4:00

Hudaý ýsufy beýiklendirmekçi

MP3

Hormatly radio dinleji moştaklar siz bilen men ynanýan Hudaý geljek hakynda
hemme zady bilýar. Eger bugun Hudaý adamlar bilen düýş arkaly geplemese
gelejek hakynda Ol bize nädip habar berýar? Ol bize Özüniň Sözi bolan
Mukaddes Kitab arkaly öwretýar. Geliň hormatly diňleji moştaklar size
ýakynda bolup geçen bir wakany geplep beraýin. Bir imanly dostymyz maşgalasy
bilen billelikde ybadat eden wagtynda Hudaý olara bir aýanlyk iberib olar
özleri ýaşap düran ýurtyndan çykyp gitmäkliklerini görkezýar.

Şonda maşgalanyň başlygy bu aýanlyk hakynda özünuň dostuna geplep berýar.Ol
kişi bolsa öz dostynyň Hudaý taarapdan alan aýanlygyna degişli şübhelenip
bolüşy mumkin däl diyip edil şol aýanlyk dogrüsynda menden sorady. Men şol
doganmyza şeýle diydim, Hudaý diri.Ol islän ynsan bilen Özi islänçe
gepleşýar.Ol diri bolandygy uçin hem bizlere gepleýar.Bunuň uçin bolsa
özümizi Hudaýyň ellerine ynanyp doly tapşyrmagymyz gerek. Geliň hormatly
diňleji biräz Ýusuf ýaşän döwurdäki Musurlileriň haýaty we Hudaýa bolan
ynançy hakynda gepleşaýliň.

Musuryň pätyşasy Faraon hakyký we diri Hudaýyi bilmesdi we Oňa sejde
etmýady.Müsurlikler güneş,aý we ýyldyzlara,haýwan we ýylan hemde Nil
derýasyna sejde edýadylar. Yone Hudaý şol ahlaksyz pätyşa we onuň
memleketinden peýdalanyp Öz maksatlaryny ämala aşyrmakny
meýileşdirendi.Hudaý hemme adamlary we halklarny dolandyrýar, eger olar
Oňy bilmese we Oňa sajde etmese hem.Ol Öz maksatlaryny amäla aşyrmak uçin
her haýsy adamy isläniçenli ulanmagy mumkin. Hudaý hemmeden beýik we
gudratlydyr.Ol hemme zadyň iň beýik hökümdarydyr.Hudaý hemme adamlaryň
Ýaradyýjysydyr.

Ol hemme zady beriýjisydyr we bize haýat berýan hem Şoldyr.Ol bizi ýaratdy
we kanun boýunça biz Oňa degişlidiris. Ol bizler bilen hälanyny etmägi
mumkin.Hudaý päk bolonlygy sebäpli Ol adamlar uçin edýan bary işleri
gowlykdyr.Hudaý öz halkyna merhemet getirmek uçin Müsur pätyşasynyň we
ysraýyl tussagyňyň haýatlary arkaly Öz işlerini amäla aşyrmakçydy. Ýusuf
bolsa entegem tussagdady.Yone Hudaý bu ýagdaýi nädip gowlyga öwrmägini
bilmese hem we özi tussagda bolsada Hudaýyň wadalary onuň haýaty uçin
dögrydygyna ynanýady.

Ýusuf bilen Faraon ortasyndaky aragatnaşyk şeýle başlanan. Faraon oňa öz
düýşy hakynda doly sözme-söz aýdyp berýar.Şonda Ýusuf Faraona: bu menden
däl,yone Hudaý Faraona oňat nuranalyk eden bolsa gerek diyip Hudaýyň
adyny Faraon onünde beýikledi. Hudaý etmekçi bolan işlerini Faraona
bildiriptir,-didi Ýusuf.Ýusuf Faraonyň düýşlaryny özi düşündirip
bilmesdi,yone olaryň manysyny Hudaý oňa berýanyna ynanýady. Hudaý Ýusufa
Faraonyň öz ýürdynda näme boluşuny bilmägi uçin duşlaryňyň manysyny oňa
beripti.Hudaý Özüne ynananlary hiç haçan uýatda galdyrmaýar. «Faraon öz
aýanlaryna:özünde Hudaýyň Ruhy bolan bunuň ýaly adamy tapyp bolýarmy»
didi. Şol günden başlap Ýusufni Hudaý beýiklentirdi

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top