Salam ezizler.Gadym zamanda guldarçylyk oran möwç alan.Bize bu zat häzir adalatsyzlyk ýaly düýulsada,şol zaman adamlary uçin bu biz hazir maşyna eýe bolanymyz ýaly addyý ýagdaý bolan.Güllar eýeleriniň agyr işlerini ýenilleşdiren.Olor hiç hilli hukuka,erkinlige,özbäşdak pikre we haýata eýe bolmanlar.Olor diňe hojaýyny näme diyse şony bewrjaý eden.Käbir döwürlerde hatta bir maşgaladaky gullary eýeleri başga-başga adamlara satyp iberenler.Olor hatta maşgalasy bilen bir bolup ýaşamaga,bir hojaýyna hyzmat etmaga hem hakly bolmanlar.Çagalaryny başga bir baý adama,ene-atalaryny başga-başga baýlara satyp iberenler.Gysgaça maşgalaly gullar biri-birinden uzakda ýaşamaga mejbur bolanlar.Bugunki günde gullyk butinleý ýok edilen.
Häzir kim uçindir hyzmat edýan güllary gormýanyz.Hemme erkin we azat.Çyndan hem şeýlemi?Biz şonuň ýaly diyip oýlaýas.Däşdan seredende şeýle görünýar.Aslynda bolsa kopçiligimiz entegem güldyrys.Geplerime göşülmaýanyzmy?Onda Mukaddes Kitapdan bir bölek okup berýan:” Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat-da sizi azat eder» diýdi. Olar Isadan «Biz Ybraýymyň neslidiris, hiç wagt hiç kime gul bolan däldiris. Onsoň nädip Sen bize azat bolarsyňyz diýip bilýärsiň?» diýdiler. Isa olara şeýle jogap berdi: «Men size dogrusyny aýdýaryn, günä edýän kişi günäniň guludyr. “(Ýohanna 8:32-34).Ine endi gep näme hakda gidýanyny bilib alansynyz?Çyndan hem güna bu güllyk diyeni.Goşma Ştatlar prezidenti bolan Abraham Linkoln güllyk siýasatyny ýok edeninden soň hem kopçilik güllykda ýaşamagy dowam etirewerdiler.
Çunki olor azatlygyň näme ekenini bilmeýadylar.Käbirleri güllykda ýaşamaga owrenip galan,azat bolup näme etmegini göz onüne getirip bilmesdi.Şonuň uçin hem güllyk gutaranyna seretman,käbir ýer eýeleri güllaryny mejburiý tutyp duran bolsalar,käbir güllar bolsa öz erk-islegi bilen güllyk etmagi dowam ettirdiler. Tä şonuň ýaly Mesihyň gany bizi güna güllygyndan azat eden bolsa-da günaniň güly bolmakda dowam edýas.Mukaddes Kitap güna hakynda bizi duýdyrýar:” Ol her hili ýamanlyklar bilen heläkçilik ýoluna düşenleri aldawa salar. Çünki olar hakykaty söýmegi we şol arkaly halas bolmagy ret etdiler. “(2 Salonik.2:10).Halas bolmak-bu diniý däp-dessur däl.Ol haýatymyzy heläk edýan zatlardan azat bolmak tejribesi.Isa Mesih “Öz halkyny günaden halas etmek”uçin gelen.
Azatlyk bolsa günaden we onuň netijelerinden azat bolmak hakykatyny bilmek diyenidir.Eger siz gorkynyň güly bolsanyz,çendenaşa ätiýaçly bolýanyz.Iň kiçi zat hem sizi höwsala salýar.Ýüreginiz hiç haçan dynçlyk bilmeýar.Hemişe gorky içinde ýaşaýanyz.Eger siz işdäniň güly bolsanyz,birinji oründa garnynyzy oýlýanyz.Siz ony däl,ol sizi dolandyrýar.Eger azat bolmagy tuýus ýürekden islemeseniz,hakykat sizi edişini bilip dürup ony ret etseniz,Hudaý sizi ine şol ýagdaýda galdyrmaga mejbur.Ýone eger günaden,ýalandan azat bolmagy isleseniz,her gezek günanizi Hudaýyň onunde boýun alanynyzda,haýatynyzy dolandyryp duran güna hökümranlygyny çym-pytrak eden bolýanyz.Haýatynyzdaky güllykny Hudaýyň hakykaty bilen ýok ediň.Hemde biziň elektron saýtymyz arkaly öz pikrlerinizi mälim ediň