Salam hormatly radio diňleýjiler.Efirde erkekler uçin berilýan gepleşigimizlerden biri.Hormatly erkekler her birimiz maşgalada maşgalanyň başçysy ekenik biz uçin bu ullakan jogapkärçiligi üstimize ýükleýar.Şondan gelip çykan ýagdaýda çagalaryň terbiýesi,maşgalany ekleniýşi, egin-eşiklidigi biziň näme mumkinçiligimiz bardygyny bellep berýar.Haýatda her hil kişilere gabat gelmek mumkin.Kimdir diňe maşgalasy uçin alada edýar.Kimdir bolsa umumman keseki insanlar uçin.Her bir kişi maşgalaly bolandan soň aýry ýaşamagy halaýar we hiç kime bagly bolmaslyk uçin hereket edýar.Biz buny dogry karar diyip bilýas.Näme diyip oýlaýanyz hormatly erkekler.Özbaşdak ýaşap başlanymyzdan soň öz ene-atamyz uçin gaýgyrmak dogry bolýamy? Howwa elbettde biz öz ene-atamyz uçin hemişe alada etmegimiz gerek.
Sebäbi olor bizi ýaşlygymyzdan başlap ullatdy.Indi olaryň haýat lezzetini görmek wagty geldi.Şonuň uçin hem ene-atamyzy ýatdan çykaryp göýmaga umumman hakkymyz ýok.Ýone öz maşgalamyz hakyndana?Elbettde öz maşgalamyz hakynda hem özümiz alada etmegimiz gerek.Mukaddes kitaplaryň birindw ene-atany galdyrmak hakynda aýdylýar.Kopçilik şol galdyrmak diyen sözi başga manyda kabul etmagi mumkin.Geliň siz bilen biraz şol sözuň manysy hakynda gepleşaýlyň.Biz maşgala guranymyzdan soň maşgala uçin jögapkär insana öwrilýas.Ene-atamyzyň başga ekleýjisi bolmasa ,elbettde olor uçin hem biz jögapkärdiris. Biziň medeniýetimizde ene-atany umumman ýaňyzlatyp goýmak ýok.Ýone häzirki ýaş maşgalalarda şonuň ýaly ýagdaý düşüşup durýar.Eger aýry ýaşaýyşy isleseniz şeýlede ediň.
Ýone , eziz dostum ,ene-atanyz ýagdaýynan hemişe habar almagy ýadynyzdan çykarmaň.Elbettde biz indi koprak wagtymyzy öz maşgalamyza we perzentlerimiziň terbiýesine bagyşlamagymyz gerek.Ene-atanyz garryp galandan soň tä şonuň ýaly ýardama mätäj insanlara öwrilýar.Men bir dostymyň geplerini sizler bilen paýlaşmakçy bolýan.Bir güni şol dostymyz özi ullalan öýe ýagny ene-atasynyň öýine olaryň ýagdaýynan habar almaga barýar.Elbettde dostymyzy gören ene-atasy oglunuň geleninen oran şat bolýarlar. Ogly öz öýine gaýtjak bolon wagtynda atasy oňa balam bize getiren dört çöregiň gerek däl,özüň tiz-tiz gelip dursaň şonuň özi ýeterli diyip aýadan eken.
Bu dostymyz atasy aýdan şol gepleri adyý gepler hökmünde kabul eden eken.Aradan kop wagt geçman dostymyzyň ene-atasy birdanikä yzma yz aradan çykdylar.Dostmyň aýdyşyna görä indi atasynyň aýadn gepleriniň manysyna düşünip ýetiptir.Ezizler halkymyzda şeýle bir gep bar. Ene-ataňyň diri wagtynda gadryna et.Olor aradan çykandan soň oloryň sadakalaryny dabaralylyk bilen geçirenden peýda ýok.Her bir zat öz wagtynda bolany ýagşy.Şonuň bilen ezizler bugunki gepleşigimiz hem öz sonuna etdi hoş sag aman boluň.