4:38

Hudaý meni bagyşlaýamy?

MP3

Salam gadrly doganlar,Hudaýyň bardygyna we Oňuň direltmek we halas etmek gudratyna ynanýanlar töweregimizde kopdigi uçin Hudaýa şükür.Ýone başga bir adamlar bar,olar özüni oran agyr günakär hasaplap “Hudaý meniň bu günami bagyşlamaýar”.”Palançyny bagyşlamagy mumkin,çunki ol men ýaly agyr günä etmedik.Emma meni bagyşlamaýar”diyip oýlaýan adamlar hem bar.Bunuň ýalylaryň “Hudaý meni bagyşlap bilýamy?”diyen soragyna jogabyny eşidiň.Howwa.Hudaý sizi bagyşlap bilýar we bagyşlaýar hem,ýone bir şert bilen,Siz Isa Mesihy günaleriniz uçin haçda ölenine ynanmagynyz we Oňa iman getirmeginiz gerek.Ony iman bilen Halasgärim diyip kabul eden wagtynyzda Ol sizi halas edýar- bar ýogy ine şu.Hudaýa Höşhabary kynlaşdyrmagyň näme geregi bar? Käbir imanlylar 10-12 ýaşynda Höşhabar eşidýarlar we bu hakykaty kabul edýarler.

Bunuň ýaly ýaşda höşhabar hakda beýle kop bilmeseler hem,halas bolanlar.Bunuň ýaly ýaşda olar esasan nämeleri bilenlerini aýdaýnmy?Olar günakär ekenini,Isa Mesih olaryň günaleri uçin haçda olenini we eger Ondan günaleri bagyşlanmagyny sorasalar,Ol bunuň ýaly adamlary bagyşlaýyşyny we galan haýatlaryny Ol dolandyrjagyny bilerdiler. Diňe şu.Eger Hudaý siziň günaňizden geçmegini isleseniz siz bilmeginiz gerek bolan zatlar hem ine şu.Siz bar-ýogy Oňa we Onuň aýdanlaryna ynansanyz,Ol sizi nirede we kim boluşynyza seretman özgertýar.Hudaýyň islegi sizi halas etmek we sizi ösdürmek.Onuň bu islegi Mukaddes Kitapda anyk beýan edilen.

Aşakdaky,Ol bizi halas edeni we biz diňe Oňa ýüz tutmagymyz gerekdigi hakdaky aýatlara seretseniz,hiç kim “Menden başga”diyip aýdyp bilmeýar we Mukaddes Kitapdan şonuň ýaly ekeniniň subutyny tapyp bilmeýar.

Siz”Men kadadan çykma,Hudaý meni halas edip bilmeýar”diyeninizde,näme diymekçi bolýanynyzy bilýanyzmy? “Hudaý adamlary halas edýar,ýone meni däl.” Bu nämedigini bilýanyzmy?Bu tekepbirligiň iň uly görünişi.Men haýatda başgalardan hem başgaça.Men şeýle bir günakär,şeýle bir ýamandirin Hudaý meni söýip bilmeýar.Ýok,siz başgalardan hiç hilli tapowut edmýanyz.Size bir sorag bersem.Başga günalerden hem uly we iň ýaman günaa näme? Insaňy halas bolmagyna böwet bolýan bir günä barmy? Isa Mesihe ynanmazlyk günasi insaňy halas bolmagyna böwet bolýar.Biz hemmamiz Mesihiýlerdiris,ýone kämil däldiris.Kimdir :”Men size goşulmakçy,çunki kämil haýat geçirip bilmeýan”diýar.Kopçilige goşuluň.Hiç birimiz kämil däldiris.

Aramyzda bir gezek bolsada Hudaýyň onüne gelip,” Hudaýym men barysyny ýykyp –ýumurdym.Meni bagyşlamagyny soraýan,diyip aýtmanymdady,ýada şu işi etmanimdedi,ona şeýle seretmanimdedi” diyip aýtmadyk adam tapylmasa gerek. Onda Onuň onüne günalewrimize ykrar bolup gelenimizde näme bolýar? 1 Ýohanna 2 bapyny okanmysynyz?Onda Hudaý bize :” Eziz balalarym! Men size şulary günä etmezligiňiz üçin ýazýaryn. Emma kimdir biri günä etse, Atanyň huzurynda aklawçymyz IsaMesih bar, Ol adyldyr. “diyip aýdan. Ýene şeýle aýat bar,:” Emma günälerimizi boýun alsak, sadyk hem adalatly Hudaý günälerimizi bagyşlar we bizi her hili ýamanlykdan tämizlär. “ Gördünizmi Hudaýyň söýgisi sizdäki her hilli günani parçalap taşlaýar we Isa Mesihyň haçda döken gany arkaly aklanmaga mumkinçilik berýar.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top