4:09

Haýat netijesi

MP3

«…Özüme tabşyran işiňi berjaý etmek bilen Men Seni ýer ýüzünde şöhratlandyrdym. Eý, Atam, dünýä ýaradylmazdan öňem Meniň Seniň huzuryňda şöhratym bardy. Indi şol şöhrat bilen Meni ýene-de Öz huzuryňda şöhratlandyr.

Dünýäden Özüme beren adamlaryňa Seniň adyňy aýan etdim. Olar Seniňkidir we Sen olary Maňa berdiň, olar Seniň sözüňi berjaý etdiler. Indi olar Maňa beren ähli zadyňyň Sendendigini bilýärler. Çünki Maňa aýdan sözleriňi Men olara ýetirdim. Olar sözleriňi kabul edip, Meniň, hakykatdan-da, Senden gelendigimi bildiler. Meni Seniň iberendigiňe iman etdiler. Olar üçin Saňa ýalbarýaryn. Dünýä üçin däl-de, Maňa beren adamlaryň üçin ýalbarýaryn, çünki olar Seniňkidir.

Meniň ähli zadym Seniňkidir, Seniňki-de Meniňkidir, Men olar arkaly şöhratlandym. “(Ýohanna 17 bap).Salam ezizler,ybadat mowzugyna bagyşlanan programamyza höş geldiniz.Göz onümize getiraýliň,egerde siz ertir öljeginizi bilip galdynyz?Ýaşap geçen haýatynyza derekli nahilli netije çykaran bolardynyz?Eden netijenizde çuňňur we ebediý manyny duýan bolormydynyz?Ýokardaky aýaty okýan ekenik,Rebbimiz Isa şol gijede edil şonuň ýaly çuňňur we ebediý dügulary başynan geçirenini düýmak mumkin.Rebbimiz Isa şol aýatlary aýdýan eken,ölümi ýakyn ekenini bilendi.Çunki,Onuň ölümi we mukaddes ganynyň dökülmagi ýüz ýyllar dowamynda, kop paýgemberler arkaly welilik edilendi.Şonda hem,ol Hudaýa ybadat edip,şägirdleri uçin Hudaýda ýalbardy.

Ýohanna höşhabarynda hezratymyz Isanyň ybadatyny okýan ekenik,Ol ýetişýan netijelerinden buýsananyny we Hudaýyň maksatyny amala aşyrýanyndan höşaldygyny görmek mumkin.Onuň şägirdlerine eden wagzyndan soň aýdan ybadaty,Onuň 33 ýyl ýerde ýaşap geçen haýatynyň netijesine menzýardy.Öttüz ýyl ejesiniň öýinde agaç ussasy bolup,galan üç ýylyny bolsa Hudaýyň hyzmatynda geçirdi.Şol soňky üç ýylda ol kop işi berjaý edip bildi.Ýahudiýa we Jelilanyň dagly ýollarynda ýöräp Ol wagz etdi,adamlara şypa berdi,göwnüni göterdi,Oňa eýerenlere ýardam berdi we ahyry kop täsinlikler görkezip,adamlara umut bagyş etdi.Çyndan hem,Rebbimiziň ybadatyny okaýan ekenik,”Sen Maňa tapşyran wezipeni berjaý etmek bilen Men Seni ýer ýüzünde şöhratlandyrdym”diyen sözlerini okäp haýran galýaň.Çyndan hem Rebbimiz Isa Atasynyň tabşyran işini ýokary derejede berjaý edip gelýady.Şol ybadaty,hezraty Isa haçdaky ölüminden oň aýdan bolsa hem,Ol Hudaýyň beýik halas etmek maksatyny amala aşyrmagy we haçda jan bermagini hem oran gowy bilýady.Ol nire gidýanyny,ýakyn arada nämeler garaşýanyny,nahilli netije boluşyny,deregi hemme zady onünden bilendi.Şonuň uçin Ol aýnyksa şägirdleri imanda berk durmaklary uçin hemişe ybadat edip gelen.Hezraty Isa ylahyý tebigada we ullakan gudrata eýe boluşyna seretman,hemişe ybadat edip gelen.Beýle bolsa biz ondan hem koprak ybadata mätäçdiris.Ybadat etmekde hiç togtamaň.Ezizler egerde sizde ybadat mätäçligi bolsa biziň elektron saýtymyzdan peýdalanyp bize habar ýollaň.Biz siz uçin ybadat edýas.Adlarynyz efire berilmeýar.Rebbimiziň merhemeti barynyza ýar bolsun ezizler.Höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top