Salam ezizler. Hudaýyň nahillidigini az bolsada öwrenmesek biz hiç haçan
özumuzyň kimdigimizi tanap bilmýas. Şonuň uçin Hudaýyň kämilligi-bu aň-
bilimden daşaryndaky we ýaşaýyşdan daşdaky gury bir taglimat dal. Bu
hakykatdan hem hirurgiýa opersiýasynyň häzirki zaman usuly ýaly haýatyý-
kişini tolgundyrýan soragdyr.Diňe özüne mälim bolan sebäplere görä Hudaý
ynsanny Öz suraty we keşbine menzeş ýagdaýda ýaradyp,oňy başga bar bolan
zatlardan ustin goýdy. Şony düşunmek gerek,Hudaýyň suraty we keşbi-bu
şahyrana haýal, ygtykat jähtyndan gyzykyş sebäpli dogulan pikr däl.Bu
Mukaddes Kitapda açyk- aýdyň aýdylan we masihýylyk ygtykatyny dogry
düşunmaga kömek edýan hakykat hökmunde Jemagat kabul edýan ynançly diniyý
subutdyr.
Ynsan-bu Hudaýyň suratyna,keşbine menzetip döredilen we Hudaýa garaşly
bolan barlykdyr,ol öz-özünçe hiç zada eýe däl.Şu sebäpli hem,öz barlygynyň
her bir pursatynda ynsan özüni Öz keşbi we suratyna menzetip ýaradan asyl
zada baglydyr.Hudaýyň bar boluşy ynsanyň bar boluşy uçin gerekdir.Göz
onunize getirin,Hudaý ýok bolsun-bu ýagdaýda ynsan barlygynyň esasy hem
yzsyz ýitýar.Hudaý-bu hemme zat,ynsan bolsa –hiç zat däl,diyen pikr
masihiýlyk ygtykadynyň esasyý taglymatydyr we bu ýerde masihyýlyk taglymaty
Gündogaryň ösen pelsepiý dinler taglymaty bilen gabat düşýar.Ynsan özünuň
bar aň-bilimi bilen diňe ilki sesiň serpikmesi,diňe ýaradylman dunýanyň
suratlandyrylmasydyr.
Güneşdan aýrylyşan nuryň ýitişi ýaly Hudaýydan aýrylan ynsan hem ýene
ýaradylan wagtda çykyp gelen ýokluk düýpine batyp gidýar.Diňe ynsan
däl,belki bar bolan hemme zadyň ýaradylyşynyň togtamaýan gýüjinden gelip
çykýar we oňa baglykdyr. “Owal-başda Söz bardy, Söz Hudaý bilendi, Söz
Hudaýyň Özüdi. Owal-başda Ol Hudaý bilendi. 3Tutuş barlyk Söz arkaly
ýaradyldy, ýaradylan zatlaryň hiç biri Onsuz ýaradylmady.”(Ýhanna 1;1-3)
.Bu zady Ýhanna şeýle düşundirýar we onuň pikrine resullerden Pawlus hem
göşülýar;”Çünki ähli zatlar Ol arkaly ýaradylandyr. Gökdäki we ýerdäki,
görünýän hem görünmeýän zatlary: tagtlardyr häkimiýetleri, hökümdarlary we
erk-ygtyýarlylary — baryny Ol ýaratdy. Hemme zat Ol arkaly we Onuň üçin
ýaradyldy. Ähli zatdan öň bar bolan Oldur, ähli zatlar Ol arkaly mäkäm
durandyr”. (Kolos.1;16-17).Bu berilen şaýtlyga Ewreýlere ýazylan hatyň
awtory hem öz pikrini göşmaça edýar.Bunda awtor Mesih hakynda Ol-Hudaýyň
şöhratynyň ýalkymydyr, Onuň barlygynyň keşbidir. Ol bütin älem-jahany
gudratly sözi bilen saklap diyip şaýatlyk berýar.Hemme zadyň Hudaýy
eradasyna bunuň ýaly doly garaşlygynda mukaddeslikke hem günä hem
mumkinçilik bar. Ynsandaky Hudaý suraty we keşbi aýratynlyklaryndan biri bu
onuň ahlak taýdan erkin tanlap bilmegidir. Ezizler egerde bu mowzuga degişli
pikrleriniz bolsa biziň elektron menzilimize hat ýollaň. Höş ezizler Rebbim
sizleri merhemet etsin.