3:36

Diňe erkekler uçin

MP3

Salam hormatly radio diňleýjiler.Radio tolkunlary arkaly siz bilen düşuşup duranymyzdan oran şat.Eziz diňleýjiler,bugunki mowzugymyz erkeklere bagyşlanýar.Erkekler öňden bäri maşgala başçysy ekeni barymyza mälimdir.Eger erkek maşgalada bary wezipelerini ýokary derejede berjaý edýan bolsa,bunuň ýaly maşgalany ideal maşgala diyip aýtmagymyz mumkin.Ýone häzirki günde ideal maşgalany tapmak biräz güman.Sebäbi erkeklerimiz özleriniň wezipelerini ýokary derejede berjaý etmýanlygynda däl.Haçan biz özümuziň boýnumuzdaky wezipeleri şatlyk bilen berjaý etsek bu maşgalamyzda hem,özümuziň şahsyý özüni alyp barmakda hem tertip bolmagyny upçin edýar diyip aýtmagymyz mumkin.

Maşgala agzalarynyň her biri özüne Hudaý tarapyndan ýüklenen wezipeleri düşunen ýagdaýda berjaý etseler,Onuň merhemeti siziň ustünizde bolyşy anyk.Erkek kişi ol Rebimiziň diri saýasy ekenini hemişe ýadynda tutmagy gerek.Erkek kişi öz öýinde gurylan kiçi dagyň iň belent nokaty-başy bolmagy gerek.Bundan başga maşgala başlygy maşgala agzalaryny bir-näme öwretmage çülum bolmagy gerek.Mukades Kitaplaryň birinde aýdylyşy ýaly birinji bolmagy islan kişi birinji nowbatda başgalara hyzmat etmagi bilmegi gerek.Bu gep maşgala başlyklaryna hem,kolektiwde bile işleýanlara hem barabar degişli diyip hasaplaýas.Erkek kişi öz öýi uçin doly jogapkär.Bu diyeni,çagalaryň terbiýesinden başlap maşgalanyň ruhyý ýagdaýynaçenli bolan maksaty öz içine alýar.

Eger her bir kişi sagdin maşgala gurmaky islese,önüne mälim bir maksatlar göýmagy gerek.Diňe böş gepler bilen hiç haçan,hiç zady amala aşyryp bolmaýar.Wagtny şonuň ýaly böş geplere harçlaman,tersine öz maksatlarymyzy amala aşyrmak uçin guýç tapmaga hereket etmagimiz gerek.Bu diyeni kimdir gelip bize nämenidir edip bermagine garaşmasdan,özümiz edip bilýan işi elimizden geliýinçenli berjaý etmagimizdir. Pikrimizçe birinçi nowbatda etmeli bolan işimiz –bu maşgalamyza her hil alada getirýan meseleleri ýok etmekden başlanýar.Hiç kim gelip maşgalamyzda birdanikä özgeriş etmejegini her bir erkek kişi ýagşy bilmegi gerek.Biziň bary umydymyz Hudaýdan.Diňe Ol bizdaki bary kemçilikleri ýok edip bilýar.

Hormatly erkekler ,biziň onümizde beýik wezipe dur.Bu wezipeni berjaý etmek uçin bizde ýeterli guýç hem bar.Özünizi ejiz diyip hasaplamaň. Maşgalamyzy nadip dolandyrmak uçin ,upçin etmek uçin Hudaýdan danalyk soraýlyň. Maşgalaňyza hemişe asudalyk agzibirlik dileg edip siz bilen höşlaşýas.Şonuň bilen hormatly erkekler siz uçin taýynlanan bugunki gepleşigimiz öz sönüna ýetdi.Indiki gepleşiklerimizeçenli höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top