3:18

Emelsiz iman

MP3

Salam eziz radio dinleýji. Siz bilen ýene düşuşip durannymyz uçin Atamyz Hudaýdan çäksiz minnetdars.Dünýada – nazaryýet we tejribe diyen sözler bar. Eger şol ikki söze gysgaça düşündiriş bersek :nazaryýet-bu öwredilýan zat dogrusunda eşitmek we kopak bilime eýe bolmakdyr.

Tejribe diyeni bolsa,şol eşiden zatlaryny amalda ulanmakdyr. Mesihiýlik haýtyna şol ikki sözi ulanyp görsek biz her birimiz Rebbimiz hakynda we Ol buýranlary hakynda kop bilime eýe bolmagymyz mumkin. Ýone bilinlerimizi amalda ulanmasak,hemmesi biderekdir.Amalsyz iman ölidir.Meselen,aýrymlarymyz şeýle öýlamagymyz mumkin:

Men özim kynçylyk çekip ýorin,başgalara nadip ýardam bereýin?Eziz dogan,Hudaý bunuň ýaly pikirden razy däl we kabul etmeýar.Elingden gelinçe doganlara,gönüşylara we kynalýanlara ýardam bermek-bu hakykyý imandan habar.Başgalara söýgi görkezmek we ýagşylyk etmekdiň bahasy ýokdyr.

Söýgi we başgalara ýagşylyk ediş,tä çyra ýaly her tarapa nur seçip dürýar.Ýakup hatynyň 2 bap 14 aýaty şeýle diyip öwretýar:” Eý, doganlarym! Araňyzdan biri «imanym bar» diýibem, ony oňat işler bilen görkezmese, munuň näme peýdasy bar?! Beýle iman ony halas edip bilermi?! Eziz radio diňleyji dogan.

Mesih bize hemişe başgalara kömeklaşaýliň diyip emr edýar.Häzirki günde dünýada aç-ýalanaç ynsanlar köplap tapylýar.Olar hem Hudaý tarapyndan ýaradylan. Diňe aýratyn sebäplere görä olar şol ýagdaýa düşenler .Belki kimnindir kömegi bilen şol insaňyň haýaty hem özgerişi we Mesihy tanap bilmegi mumkin.Men özüm telewizor arkaly bir wakanyň şaýaty boldum.

Bir aýal köçede hiç zady bolman kişini öz oýüne girizip suwa düşurip iýdirdi.Gorse oraň oňat ynsan eken.Hatta bilimli, medeniýetli kişi ekeni hem mälim boldy.Diňe aýratyn meseleler sebäpli şol ýagaýda galanyny aýala gepleb berdi.Sonundan olor bir-birine göwünli bolup dürmuş gurdular.

Häzirki günde bolsa oraň bahtly maşgalalar kataryndan orun alanlar. Ine bu amalda öz imanyny we söýgisini başkalar bilen paýlaşmak dimekdir. Ezizler,biz diňe öz ýakynlarymyz ýa-da dostlarymyzy däl,hatta düşmanlarymyzy hem söýup bilmegimiz gerek.Hudaý şony halaýar. Eziz dinleýji eger kimdedir başkalara degişli söýgi bolmasa, ýa-da entek amalda Hudaý uçin hiç zat etman bolsa,wagty geldi.

Dünýadaky adamlar sizi hakyký iman eýesi ekeniňizi görsunler. Şol arkaly Hudaý özleriniň günakärligi hakynda aýdyp toba etsinler. Höş sag boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top