4:32

Adalatly Hudaý

MP3

Salam ezizler.Sözüň danalygy diyip atlandyrylan programamyza hoş geldiniz.Köne Ähtda Hudaýyň adalatlygyny düşünerli we baý dil bilen şeýle bir ajaýyp suratlandyryp berilen welin,insaniýet edebiýetinde bundan artygy tapylmaýar.Sadomyň weýran boluşy hakdaky yglan edilen bir wagtda Hudaýyň adamlar uçin adatdan daşary bolan bu ýaagdaýda Özüne munasyp ýagdaýda adalat bilen iş tutmagyna umyt edip, Ybraýym bu şäherde ýaşaýan dogruçyl adamlaryň goragyna çykdy:” Günäli bilen bigünäniň arasyna parh goýman, bigünäni günäliler bilen bile öldürmäweri! Beýle iş etmeklik Senden daşda bolsun! Bütin Ýer ýüzüniň Kazysy — Sen adalatly hereket etmeli ahyryn!» (Gelip çykyş 18:25).

Çölde kitapyny ýazanlar we Ysraýyl paýgemberleri,Hudaýy beýik we adalatly bolan gudratly häkim diyip göz onüne getirenler.” Onuň daş-töweregi — bulut we tümlük,

tagtynyň düýbi — dogrulyk hem-de adyllyk.”(Zebur 96:2).Uzak wagtlar dowamynda gelmagine garaşylan Mesih hakda,Ol adamlary adalat bilen höküm edýar we biçärelere adalatly bolaýar diyip welilik edenler.

Başga adamlara görä mähribanlyk we hoşniýetlilige dolup daşan mukaddes kişiler dunýawyý hökümdarlaryň adalatsyzlygyndan ýigrenen ýagdaýda :” Ýa Reb, öç alýan Hudaý,nuruňy saç, eý, öç alýan Hudaý!Galk, eý, ýer ýüzüniň Kazysy,tekepbirlere päline görä ber jezasyny!Ýa Reb, erbetler haçana çenli,haçana çenli erbetler dabaralanardiyip ybadat edenler?(Zebur 93:1).Bu ybadaty özi uçin öç almaga ýalbaryş däl,belki insaniýet jemiýetinde ruhyý ahlakyý adalatyň ýeniş gazanmagyny görmek islegi diyip düşünmek gerek.Dawud paýgember we Daniyel ýaly adamlar Hudaýyň dogruçylygy

bilen deňeşdiren ýagdaýda özleriniň nähakdygyny boýun alanlar.Şonuň uçin hem olaryň toba ybadatlary uly guýje we täsire eýe bolan.

“Ýa Reb, Sende adalat bar, emma biz bu günki gün hem ýüzügaradyrys! Bu ýahuda halkyna, Iýerusalimiň ilatyna, Saňa garşy eden dönükligi sebäpli ähli ýurtlara dargadan halkyňa, ýakynu-uzakda bolan bütin ysraýyllara degişlidir.”(Daniyel 9:7) Şu wagtaçenli guýje girmedik Hudaýyň hökümi dünýa düşup gelende Ýohanna göýä ot aralaş aýnadan ýasalan bir deňiz üstinde duran ýeniş gazanan perişdeleri görýar..” Olar Hudaýyň guly Musanyň we Guzynyň aýdymyny aýdýardylar we bu saz-Hudaýyň adalatlygy diyip atlandyrylýar:«Ýa Reb Hökmürowan Hudaý!Seniň işleriň beýik, täsindir.Eý, milletleriň Şasy!Seniň ýollaryň dogry we hakdyr.Ýa Reb, Senden gorkmajak barmy?Adyňa şöhrat aýtmajak barmy?Çünki mukaddes ýeke-täk Sensiň!

Ähli milletler huzuryňa gelerler,Olar Saňa sežde ederler. Çünki adalatly hökümleriň aýan boldy».(Ýohanna gelen aýanlyk 15:3-4) Adalat ahlakyý deňlik pikrini janlandyrýar.Deňsizlik bolsa gapma-garşy zat bolup,ol insan öý-pikrleri we işindaki deňligiň ýokdygydir.Höküm-bu ahlakyý ýagdaýlara degişli adalat we deňligiň ulanylmagydir.Bu höküm bolsa höküm edilýan kişi öz ýüreginde we hereketinde häk ýada nähäk bolanyna seredip,oňa degişli geçirimlilik bolmagy ýada bolmaslygy mumkin.

Söz hakykatlaryny ýüreginize ýazyp goýmagynyzy Hudaýdan sorap galýan.Hoş sag aman boluň.Rebbimiziň merhemeti barynyza ýar bolsun.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top