4:23

Efraýym tiresi

MP3

Salam ezizler.Bugun Ysraýyl nesliniň bir bölegi bolan Efraýym tiresiniň eden ýaňlyşy hakynda söhbetleşýas.Efraýym tiresi Ýakup ogly Ýusufyň ikkinji oglundan gelip çykan tire bolan.Ammon halky Ysraýyla höjüm edeninde Ýeftah adly serkerde Hudaýyň guýji bilen ýeňiş gazanan.Ammony ýenmekde Efraýym halky gatnaşmany oloryň buýsanjyna degen.Mälim boluşy ýaly Efraýym halky hem özünuň duşmanny ýeňmaga ýeterli guýçlidirs diyip hasaplanlar.Elbettde şonuň ýaly bolmagy mumkin,ýone uruşda gatnaşmagy uçin kimedir haýbat atmak aklly adamlaryň işi däl.Mukaddes Kitapda Efraýym tiresiniň Ýiftoh onune gelip gorkuzanlary hakda ýazylan.Söhbetimizi sonunaçe diňleseniz nämeler bolonyny bilip alýanyz.

“Efraýymlar uruşmak üçin bir ýere ýygnandylar we Iordan derýasyndan geçip, Safona geldiler. Olar Ýeftaha: «Sen näme üçin ammonlar bilen uruşmaga gideniňde bizi çagyryp, özüň bilen alyp gitmediň? Biz seniň özüň bilen bilelikde öýüňi otlarys» diýdiler. Ýeftah olara şeýle diýdi: «Meniň we meniň adamlarymyň ammonlar bilen bir uly dawamyz bardy. Men sizi kömege çagyrdym, emma siz gelip, meni olaryň elinden gutarmadyňyz. Siziň meni halas etmejegiňize gözüm ýetende, men janymy howp astynda goýup, ammonlaryň üstüne gitdim…”. oran hem insanlara has kemçiliklerden.Biri “bu meniň işim däl,özi çözsin”diyip göşulmaýar.Ikkinçisi bolsa”oňki gezek maňa kömek bermani islemändi,boýun egip ondan kömek sorajak däl”diydi.Bugun hem insan tebigaty özgermänini görýas.

Ýeftah gepini dowam edip:” Reb olary meniň elime berdi. Indi näme bu gün siz meniň bilen uruşmaga geldiňizmi?» Ýeftah Gilgadyň ähli erkeklerini çagyrdy-da, efraýymlar bilen uruşdy. Gilgatlylar efraýymlary gyrdylar, sebäbi efraýymlar olara: «Eý, efraýym we manaşa halklarynyň arasynda ýaşaýan gilgatlylar! Siz Efraýymdan gaçan dönüklersiňiz!» diýipdiler. Gilgatlylar efraýymlaryň elinden Iordan derýasynyň güzerini aldylar. “(Ysraýyl Serdarlary 12:1-4).Şol bilen ortadaky gelişmezçilikleri çözüp bolordy.Emma Diri galan efraýymlardan tutmak uçin Iordan derýasyndan geçilen ýerlerinde durup ,derýadan geçmekçi bolonlara Hany, „şibbolet“ diýip aýt» diýerdiler.

Olor «sibbolet» diýip aýtsalar derýadan geçýadylar.Aýdyp bilmanler bolsa öldürerdiler. Çünki efraýymlar «ş» sesini aýdyp bilmeýändikleri üçin, oňa derek «s» sesini aýdýardylar. Ine şonan gilgatlylar Efraýym tiresiniň galan jeňçilerini bilip alyp şol ýerde öldürerdiler.Şeýdip, Efraýym tiresiniň bir nadogry işi uçin gilgatlylaryň elinden kyrk iki müň efraýymly öldi.Mukaddes Kitapy okýan ekenik onda ýazylan kişileriň haýaty,eden işlerini gorup,Hudaý hakda ýagşyrak bilip alýaňyz.Akkly adam başy diwara degmegine garaşyp oturmaýar.Ol ýaňlyşlaryny başgalaryň ýňlyşlaryndan görup öwrenip alýar.Şol ýaňlyşlary öz haýatynda gaýtalamak şert däl.Biziň elektron saýtymyz size öwrenmek we ýaňlyş etmeslik mumkinçiligini berýar.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top