Eziz doganlar bugun ene siz bilen düşüşup duranymyzdan oran
minnetdarys. Ýadyňyzda bolsa biz geçen gezek bir birimizi söýmek börçy
hakynda gepleşiptik. Bugun ene şo mowzugy dowam ettirýas Aýdyp geçenimiz
ýaly biz entek güna batan wgtymyzda Masih biz uçin öldi.Bu Hudaýyň bize
bolon söýgisi subuty. Biz günäkär bolsak hem Hudaý öz merhemeri bilen bizi
Özünuň söýgisine mynasyp gördi.Ol bizi söýýany uçin hem Öz Ogluny biz uçin
ölüme iberdi.Ol biz uçin ulakan gurbanlyk etdi. Rebbimiz Isa hem Öz islegi
bilen atanakdaky ölüme razy boldy. Bu hem Onuň söýgisinden şaýatlyk. Ol
ýerdaki gyska ömüri dowamynda hemmä barabar söýgi görkezdi. Hemmä barada
gaýgylandy bize nahilli ýaşamak gerekdigini öwretdi. Ol şagirdlerini söýdi
olar hakynda alada etdi.Özünden soň ýykulmaslyklary uçin olara tälim berip
käbir zatlardan önünden habardar etdi. Ol hiç hem özgermedi.Ol häzir hem
şeýle.Ol biziň kynçylyklarymyza biperwa däl,çunki ol bizi söýar.
Biziň haýatymyzdaky iň maýda bolek hem Onuň nazaryndan çetde
galmaýar.Ol bizi düşunýar we alada edýar.Şonuň özi Onuň bize bolan güýçli
söýgisine we merhemetine mysal bolup bilýar. 1-ji Ýhanna 4: 16-21
aýatlarynda:” Hudaýyň bize bolan çäksiz söýgüsine göz ýetirip ,bu söýgä
ynanýarys.Hudaý söýgüdir.Söýgüde ýaşaýan adam Hudaý bilen,Hudaý hem onuň
bilen ýaşaýandyr.Şeýlelik bilen söýgi bizde kämilleşip,kyýamat guni bize
ýnam berer. Sebäbi biz bu dünýade edil Masih ýaly ýaşaýarys. Söýgüde gorky
ýokdur.Tersine,kämil söýgi gorkyny kowup çykarýandyr.Kim kyýamat gununden
gorkup ýaşaýan bolsa,onuň söýgisi kämil däldir.Biz Hudaýy söýarris sebäbi
ilki Ol bizi söýdi.Kim “Hudaýy döýarin# diýýärin”diyip hem oz doganyny
ýigrenýan bolsa,ol ýalançydyr.Özüniň görüp duran doganynyy söýmeýan adam
görmedik Hydaýyyyny söýüp bilmes ahyry. Hudaý bize “Hudaýy söýyän adam öz
doganyny da söýsün” diyip büýruk berdi.
Diýmek ýene doganlary söýýmek hakynda gep barýar.Bu sözler Mukaddes
Kitabda şonuň ýaly köp düşüşýan eken diýmek bu oran möhüm. Bu sözleri
ökända şeýle bir hemişeki ýaly ökap gitmaň.Bu gepleri Hudaýy edil size
gepleýar.Onuň sözlerine biperwaý bolmaň.Eger ony söýýseňiz onuň emirlerine
amal ediň.Eger Hudaý bilen jibis bolýan diýseňiz onuň emirlerine amal
ediň.Eger kýýametde Hudaýýyň onunde özüňizi salajak bolsaňyz emirlerine
amal ediň. Onuň merhemeti we söýgisini hyýanat etmaýliň.Onuň sabyr-takatyny
synamaň .Nahilli edýan?Bu elimden gelmaýar.Kimi söýan,palançynymy>Hiç haçan
diýan ýaly sözleri yok edip sadaja Onuň emirlerine ämal ediň.Eger siz
haýsydyr doganyňyzy söýüp bilmeseňiz şol doganyňyza bunuň hiç hilli ýaman
ýeri ýok.Emma siz uçin ýaman ýeri bar. Çunki siz Hudaýyň emrini berjaý
etmýaňyz. Hudaýyň emrini berjaý etmeslik günä,bilip dürup günä etmek bolsa
Isany ýene bir gezek haça çuýlemek bilen barabardyr. Eziz doganlar Hudaýyň
güýji bilen başkalary söýmägi öwreniň.