5:08

Hudaýyň gudraty

MP3

Salam gadrly doganlar.Isa Mesih döwründe Hudaý imanlylar arasynda nahilli işlan bolsa,bugun hem Onuň işleş suraty özgermedik.Ol entegem Öz perzentleriniň haýatynda işjen işleýar we olar dürli muzjyzalaryň şaýaty bolýarlar.Bugun size bir doganymyzyň haýatynda bolan wakany ünsinize ugrykdyrýas.Bu şaýatlyk arkaly siz Hudaý başda nahilli bolsa,bugun hem şeýle ekenine,hatta jynlar hem Hudaýyň Sözüni biljegine şaýat bolýanyz.Doganymyz şeýle diýar:Men Hudaýyň gudraty we merhemeti onünde baş egýan we hemişe Oňa öwgiler aýdýan.Meniň uýam kop ýyllardan bäri zalym ruhlar bilen göreşip gelýar.Ol bilen bille biz hem.Wagty-wagty bilen jynlar hüjüm edende uýam özüni bilman galýar.Emma Hudaýa şükür,ol Hudaýyň perzenti.Ol ýakynda bir heptde agyz beklep,ybadat etdi.

Sonky gezek onuň içindäki jynlar hüjüm edende aklyny ýitirmän,Hudaý bilen durup bilmegi uçin sorady.Soň bir gün ýanyma gelip:”Ejeke Hudaý maňa hüjüm wagty ýakynlaşyp galýanyny aýdýar.Sizi duýdurmaga geldim.Meniň ýanymda bolup duruň”diydi.Men oňa”Ýaşullyny çagyraýynmy”diyip soradym.Ol bolsa”Yok,Hudaý maňa gepladi,bu gezek saňa guýç bererin”diydi.Ol şeýdip duýduranyndan kop geçman,hüjüm başlandy.Şol wagtda hemmamiz:men,ogullarym,ýan ýoldaşym we inim uýmyň ýanynda durup onuň uçin ybadat edip turdyk. Onuň özi hem gýnanýanyna seretman kitap okäp,Hudaýa ýalbarmakdan togtamady.Şu wagtda onuň içinde ikki ruh göreşýady.Bir gezek Hudaýyň Ruhy uýam arkaly bize geplese,başga gezek zalym ruhlar azap içinde gygrýady.Gygyrmak bilen bille Hudaýyň Sözüni ýagşy biljeklerini hem görkezýardy.Men haýran galdym.

Şonda iblis Isa Mesihy synaga salan hakdaky aýat ýadyma düşdi:”Soňra iblis Isany Iýerusalime getirdi. Ony ybadathananyň çür depesine çykaryp: «Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, Özüňi şu ýerden aşak okla. Çünki şeýle ýazylgydyr:„Seni berk goramak üçin,Ol perişdelerine Sen babatda emr eder.Aýagyň daşa büdremez ýaly,olar Seni ellerinde göterer“» diýdi.Biz her gezek Isa Mesih ady bilen jynlary kowanymyzda uýamyň içinden jynlar bir birden dat-perýat salyp çykyp giderdi.Ahyrky bir jyňy kkowup ibermek kyn boldy.Ol oran kop ýyllardan bäri uýamyň içinde ýaşan bolsa gerek.Isa Mesih ady bilen kowanymyzda jyn”Nirä barýan”diyip gygrýady.Ol bilen uzak göreşdik.Inimyň ýagdaýy bolman ýykyldy.

Ýanymda ogullarymyň ikkisi hem Hudaýyň gudraty bilen bize goldaw bolup turdy.Uýam jynlar blen göreşýan eken,Hudaýyň Ruhy oňy doly eýeläp alanynda Hudaý ol arkaly bize geplýady.Ol kiçi oglum hakda hem gepledi.Onda Isa Mesih ady bilen jynlary kowup çykarmak peşgeşi bar eken.Ol çyndan hem kesgitlik bilen uýamyň ýanynda durup jynlar bilen sonünaçenli göreşdi.Bu waka maňada ogullarymada oraň uly tejribe we Hudaýa minnetdarlyk bildirmegimiz uçin uly sebäb boldy. Hudaýyň merhemeti we gudraty bilen uýamy şol zalym ruh penjesinden halas edeni uçin,Oňa çäksiz öwgiler we minnetdarlyk bildirdik”. Ine şeýle gadrly doganlar.Gadymky Äht kitaplaryny hemde Ynjyl kitapyny okýan ekeniniz,Hudaý her bir döwürde Özune baş egýanlary merhemetläni hakda ýazylan.Biziň diri Hudaýymyz bugün hem özgermedik.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top