Salam ezizler.Ýer ýüzindäki gysga işi dowamynda Isa Mesih Öz galbyny butin insaniýete bagyşlandy.Butin insaniýete halas bolmak Hoşhabaryny paýlaşmak wezipesini Ol on ikki şägirdine ýüklepti.Gögä göterilmezden oň Isa olara Beýik Emrini berýar.” …. gidiň-de, ähli milletleri şägirt ediň..”deýilen bu emr Matta Hoşhabarynyň 28 bap 19 aýatynda ýazylan. Resul Pawlus çadyr tikmek arkaly öz çöregini tapardy.Eger Pawlusdan çadyr satyn almak mumkinçiligine eýe bolanynyzdady,ýokary hil önüm satyn alan bolardynyz.Pawlusyň özi şeýle nasihat edendi:” Näme etseňiz, ynsanlar üçin däl-de, Reb üçin edýän ýaly, çyn ýürekden ýerine ýetiriň. “(Kolosiýalylara 3:23).Ýone Pawlus Rim imperiýasynda çadyr öndürýan iň uly fabrika açmagy özüne maksat edip goýmandy.Ol öz haýatyny adamlara bagyşlapty.
Aşakdaky aýat meni kop ruhlandyrýar:” Öz halkydyr Rebbiň paýy,
öz paýy üçin Ýakuby miras aldy Ol.”(Kanun taglymady 32:9).Adamlar miraa eýe bolmagy uçin,ene-atasynyň ýada garyndaşynyň ölümine garaşyp ýörýärler. Hudaý bolsa islän zadyny özüne paý ýada miras edip almagy mumkindi.Eger Ol islän zat bar bolmasa,Ol şu zady bir agyz gep bilen ýaratmagy mumkindi.Ahrym:” Ýaradyldy gökler Reb sözi bilen,
bar asman jisimleri — agzynyň nepesi bilen.”Zebur 32:6. Ýone Hudaý Özi uçin zat ýada önüm däl,adamlary paý edip aldy!Ol Öz halkyny nesibesi etdi!
Howwa,Hudaý adamlary Özüne paý edip aldy,olary Özüne miras edip saýlady.Şony ýadynyzda tutan ýagdaýda Işaýa 43:4 okap,pikr ediň:” Nazarymda eziz, gadyrly bolup,
seni söýýändigim üçin,seniň öweziňe adamlar,halklar bererin janyňyň deregine.” Hudaý bu gepleri Ysraýyl halkyna aýdan,Ysraýylyň halas bolmagy öwezine başga halklary töleg ornünda bermagi wada eden.Emma bu gepler bize hem degişli.Hudaý biz arkaly başga adamyň janyny halas etmekçi.Hudaý bizi öz maksaty ýolunda işletýar ekeni,bizi hem Öz mirasyna laýyk edýar.Ol bizi hem Öz halky hataryna goşýar. Isa : “Meniň yzyma düşüň, Men sizi ynsan tutýan balykçylar edeýin» diyipti
Käbir adamlar öz haýatyny baýlyk,pul we dünýä tapmaga bagyş edýärler.Ýone bularyň barysy ähyretde ýanyp kul bolýar.Muny Hudaýyň Özi aýdan.Şeýle bolsa-da Hudaý bizi mundan hem ýokary baýlyga,ýagny Öz nesibesine şärik etmekçi.Ol bize insan tutýan awçy bolmak ýaly ýokary wezipeni ýükleýär.Bu iň ýokary şohratdir we muny biz haýatymyz uçin maksat etmegimiz mumkin.Geliň,öz haýatymyzy adamlara bagyşlaýliň!Nadip haýatymyzy adamlara bagyş etmegimiz mumkin? Pawlus bu hakda şeýle ýazan: “Şoňa görä-de, biz diňe Hudaýyň Hoş Habaryny däl, eýsem ýüregimiziň töründen orun bermäge-de taýyndyk, sebäbi siz biziň üçin şeýle eziz bolduňyz! “(1 Saloniklere 2:8).Bu diyeni,adamlaryň haýatynda gatnaşmagymyz gerek.Olaryň gaýgylaryna we şatlyklaryna şärik bolmagymyz gerek.Pawlus Salonika şäherine baranynda ol ýerdäki jemagata wagyz etmek bilen çäklenip galmandy.Ol şol adamlara öz ýüreginden ýer berip,olaryn gadyryny bilendi,ozüne ýakyn alandy.