5:15

Daniel paýgemberiň ybadaty

MP3

Salam eziz doganlar. Siz bilen programmamyz arkaly düşuşyp duranymdam oran
şat.Men kop wagtdan bari siz bilen bille Ýaradanymyza ybadat edip
gelýas.Ezizler geliň bugunki programmamyzda Mukkades Kitapdaky Daniýel
paýgemberiň Hudaýa eden ybadatyny okýas.Daniel paýgember kitapynyň
dokkuzunçy babyny okýas.” Asly madaý bolan Kserksiň ogly Darýuşyň
patyşalygynyň birinji ýylydy. Ol babyllylaryň üstünden patyşa goýlupdy.
Onuň şalygynyň birinji ýylynda men Danyýel Mukaddes Ýazgylara ser saldym.
Men olardan Rebbiň Ýermeýa pygambere iberen sözüne görä, Iýerusalimiň
ýetmiş ýyllap harabaçylyga öwrülip ýatjakdygyna düşündim. Onsoň men ýüzümi
Taňry Hudaýa tarap öwürdim. Agyz bekläp, jul geýnip, kül üstünde oturyp,
dileg etdim, Ony agtaryp ýalbardym.
Men Hudaýym Rebbe dileg etdim we toba edip, şeýle diýdim: «Eý Taňry, Seni
söýýänlere, buýruklaryny berjaý edýänlere ähtini we baky söýgüsini saklaýan
beýik we haýbatly Hudaý! Seniň buýruklaryňdan we hökümleriňden ýüz öwrüp,
günä gazandyk, azgynlyk etdik, erbetlik edip, Seniň garşyňa baş galdyrdyk.
Biz patyşalarymyza, han-beglerimize, ata-babalarymyza we ýurduň ähli
halkyna Seniň adyňdan geplän gullaryň pygamberlere gulak asmadyk. Ýa Reb,
Sende adalat bar, emma biz bu günki gün hem ýüzügaradyrys! Bu ýahuda
halkyna, Iýerusalimiň ilatyna, Saňa garşy eden dönükligi sebäpli ähli
ýurtlara dargadan halkyňa, ýakynu-uzakda bolan bütin ysraýyllara
degişlidir. Ýa Reb, patyşalarymyzyň, han-beglerimiziň, ata-babalarymyzyň
ýüzüni utanç gaplandyr, sebäbi biz Saňa garşy günä etdik. Rehimdarlyk we
geçirimlilik Taňry Hudaýymyza mahsusdyr, çünki biz Onuň garşysyna baş
galdyrdyk. Hudaýymyz Rebbiň sözüne gulak asmadyk, Onuň gullary bolan
pygamberler arkaly bize beren kanunlary bilen ýöremedik.
Bütin Ysraýyl Seniň kanunyňy bozup azdy we Seniň sözüňe gulak asmakdan
boýun gaçyrdy. Şeýdip, Hudaýyň guly Musanyň kanunynda ýazylan nälet
başymyzdan indi we kasam ýerine ýetdi. Sebäbi biz Saňa garşy günä etdik.
Başymyzdan äpet bela-beterler inderjekdigi barada Onuň bize we üstümizden
höküm sürýän baştutanlarymyza aýdan sözleri berjaý boldy. Iýerusalimiň
başyna inen bela gögüň astyndaky hiç bir şäheriň üstünden hiç haçan
inmändi. Edil Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly, bu belalaryň ählisi biziň
başymyzdan indi. Emma biz etmişlerimizden el çekip, Hudaýymyz Rebden mähir-
muhabbet dilemedik, Onuň hakykatyna pitiwa etmedik. Şonuň üçin Reb bu
belalaryň amatly pursadyny peýläp, olary biziň başymyzdan inderdi. Çünki
Hudaýymyz Reb ähli edýän işlerinde adyldyr. Biz bolsa Onuň sözüne boýun
bolmadyk. Eý, Taňry Hudaýymyz, Sen Öz halkyňy gudratly goluň bilen Müsürden
çykardyň. Bu günki ýaly Öz adyňy-da şöhratlandyrdyň! Biz bolsa günä
gazandyk, erbetlik etdik. Eý, Taňry, ähli adalatly işleriňe görä, gahar-
gazabyňy Öz şäheriň Iýerusalimden, mukaddes dagyňdan sow. Biziň günälerimiz
we ata-babalarymyzyň ýazygy sebäpli Iýerusalim we Seniň halkyň daş-
töweregimizdäki ähli halklara masgara boldy. Eý, Hudaýymyz, şoňa görä indi
Öz guluňyň dilegini we nalyşyny diňle! Öz hatyraň üçin, eý, Taňrym, weýran
bolan mukaddes öýüňe Öz nuruňy saç. Eý, Hudaýym, diňle we eşit! Gözleriňi
açyp, biziň weýrançylygymyza we Seniň adyň dakylan şähere seret. Biziň
dogruçyldygymyz sebäpli däl-de, eýsem Seniň beýik rehimdarlygyň sebäpli öz
nalyşlarymyzy Seniň huzuryňa getirdik. Ýa Reb, eşit! Bagyşla, ýa Reb! Ýa
Reb, diňle we amala aşyr! Öz hatyraň üçin, eý, Hudaýym gijikdirme! Çünki
şäher we halk Seniň adyňy göterýändir!»

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top