4:51

Hudaýyň söýgisi

MP3

Salam gadrdanlar! Size Hoşeýa paýgemberiň kitapyny okap çykmagy maslahat berýas.Okaň,şonda özünuziň aýnadaky suratynyza sereden ýaly , Hudaýy tä ýanynyzda duran ýaly ýakyndan bilip alýanyz. Ýaradyýjynyz hakda kopräk maglumada eýe bolup,esasan iň ajaýyp bir häsiýetine ykrar bolýnyz. Bu nahilli hasiýet eken diýanyzmy? Eger bizi bir näçe gezekdan bari diňlap gelýan bolsanyz,bolekleýin bu hasiýet näme ekenini aňlaýan bolsanyz gerek. Ýone diňlameýan bolsanyz onda häziriň özünde bu hakda ýagşylap bilip alýanyz.Hudaý Özi bilen Ysraýyl halky hakdaky hekaýasyny Höşeýa kitapynyň 11 bapynda şeýle başlaýar:«Ysraýyly ýaş wagtynda söýdüm,ony — oglumy Müsürden çagyrdym.Olar çagyryldygyça,Menden şonça uzaklaşdylar.Bagal butuna gurbanlyk berdiler,butlara ýakymly ysly tütetgi ýakdylar.

Efraýyma ýöremegi Men öwretdim,golumda göterdim olary.Meniň aladamy olar bilmediler.Olary ynsanperwerlik ýüpleri,söýgi baglary bilen Özüme çekdim. Boýunlaryndan boýuntyryklaryny galdyrdym.Eglip olara iýmit berdim.Olar Müsüre dolanarlar.Aşur olara patyşalyk eder.Çünki olar tobany terk etdiler.Galalarynda gylyç ýalawlanyp,derweze gözeneklerini gyrar,olary niýeti-pälleri sebäpli ýok eder.Menden dänmek pikiri halkymyň ýüregine kök urdy.Beýik Hudaýy çagyrsalar-da, olara hiç medet bermez.Eý, Efraýym, Men senden nädip el çekeýin?Seni nädip terk edeýin, eý, Ysraýyl?Adma galasynda bolanlary saňa nädip bereýin?Seboýym galasyna edenimi saňa-da edeýinmi?”

Bu söýgi size ýene nahillidir soýgini ýatlatýarmy? Howwa,eneniň soýgisini ýatlatýar.Ene perzenti näçe zalym,tabunsyz,gezegen we günakär boluşyna seretman oňy taşlap gidip bilýarmy?Ony ret edip bilýarmy? Beýtmek ene uçin oran azaply ekenini duýanyzmy? Hudaý uçin nahilli agyr bolan.Ňzi ýaradan halk,Özi saýlap seçip ullaltan halky Oňa garşy güna edýar.Elbettde Hudaý adalatly Hudaý.Ol günani jezasyz galdyrmaýar,ýone bu höküm Onuň uçin agyr bolýar.Şonuň uçin hem Ol şeýle diýar:”Kalbymda ýüregim gobsundy.Meniň mährim ýylady.Gyzgyn gazabymy başyňyza indermerin.Efraýymy ýaňadan weýran etmerin.

Çünki Men ynsan däl, Hudaýdyryn.

Siziň araňyzda Mukaddes Bolan.Men gazap bilen gelmerin.Reb arslan ýaly nagra çeker.Olar Rebbiň yzyna eýererler. Nagra çekende, Onuň çagalary günbatardan titreşip geler.Müsürden guş ýaly,Aşurdan gögerçin ýaly titreşip gelerler.Olary öýlerine eltip goýaryn».

Muny Reb aýdýandyr.Ysraýyla we Ýahuda garşy höküm çykar Efraýym ýalançylyk, Ysraýyl hile-mekirlik bilen daşymy gurşady.Ýahuda bolsa heniz Hudaý bilen ýöreýär.Mukaddes Bolana sadyk bolýar.” Bu bölegi okäp eneme bolan mährim ýenede güýçlendi.Hudaýy bolsa ýenede koprak soýdim.Hudaý şeýle bir sabrly,mähriban ekenini Dawud paýgember kitapynda ýazylanlaryndan bilerdim,ýone Hoşeýa kitapyny okäp,ýokardakylaryň nahilli hakykat ekenini ýag’yrak aňladym.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top