3:56

Efraýymly goja

MP3

Salam ezizler.Haýaty dowamynda insanlardan ýamanlyk görenler bu dunýada ýagşy adamyň özi ýok diyip oýlaýar.Ýone onuň ýaly däl.Eger dunýada bir hem ýagşy adam galmanynda Hudaý bu dunýany bireýam ýok edip iberen bolordy.Gadymda Hudaý öz halkynyň günalerine sabr-tukat edip bagyşlap gelen.Giwo diyen şäher Ierusalim şäherinden 5 kilometr daşlykda ýerleşendi.Bu ýeriň halky esasan Benýamin tiresiniň adamlary bolan.Oloryň näçe mähirsiz,sowukganly,günakärdigini bugun siz bilen söhbetleşmekçi bolan bir garrynyň haýatyna seredip bilip alýas. Bu Efrayýmly gojady. Ol bu ýere efraýymlaryň ýaşaýan daglygyndan gelip, Gibgada ýaşaýardy.

Onuň näme sebäpden Efraýym daglyklaryndan Gibga gelip galanyny bilmeýas.Bu hakda Mukaddes Kitapda ýazylman.Emma onuň ýagşy adamdygy mälim.Ol nahilli ýagşy iş etdi?Ol Lewiý tiresinen bolan bir kişä ýagşylyk etdi.Lewiý aýaly we hyzmatkärleri bilen öz öýune-Efraýyma gaýdyp barýady.Giç bolup Gibgada galmaga mejbur boldular.Olor şäher medýdanynda bizi öýine kim çagyrarka diyip garaşyp oturýadylar,ýone hiç kim olory çagyrmady. Goja gala meýdançasyndaky ýolagçylary görüp, olardan: «Nireden gelip, nirä barýarsyňyz?» diýip sorady. Ol adam: «Biz Ýahudanyň Beýtullaham galasyndan gelýäris, indi hem Efraýym daglygyna tarap, öýüme barýaryn. ..”diydi.

Belki goja bu adamlaryň Efraýymlylygyny bilip bir ýürddandygyndan tesirlenendir.Belki ol çyndan hem ýagşy adamdyr?Goja hakdaky maglumady bilmek uçin söhbetimiziň dowamyny eşidiň. «Biz Ýahudanyň Beýtullaham galasyndan gelýäris, indi hem Efraýym daglygyna tarap, öýüme barýaryn. Bizi hiç kim öýüne çagyrmady. Eşeklerimiz üçin ot-iýmimiz, özüm, aýalym we hyzmatkärim üçin çörek hem şerap bar, hiç hili ýetmezçiligimiz ýok» diýdi Lewiý Goja oňa: «Arkaýyn bol, ýetmeýän zadyňy bereýin, ýöne meýdançada ýatma» diýdi. Goja olary öz öýüne alyp bardy, eşeklerine iým berdi, olar aýaklaryny ýuwdular, iýip-içdiler. (Ysraýyl serdarlary 19:17-20)

Gadymda Ysrayýl halkynda şonuň ýaly adat bolan.Adamlar ol döwürde açyk aýak geýim giýenler.Uzak ýol ýorap gelenden soň ýada işlap gelenden soň aýaklaryny ýada myhmanlarynyň aýklaryny ýuwmak adatlary bolan.Özüne dok ýaşaýan adamlaryň öýlerinde bu işi hyzmatkarler edýady.Şoňa göra bu mähriban goja öz ýürdaşyna öz öýinden ýer berdi.Bu onuň myhmansöýer ekenini subut edýar.Myhmanlaryň aýagyny ýuwdy,bu onuň kiçigöwünli we päk ýürekliginden subut.Bu goja we onuň maşgalasyna näme bolonyny bilmekçi bolsanyz biziň indiki söhbetimizi geçirib ibermaň.Mukaddes Kitapdaky kişiler haýaty bilen gyzyklansanyz biziň saýtymyz size garaşýar.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top