3:29

Hudaý Sol

MP3

Salam hormatly radio dinleýji doganlar. Ýene radio tolkunlary arkaly siz bilen düşuşup duranymyzdan oran şat.Ezizler her bir milletiň özüne laýyklykda däp-dessurleri bolony ýaly,her hil dinlerde hem özüne görä kanun-kadalary bar ekeni.Kimdir şol kanun-kadalary – makullasa kimdir garşylyk edýar.Iň esasyýsy-ýüreginizdaki Hudaýdyr.

Meselen biz masihiýler,çörek döwülme däp-dessurini nahilli amala aşyrmagymyz gerek?Näme uçin masihiýler şol çörek döwme däp-dewssurini ikki muň ýyldan bari geçirip gelýarler?Aýrym doganlar edil şol çörek döwme däp-dessurini biziň memleketimizde şert däl diyip aýdýrlar.Başgalar bolsa çörek döwme däp-dessiri oran zerur däp-dessur,ýone name içýanyna bagly diyip düşundirýarlar.

Şonuň uçin hem kimdir çörek döwme däp-dessurinde çaý içip Rebbimizi ýatlasa,ýene kimdir sok içýar.Aýrym doganlarymyz bolsa koka-kola hem içýarlar.Biz kimdir dogry edýar,kimdir nädogry diyip aýdyp bilmeýas.In möhümy,Rebbimiz buýran emr amala aşýar. Kime danalyk we guýç gerek bolsa elbettde Hudaýdan soraýar diyip oýlaýas.

Başga ybadathanadaky doganlar uçin hem, — indiden bu ýana bir-birimizi aýplamas ýaly ybadat arkaly soraň.Şeýle däp-dessurleri geçirmek arkaly doganlarymyz bilen ýenede ruhyý ýakyn bolýas. Rebbimiz Isa Mesih ýer ýüzüne gaýtyp gelinçenli şol däp-dessuri geçirenimizde Onuň haçdaky ölimini ýatlaýas.

Şol bilen bille Hudaý bize görkezen mähribanlygyny ýatlap Oňa öz minnetdarlygymyzy bildirýas.Iň möhümy Rebbimiziň biz insanlar uçin döken ganyňy we uç günden soň gaýta direlenini ýatlaýas. Gepimizi Mukaddes Kitapda getirilen bir aýat bilen tassyklaýas.Bu aýat 1 Korintoslylara ýazylan hatyň 11 bap 26 aýatynda ýazylan:

“Çünki siz bu çöregi her gezek iýeniňizde, käseden her gezek içeniňizde, tä Özi gelýänçä, Rebbiň ölümini yglan edýänsiňiz.” Ezizler size mälim bolmagy gerek-çörek –bu Rebbimiziň biz günakär insanlar uçin gurban bolon bedeni,käsedäki içimlik bolsa biz uçin dökulen gan manysyndadyr.Şonuň uçin hem jemagat we ybadathanadaky geçirilýan däp-dessur möhüm diyip oýlaýas.

Kä wagtlarda täze imana gelen doganlar ýa-da entek Isa ynanman dostlarymyzda edil şol däp-dessur dogusynda aýrym soraglar peýda bolmagy mumkin. Çöpan ýa-da başga hyzmatçylar bunuň ýaly dostlarymyza indilikde olorda başgaça pikirler peýda bolmaslygy uçin dogry ýol görkezip bilýarlar diyip oýlaýas.Däp-dessuri geçirmesden oň çöpan täze gelen doganlarymyz uçin ýene bir gezek umumyý usulda düşundirip geçse ýenede ýagşyrak bolýar.Hormatly radio diňleýji doganlar,hemmenize sabr-tukat,maşgalanynza bolsa asudalyk dilek eden ýagdaýda siz bilen höşlaşýas.Höşsag-aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top