MP3

Salam hormatly moştaklar.Ýene siz ezizler bilen düşüşup duranymyzda oran minnetdaris.Eziz doganlar,Aýup paýgemberiň taryhy Köne Äht kitapyndan barymyza ýagşy tanyş.Aýubyň çeken azaplarynyň taryhy bolsa oran kop wagzlar arkaly hem barymyza ýagşy tanyş bolup galan.

Aýup bilen bolup geçen wakalar kopçiligimiziň masihiýlik haýatymyzda koplap özgerişler etmagi mumkin.Onuň dostlary bolsa Mukaddes Kitapyna butinleý dogry gelmeýan maslahatlary bilen Aýupy ýoldan gaýtarmakçy bolýar.Ezizler, Aýup Hudaýdan ýüz döndirende hem onuň haýatynda hiç hilli özgeriş bolmaslygy bize ýagşy duşunerlidi,ahrym.

Belki özgeriş bolordy hem,ýone bu özgeriş ýagşylyga däldigi anykdy.Aýubyň dostlarynyň aýdyşy boýunça onuň azaplary dogrudan dogry güna bilen baglydy.Olar özlerinçe Aýuby günakärlikde aýplamakçy bolonlar.

Bu gepleri näme uçin aýdýas,assa-ýuwwaş düşünip barýan bolsanyz gerek.Koplanç biz masihiýler hem doganlarymyz arasynda tiz-tiz duşuşup durýan meseleleri olaryň nadögry günakär haýat geçirýanynlary bilen baglamaga howlukýas.Ezizler hiç haçan howlukyp kimdir birini aýplamaga hereket etmaň.Ilki meseleniň duýbini ýagşylap düşünmage hereket ediň.

Ine şonan soň bir pikr aýtsak dogry gelýar.Belki Aýubyň hem kop azap çekeni onuň günakärdigi ýada Hudaýa makul bolmaýan haýat geçirmagi sebäb bolondyr.Hormatly doganlar,geliň şu orunda ,Mukaddes Kitapdan bir aýaty getirip geçsem.

Bu aýat Ýohanna kitapynyň 9 bap 1 aýatyndan 3 aýatynaçenli bolan ýerlerde ýazylan:” Isa geçip barýarka, bir dogabitdi kör adamy gördi. Şägirtleri Ondan: «Mugallym, bu adamyň kör bolup dogulmagyna kim günäkär? Onuň özi günäkärmi ýa-da ene-atasy?» diýip soradylar.

Isa olara: «Muňa ol adamyň özi hem, ene-atasy hem günäkär däl. Bu onda Hudaýyň işleriniň görkezilmegi üçin boldy.” Ine şu aýaty okanymyzda koplanç ýaňlyşlyklara ýol goýanymyzy gormegimiz mumkin.

Insan şonuň ýaly ýaradylan- eger ybadathanada kimdir size onçaklym ýaramasa,ýada siz bilen bäsdeşlik edýan bolsa,onuň kiçijik ýaňlyşy sebäbli aýplamaga öwrenip galandiris.Bunuň ýaly ýol tutmagymyz bolsa Mukaddes Kitapdaky koplap aýatlara garşy barýanymyzy bildirýar.

Eziz doganlar,bir-birimizi söýup hormat edip,dogry,Hudaýa makul haýat geçirmage hereket edeýliň.Şonuň bilen ezizler,bugunki mowzugymyz hem öz sönüna ýetdi.Hoş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top