Salam ezizler. Bugun Mukaddes Kitapda ady dile alynan Gehazy hakynda
söhbetleşýas.Bu adamyň häsiýetlerini öz ara gurruň edip görýas.Çunki onuň
haýaty bize ançeme zatlary öwretmagi mumkin.Geýzahy nahilli paýgember ekeni
diyip pikir edýansynyz?Geýzahy adyý bir hyzmatkär.Ol Elýaşa paýgembere
hyzmat eden.Indi gep kim hakynda gidýanyny aňladyňyz. Elýaşa Ylýasdan
paýgemberlik ruhyndan ikki esse koprak alyp galandan son Ýahudiýada
paýgemberlik edip başlady.
Aslynda Ylýasyň asmana alynmagy wagtyndaky aragatnaşyklary hakynda
gepleýişi ýaratýan.Ýone bu butinleý başga mowzuk.Gadymda paýgemberler hem
hyzmatkär tütanlar.Bu zat adaty ýagdaýy hasaplanan.Hatta käbir
hyzmatkärleriň hem hyzmatkärleri bolan.Gyzyk –a!
Mukaddes KitapdaElýaşa Geýhazany haçan özune hyzmatkär edip alany
ýazylman.Ýone Elýaşa nire barmasyn kim bilen düşuşmasyn Geýhaza hemişe
onuň ýanynda bolan. Elýaşanyň keramatlaryny öz gözleri bilen gören.Diymek
Geýhazy Elýaşanyň galby nahillidigini başgalardan görä koprak bilen bolmagy
gerek,çunki ol Elýaşa bilen başgalardan görä koprak gepleşen.Hudaýyň
adamyna ýakyn bolan adam,ondan kop zady öwrenip hem Hudaýa ýakyn bolmagy
gerek dälmi?Bizde bir nakl bar;”Gazana ýakyn ýöreseň garasy
ýapyşýar”.Elbettde bu nakl häzirki ýagdaýa önça dögry gelmese hem , Elýaşa
ýakyn ýöreni uçin Hudaý Elýaşa, we halkyň arasynda geçýan ýagdaýlary
ýagşyrak gören bolmagy gerek.Şonun ýaly adam Hudaý hakynda koprak bilmagi
ýa-da sähel-çe, paýgember bolmagy gerek dälmi?
Gýnansakda beýle bolman. Elýaşa Siriýa patyşasynyň Nagaman atly bir
serkerdesini şypalady. Nagaman oňa minnetdar bolup peşgeşler bermekçi
boldy.Nagaman Elýaşa peşgeşi al diýip näçe ýalbarsa-da, ol almakdan boýun
gaçyrdy. Nagaman peşgeşlerini gaýtaryp alyp gitmägä mejbur boldy.Bilýanyzmy
su sowgatlar,baýlyklar Geýhaza dynçlyk bermedi.Mukaddes Kitapda şeýle
ýazylan:
“Hudaýyň adamy Elýaşanyň hyzmatkäri Geýhazy: «Meniň jenabym bu siriýaly
Nagamana rehim edip, onuň özüne getiren peşgeşini kabul etmedi. Rebden ant
içýärin, men onuň yzyndan ylgap gidip, ondan bir zatlar alaýyn» diýen
pikire geldi. Şeýdip, Geýhazy Nagamanyň yzyndan gitdi. Nagaman kimdir
biriniň yzyndan ylgap gelýänini görüp, ony garşylamak üçin arabadan böküp
düşdi-de: «Eýgilikmidir?» diýip sorady. Geýhazy şeýle jogap berdi:
«Eýgilikdir. Meniň jenabym: „Efraýym daglyk ýurdundan pygamberler
toparyndan iki sanysy edil şu wagt meniň ýanyma geldi. Şolara gaýrat edip
bir ýarym batman töweregi kümüş bilen iki laý eşik beräý“ diýip, meni
seniň ýanyňa iberdi». Nagaman: «Üç batmandan artyk edip alaý» diýip,
Geýhaza öz diýenini etdirdi. Nagaman üç batmandan gowrak kümşi iki halta
salyp, haltanyň agzyny daňdy. Ol olary iki laý eşigi bilen öz iki
hyzmatkäriniň eline tutdurdy. Nagamanyň hyzmatkärleri bu haltalary göterip,
Geýhazynyň öňünden ýöräp gitdiler. Olar gala ýetenlerinde, Geýhazy
haltalary Nagamanyň hyzmatkärleriniň elinden alyp, öýde gizledi. Geýhazy
hyzmatkärler bilen hoşlaşyp, olary yzlaryna ugratdy.”
Geýhazy jenabyna ýaramaslygy ,ýagşy iş etmeýandygyny gowy bilýady,şoňa
seretman baýlygy öýinde gizlepti. Elýaşanyň ondan: «Geýhazy, sen nirede
bolduň?» diýen soragyna. Geýhazy hem: «Guluň hiç ýere-de gitmedi» diýip
jogap berdi. Emma Elýaşa onuň näme iş edenini bilýady. Şonuň üçin hem oňy
lagnatlap “ Nagamanyň deri keseli senden we seniň nesliňden hiç haçan
aýrylmasyn» diýdi. Şeýdip, Geýhazy gar ýaly duw-ak deri keseli bilen
Elýaşanyň ýanyndan çykyp gaýtdy.