4:47

Beýik hazynamyz

MP3

Salam eziz radio diňleýji doganlar we uýalar. Programmamyza höş
geldiňiz. Ezizler bugun biz hemişeki ýaly Mukaddes Kitapa syýahat edip ol
ýerden käbir aýatlary okaýas.Bundan başga ellerimizi açyp Mukaddes Hudaýa
ybadat edýas.Bugun ezizler,men resullerden Pawlus Korintoslylara ýollan
ikkinji hatyndaky aýatlary size ýollamakçy.Biz Hudaýyň merhemeti bilen
beýle hyzmata mynasyp bolup umytsyzlanmaýas.Ýone gizlinlikde edilýan
utanç işleri ret edip, kezzaplyk etmeýäris.Höşhabary ýoýmaýarys .Tersine
.Hakykaty aç-açan yglan edip Hudaýyň hözürynda hemmeleriň önünde jogap
bermäge taýyndyrs . Eger biziň wagyz edýän Hoş Habarymyz perdelenen bolsa,
ol heläkçilik ýolundan barýanlar üçin perdelidir. Bu dünýäniň hökümdary
şeýtan iman etmedikleriň aňyny baglady. Biz özümiz barada däl-de, Isa
Mesihiň Rebdigi barada wagyz edýäris. Özümizi bolsa Isanyň hatyrasyna siziň
gullaryňyz diýip hasaplaýarys. Çünki «Tümlükde nur parlasyn» diýen Hudaý
biziň-de ýüreklerimizi ýagtylandyryp, Isa Mesihiň ýüzünde parlaýan Öz
şöhratyny bize tanatdy. Biz hazynalary özünde saklaýan toýun küýzeler
kimindiris. Şonuň üçin-de, bu ajaýyp gudratyň bizden däl-de, Hudaýdandygy
äşgärdir. Biz her tarapdan gysylýarys, ýöne owranmaýarys; biz çykgynsyz
ýagdaýa düşýäris, ýöne ruhdan düşmeýäris; yzarlanýarys, ýöne terk
edilmeýäris; urulýarys, ýöne öldürilmeýäris. Isa Mesihiň ýaşaýşy
bedenimizde aýan bolsun diýip, Onuň ölümini elmydama bedenimizde
göterýäris. Biziň pany bedenimizde Isa Mesihiň ýaşaýşy aýan bolsun diýip,
bizi, ýagny dirileri elmydama Onuň hatyrasyna ölüme tabşyrýarlar. Siziň
ýaşaýyş tapmagyňyz üçin, biz ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolmaga-da taýyndyrys.
Zeburda: «Iman etdim, şonuň üçin gürledim» diýip ýazylgydyr. Şol imanyň
ruhy arkaly biz-de iman edýäris, şonuň üçin-de gürleýäris. Biz Reb Isany
ölümden direlden Hudaýyň bizi hem Isa bilen bilelikde direldip, siz bilen
birlikde Öz huzurynda goýjakdygyny bilýäris. Bularyň bary siziň üçin
edilýär. Şeýdip Hudaýyň merhemeti köpden-köp adamlara ýetip, olaryň
şükürlerini artdyrar we Hudaýyň şöhratyny has-da beýgelder. Şoňa görä-de,
biz ruhdan düşmeýäris. Biziň daşky barlygymyz könelse-de, içki barlygymyz
günsaýyn täzelenýändir. Çünki ýeňil we wagtlaýyn muşakgatlarymyz bize juda
ajaýyp, beýik we baky şöhrat gazandyrar. Şonda bu muşakgatlar edil bolmadyk
ýaly bolar. Biz nazarymyzy görünýän zatlara däl-de, görünmeýän zatlara
dikýäris. Sebäbi görünýän zatlar wagtlaýyn, görünmeýän zatlar bolsa
bakydyr.Ine ezizler indi nobat ybadata. Eziz Atamyz,nejatyň uçin
minnetdars.Hudaýym men Isa Mesihyň eden gurbanlygyna mynasyp perzentiň
bolmagy isleýan.Men Isa Mesih hakykatyny ýüregimde hazyna edip saklamagy
isleýan.Haýatymyň her bir pursaty Seni beýiklemek uçin bagyş edilsin,hemme
edýan işlerim,hemme gepleýan geplerim Seni öwgilesin.Diňe Sen maňa kömek
edip bilýaň.Diňe Saňa umyt baglamagy isleýan.Diňe Sen bilen bille ýaşaýşy
isleýan. Çunki Sen hakykýy Hudaýsan. Çunki Sen söýgi Hudaýysyň.Diňe Seniň
maňa bolan Söýgiň arkaly halas boldym,diňe Seniň Beýik Maksatyň meni günä
çukurundan çykaryp aldy. Hudaýym Sözüňi ýüregimde saklamak isleýan. Oňy
hakykyý hazyna edip ýüregime salyp goýmany isleýan.Hudaýym Seniň Mukaddes
adyň bilen ybadat etdim. Omin!

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top