Salam hormatly doganlar,siz ezizler bilen ýenede duşuşup duranymyzdan oran begýanýaris.Ezizler,bu dunýada “Kim hak?”diyen soraga siz bilen billelikde bugun jogap tapmaga hereket edýas.Ezizler,biz siz bilen häziraçenli öwrenen hakykatlar,masihiýligiň esasy hasaplanýar.Ol başga taglymatlaryň hakykyýlygyny ölçeýan ölçeg we çägidir,diyip aýtnmagymyz mumkin.Şonuň ýaly bolsada ezizler,häzir möhüm bir soraga jogap berip geçmagimiz zerur.
Ezizler,siz bu möhüm hakykatlara nahilli seredýanyz?Eger insan özünuň günakardigini aňlap ýetse bagyşlanmagy uçin we Gökde Hudaý bilen bille bolmagy uçin haçda azap çekip ölen we dirilen Hudaýyň Ogly Isa Mesihe ynansa,insan dogry ýol tutan bolýarmy?
Menim pikrimçe Howwa! Haçandir insan özünuň günakärdigine ykrar bolup,häk Hudaýydan bagyşlamagyny sorasa-bu dogry ýoldir.Bu hali Isa Mesihy öz Halasgäri diyip boýun almadyk her bir insan uçin oran möhüm soragdir.Her bir mesihyýňyň wezipesi,hali imana gelmedik her bir insana şu hakykatlary duşundirip bermekden ybarat.
Ezizler,eger her birimiz şu hakykatlary ýagşy aňlap ýetsek,bu dunýada kim häk diyip aýdylan soraglara hiç ýaýdanman jogap berip bilerdik.Ezizler,her bir şoňa menzeş soraglara Mukaddes Kitapyň esasyý hakykatlary bilen jogap bermagi öwrenmagimiz gerek.
Çunki Mukaddes Kitapda diňe we diňe bar hakykat ýazyp goýilandir.Eger biz okap öwrenýan Mukaddes Kitap hakykatlaryna haýsy bir ygtykadynyň hakykatlary dogry gelmese,ol Hudaýyň halas bolmak ýoluny öwrenmeýanyny nygtap geplamagimiz gerek.
Her bir özüni “men häk” diyip bilýan,kop dinler arasynda ažaşyp galmak hiç gep däl.Şonuň uçin hem özümiz nämeni öwrenýanymyzy ýagşy bilip almagymyz gerek.Ezizler,Rebbimiz Isa Mesihyň Höşhabaryny başgalara geplap bermekden utanmaň.
Rimlilere hatynyň 1 bap 16 aýatynda :” Men bu Hoş Habary wagyz etmekden utanmaýaryn, sebäbi ol Hudaýyň güýjüdir. Hudaý bu Hoş Habar arkaly her bir iman edeni: ilki bilen ýahudylary, soňra ýahudy dälleri halas edýär. “diyip ýazylan.
Bu halas bolmak uçin alyp barýan ýoldir.Ezizler başga ygtykada ynanýanlar uçin hemişe ybadat edinler we mumkinçilik bolan wagtda olara bar hakykatyny geplamage hemişe taýar boluň.Ýohanna hatynyň 14 bap 6 aýatynda şeýle aýat bar:
«Ýol, hakykat we ýaşaýyş Mendirin, Mensiz hiç kim Atanyň ýanyna baryp bilmez. Eziz doganlar siz bilen höşlaş’ýan ekenim size biziň internet saýtymyzy ýatlatyp geçýan.Höş sag aman boluň.