hekaýasynda biz iň başda dunýanyň başlanyşy hakdaky hakykaty bilip alýas.Diňe başlanyş däl,ýaradylyş hekaýasyndan biz ýene maksat we aragatnaşyk meselelri hakda hem öwrenýas.

Bu ikki hekaýa bize ýaradylyş wakasyny durli tarapdan açyp berýar,şoňa seretman olaryň ortasynda doly deňlik bar.Deňlik diyende ýaradylyş wakasy hakda ýazylan bu ikki hekaýada terslik, gapmagarşylyklar ýok diýjek bolýan.

Gelip çykyş kitapynyň birinji hekaýasynda,ýagny Gelip çykyş kitapynyň 1 bapynda älem-jahany esasyý alamat, başlangyçlary we olar ortasyndaky aragatnaşyk görkezilen.Ikkinji hekaýa,ýagny Gelip çykyş kitapynyň 2 bapynda bolsa insanlar we olaryň ortasyndaky aragatnaşyga dykgat edilen.

Birinji hekaýany görüp çykanymyzda dowamly şeklde Hudaý Özi ýaradanlaryny ajaýyp diyip aýdanlaryny görmagimiz mumkin.Hekaýanyň sönünda bolsa Hudaý bary ýaradanlaryna nazar salyp olary “oran ajaýyp”ekenini gordi,diyip aýdylan.

Hudaýdan daşda utgaşyklylyk we ajaýyplylyk ýokdy,bularyň çeşmesi Hudaý bolany uçin Ol Özi ýaradan butin älem-jahana utgaşyklylyk we ajaýyplylygy bagyşlady,bu Hudaýyň ajaýyplygy we uýtgaşilkigini serpikdirýar.

Diymek,älem-jahan ajaýyp tertibe eýe bolany sebäbli Hudaý şonuň ýaly bolsun diyip aýdandir.Tertip diyeni her bir zadyň özüne has wezipe we başga bary zatlar bilen özüne has aragatnaşyga eýedigi hasaplanýar.

Tertip ýene derejeni bildirýar.Ýaradyýjy butin barlygyň Hökümdary bolup,Ol alem-jahany Öz Sözi arkaly dolandyrýar.Hudaýdan sonky dereje insana degişli bolup,oňa ýaradylan barlygyň üstinden ikkinji derejeli üstinlik berilen.

Şeýle eken,ajaýyplyk we laýyklygy Hudaý bellep berýar.Ol Özi we başga bary ýaradylan barlyk ortasynda nahilli aragatnaşyk boluşyny belläp göýan.Ysraýyl halky ajaýyplygy soňrak Hudaý olary Özünuň halas ediýji merehemetini aýan edip berenden soň aňlap etdi.

Ýaradylyş hekaýasy bolsa olara diňe Hudaýy ajaýyplyk çeşmesi ekeni we oňy bellap berişini ýatlatyp durýar.Şonuň bilen doganlar mowzugymyz öz sönüna ýetdi.Höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top