4:37

Gowy esger bol

MP3

Salam gadrdan diňleýjiler. Bu dünýada kime hyzmat etmegi anyklap almak oran
möhüm.Eger öz haýyrynyza we bu dünýanyň hökümdary iblise hyzmat etseniz
haýatynyz näçe ýagşylygyna seretman nädogry ýoldasynyz. Kopçilik bu
dünýadaky haýatymyz synag uçin berilen diyerler.Belki olaryň geplerinde jan
bardyr.Bu dunýada nahilli ýaşanymyz biziň takdyrymyzy çözmýar.Şeýlelikde
ahyretdä nire borýars.Hudaýyň onunemi ýa-da dowzahamy?Häzirki kişileriň
köpçiligi ahyret we direlme gunine ynanmýarlar.Yone bugun bu haýatymyzda
özümuzi Ýradywjymyz Hudaýyň eline tapşyrmagymyz Onuň öwüt-nesihatlary
esasynda ýaşaýyşymyz bize bereketli haýat alyp gelýar.

Resullerden Pawlus öz şagirdi Timotiusa aýdanlary biz uçin hem oraň gowy
maslahat bolýar.Geliň ol şagirdine näme diýenini eşidýas: “Eý, oglum,
IsaMesihiň berýän merhemeti bilen kuwwatlan. Köp şaýatlaryň ýanynda menden
eşiden sözleriňi beýlekilere-de öwredip biljek ygtybarly adamlara tabşyr.
Isa Mesihiň hakyky esgeri bolup, biziň iman ugrunda görýän görgülerimize
şärik bol. Harby gullukdaky esger gündelik durmuşa degişli işlere ulaşýan
däldir. Ol öz serkerdesiniň göwnünden turmak isleýändir. Şunuň ýaly, ýaryşa
gatnaşýan pälwan hem ýaryşyň şertlerini berjaý etmese, baýrak almaz.
Janypkeş daýhan hem öz hasyl paýyny ilkinji bolup almalydyr. Şu aýdýanlarym
barada oýlan. Bularyň baryna düşüneriň ýaly, Rebbiň Özi saňa düşünje
berer.”

“Dawudyň neslinden bolan we ölümden direlen Isa Mesihi unutma. Bu meniň
wagyz edýän Hoş Habarymdyr. Men Hoş Habaryň ugrunda görgi baryny görüp,
jenaýatçy kimin tussag edildim. Emma Hudaýyň Hoş Habaryny tussag edip
bolýan däldir! Ine, hut şu sebäpden, saýlananlar hem baky şöhrat bilen
birlikde Isa Mesih arkaly halas bolar ýaly, olaryň hatyrasyna ähli zada döz
gelýärin. Ine, şu sözler örän dogry aýdylan sözlerdir: Onuň bilen bile biz
ölen bolsak, Onuň bilen bile ýaşajakdyrys. Görgülere çydaýan bolsak, Onuň
bilen bile şalyk süreris. Eger Ony ret etsek, Ol hem bizi ret eder. Emma
biz Oňa sadyk galmasak-da, Ol bize sadykdyr, sebäbi Ol Özüni ret edip
bilmeýär.”(2Timotius 2:1-13).Hudaýyň gowy esgeri bolmak uçin,kişi dinywsyz
ýaşaýyş aladalary hakynda gaýgyrman Hudaýy razy etmek hakynda oýlamagy
gerek.Mukaddes Kitapda bu hakda şeýle diylen: “Şonuň üçin näme iýip-içeris,
näme geýeris diýip alada etmäň. …… gökdäki Ataňyz bularyň ählisiniň
size gerekdigini bilýär. Siz bolsa öňürti Hudaýyň Şalygyny we Onuň
dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler.
“(Matta 6:31-33).Bu haýtda Hudaýyň ýagşy esgeri bolmaga karar eden
kişiler,her guni duşüşmagy mumkin bolan biderek bäsdeşliklerden gaçmak
gerek. Akmaklyk we nadanlyk bäsdeşlikler diňe jenjele sebäp bolýar. Hudaýyň
gowy esgeri bolsa jenjelkeş bolmaslygy gerek. Tersine ol hemme bilen
mylaýym, öwretmaga taýyn, sabr-tukatly bolmagy gerek.Ine şonda Hudaýyň iň
ýagşy esgeri bolup biler we bu dünýada eden işleri uçin sylaglanýar. Siz
bilmegi islan maglumatlaryňyz biziň saýtymyzda.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top