4:42

Bikärçiler

MP3

“Öýlän sagat bäşlerde aýlanmaga çykan wagty, başga boş duranlary görüp, olardan: «Näme üçin günuzyn bu ýerde boş dursuňyz?» diýip soraýar. “(Matta 20:6)

Salam eziz doganlar.Siz “ bikärçiler” diyende nämeni düşünýanyz?Tebigý edýan işi bolman ýada möhüm iş etman şeýleki bir zat bilen meşgul bolan kişileri duşunýas.Haýatymyza uns edip Hudaýyň nazary bilen seretsek bizden käbirlerimiz hem ýokaryda aýdyp geçen bikärçilerden ekenimiz mälim bolýar.Bugun biz siz bilen söhbetleşýan mowzugymyz edil şol bikärçiler hakynda.Hudaýň Mukaddes Kitapynda ýazylan “bikärçiler” aslynda nahilli insanlar ekenini billelikde gorip çykýas.Hudaýyň Şälygyna gatanç goşmaýan işler hemmesi bikär.

Insan haýtynda bilim alyp,käbir ýenişlere ýetişen ýada bir wezipeni eýelan bolsada Hudaýyň nazarynda mynasyp iş etman bolsa bularyň bary Onuň nazarynda biderekdir.Haýatynyz dowamynda Hudaýyň dolandyrmagy bilen ýaşasanyz Onuň dunýa we ondaky zatlara gatnaşygyny bilip alýanyz.Hudaýa şohrat getirmeýan işleriň bary biderekdir.Asman şäälygynda her kim eden işine seredip sylaglanýar.Bu dunýada Hudaý uçin edýan işleriniz sylagsyz galmaýar.Oňa şöhrat getirmaýan insanyň öz hätirjemligi, rähneti we beýikligi uçin edilen işler bolsa biderekdir.Geliň bikärçiler hakynda Mukaddes kitapda näme ýazylanyny bilip alýas.” Ir sagat dokuzlarda daşary çykan wagty, ol bazarda bikär duran birnäçe adamlary görýär. Olara-da: «Siz hem üzümçilige gidiň, hakyňyzy doly tölärin» diýýär. Olar hem gidýärler. “(Matta 20:3-4).

Bir garaýyşda bu bikärçiler hiç iş etman bazar meýdanynda duran adamlar ekeni mälim.Ýone bu insanlary özümiziň haýatymyza öwürsekna? Bu insanlar bazar meýdanynda durandylar.Olor aslynda kimdi?Belki bir zat satyn almaga çykan adamlardyr,belki bir dosty bilen düşuşmaga çykan kişidir.Ýada bolmasa bazarda ýükçidir.Umumman bazar meýdany,insanlar kop bolan ýeri bildirýar.Bu ýagdaý ruhyý tarapdan alyp seredýan bolsak ,Hudaý tutan bikärçiler aslynda bir iş bilen meşguldylar.Hudaý Özi uçin ýone olora hem peýda getirýan işe teklip etdi.Bikärçileriň karary nahilli boldy?Olor razy bolup Hudaýyň yzyndan eýerdiler.Bugun-na,bugun Hudaý bikärçi diyip öýlan adamlar Onuň geplerine gulak asýamy?

Bugun özleri uçin bu dünýada hem aňyrky dünýada hem sylag getirýan işe razy bolýarlarmy?Hudaý Mukaddes Kitapynda dile alan “bikärçiler” adyý günakär insanlardy.Hudaý olary Öz üzümçiliginde işlatmaga karar etdi. Biziň we Hudaýyň günakärlere gatnaşygy butinleý başgaça.Biz özümiz günakär we Hudaýa peýda getirmeýan insanlar bolsakda başga günakärlere ýigrenç bilen seredýas.Olary elimiz bilen görkezýas.Bu bilen özümizi özümiz höküm edip göýas.Çunki biz hem ine şonuň ýaly günakärdiris. «Siz hem üzümçilige gidiň, hakyňyzy doly tölärin» (Matta 20:4).Hudaýyň sözüne tabun bolup Onuň uçin işlan bikärçiler,gun sonunda özlerine degişli bolan haky aldylar.Eger haýatynyz dowamynda Hudaýyň sözlerini eşitseniz,oňa biperwaý bolmaň.Bu siz uçin bir çakyryk.Ol sizi Öz şäälygynda sylaga mynasyp insan bolmagynyzy isleýar.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top