3:44

Hudaý sizi söýar

MP3

“Isa Mesihiň garaýyşlary sizde hem bolsun”(Filip 2:5)

Guninizi nahilli başladynyz?Hudaý sizden islän işlerini etdiňizmi?Indi
ýaşaýan biz däl Mesih eken.Oňa görä pikirlemegimiz gerakdalmi?Hudaýyň
söýgisi hakyndaky beýik hakykaty bir ikki agyz gep bilen gepleýiş kyn.Yone
şeýle bolsa hem synanyşyp gorýas.Hudaýyň bize bolan söýgisini aşakdaky
ikki gep bilen düşundirmegimiz mumkin:
“Hudaý nahilli bolsanyz şeýle söýar,yone şeýle galmagynyzy halamaýar,Ol
sizi Isa Mesihe menzep özgermaginizi isleýar”.
Hudaý sizi nahilli bolsanyz şeýleliginize söýar.Eger Hudaý meni güýçlirek
söýaninde imanym hem berk bolordy diyip oýlasanyz ýňlyşýaňyz. Eger Hudaýyň
mana bolan söýgisi çuňňurrak bolonda Ol hakda koprak bilime eýe bolordym
diyip oýlasanyz ýenede ýaňlyşýanyz.Hudaýyň söýgisi bilen ynsan söýgisini
çalşyryp ibermeň.Biz ynsanlaryň eden işine seredip söýars.Eger biz gowy
görýän adam biz uçin gowrak bir iş etse,oňa bolan söýgimiz hem artyýar.Yone
bize derekli ýaman iş etse oňa bolan söýgimiz azalýar.Hudaýyň bize bolan
söýgisi azalmaýar hem kopelmeýar hem.
Ol bizi çäksiz söýar bundan artygy bolmaýar.Aramyzda käbirler Hudaýa koprak
makul gelmek uçin güýçli hereket edýarlar.Bu bilen Hudaýyň söýgisine
gazanmakçy bolýarlar.Yone şony biliňler Hudaý bizi bireýýämden bari
söýar.Ol bizi koprak söýmagi uçin bir zat etmegimize hajat yok.Yone Oňa
makul bolýan işleri etsek Ony razy eden bolýas.Söhbetimiziň başynan Hudaý
bizi nahilli bolsak şeýleligimize söýar diyip bir näçe gezek
gaýtaladyk.Hudaý meni şol ýagdaýmda söýar ekeni diyip Onuň söýgisi we
sabyr-takatyny hyýanatçylyk etmesligi maslahat bererdim.Hudaý bizi
şeýleligimizçe söýse hem,şeýleligimizçe asman şälygyna girmagimizi
halamaýar.
-Ol bizi güna diyen batgadan arassalap janlandyryjy suwynda ýuwup altyn
ýaly taplap soň Asman şälygyna alyp girmagi maksat eden.Hudaý bizi
şeýleligimizde söýse hem Mesihe menzeş bolmagy tüýs ýürekden halamagymyz
we şoňa görä hereket etmegimiz gerek.Şöhbetimiz başynda aýdyp geçen aýaty
ýene bir gaýtalasak : “Isa Mesihiň garaýyşlary sizde hem bolsun”.Isa Mesih
kyn wagtda hem öz islegini däl Hudaýyň islegini birinji oruna goýan.Biz
hem Ona göra pikirleýan bolsak bedenimiziň ýa-da kone tebigatymyzyň
isleklerine seretmesden Hudaýyň eradasyna seretmegiz we oňy amala
aşyrmagymyz gerek.Hudaý sizi hemmeden hatta özünizden hem gowrak bilýar. Ol
sizi şeýleliginizçe söýar,yone häzir haýatynyzda duşuşýan kynçylyklar sizi
Mesihe menzeş etmek uçin. Bu kynçylyklardan tapdan düşmeň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top