“Maňa kuwwat berýän Isa Mesih arkaly ähli zady başarýaryn.”(Filip 4:13)
Salam gadrly diňleýji.Bugun siziň unsinize ugryktyrýan şaýatlygymyzy özüm eşidenimde ýokardaky aýat haýyalyma geldi”Bu şaýatlyk şu günlerde siz bilen biziň aramyzda bolup geçen wakadir.Oňy men bir maşgalanyň başy,bir nepis,kanagatly aýalyň ýan ýoldaşy we mähriban ata bolan bir kişiniň agzyndan eşitdim. Oňa duşuşanymda ol oran gaýgyly,ýone gözlerinde asudalyk bardy.Ondan ýagdaý soradym,ol haýatynda bolup geçen wakany geplep berdi.
Ol şeýle diydi:” Men uçin Hudaý ýaradan aýala oran giç duş geldim.Oňy tapanymda Hudaý ýüregime,-Sen uçin ýaradanym ine şol.diyipti.Men hiç ýaýdanman oňa öýlendim.Hudaý takdyrymyza perzentler ýazman ekeni.Buny şükur edip kabul etdik we çagalar öýinden ikki perzent saklap aldyk.Aýalym oran kanagatly,mähriban we ýüregi minnetdarlyga doly insandy.Olary sklap alanymyzdan soň bir güni aýalymda kükreginde rak keseligi bardygyny bilip galdyk.Bu biz uçin oran gaty urgy boldy.Hiç hem bunuň ýaly bolüşüna garaşmandyk.Bu elhenç täzeligi eşidenimizden soň hem gulaklarymyza ynanasymyz gelmezdi.Gaýta-gaýta barlatdyk.
Gýnansakda diagnoz dogry bolup çykdy.Buny hem kabul edip Hudaýdan şypa soradyk.Şol bilen bille şypakarlara baryp,dawasyny gözledik.tiz arada aýalymyň kükregini alyp taşladylar.Ine indi aladalarymyz geçdi diyip göwnümiz hätirjem boldy.Aýalym özüni hem ýatdan çykaryp perzentlerimize alada etmegi dowam etdi.Haýat teşwişleri bilen ýene ikki ýyly geçirdik.Ýone kükrek rak keseliniň zeleleri butinleý ýitip gitman ekeni bu dert aýalymyň bedeniň başga ýerlerine hem ýaýrap giden eken.Ýene doktora bardyk,ýone indi peýdasy ýokdy.Şeýle bolsada “Umutsyz şeýtan” diyip bejertmegi dowam etdik. Aýalym tiz-tiz himiýa aldy.Gýnansakda buda peýda bermedi.
Ol bir näçe heptde oň meni terk etip Atamyzyň onüne gitdi.Aýalym hakda oýlasam onuň nahilli guýçli insan bolanyny ýatlaýan.Onuň bagtly günleri hem boldy. Diňe her bir aýal alýan bagtnyň ýarysyny aldy.Men ol bilen,ol bolsa men bilen bagtlydyk.Ol bagtyny giç tapdy.Hudaý oňa hakykyý enelik bagtyny bermedi.Biz perzent gorup bilmedik.Bu dünýada oran kem ömür gordi.Ýone tuýs ýürekden Hudaýa ynanyp Oňa minetddarlyk getirip kiçigöwünlik tabunlyk bilen ýaşady.Ömrüniň soňky aýlarynda ol dertden azap çekdi/Şondada Hudaýa ýazgarmady.Oňy aýplamady.Agrylar maňlaýyma ýazylan bolsa olary kabul edýan diýip minetdarlyk bilen azap çekdi.Onuň haýaty meniň Hudaýa bolan ynançymy,düşünjemi ýenede berkleşdirdi.Ol Rebbimiz Isa Mesihyň gudraty bilen,azaplara doz geldi.”