Salam. Ynsan näçe ýokarlansa şonça töweregindaki dostlary bilen bille
zelel etirmani islýan düşmanlary hem bolýany hiç kime syr däl. Bu dünýa
ýaradylandan bari bu hakykat bolan zat. Bu ýagdaý pätyşalarä hem garyblara
hem barabar degişli bolan. Şä ýokarlasa töweregindaki pätyşalar birleşip
onuň erlerini basyp alanlar. Sada adam bir üstünlige etişse özüne
meňseşler oňa badak atmaga hereket edenler. Bunuň ýaly ýagdaýlar
paýgemberleri hem aýlanyp geçmän.Şonuň ýaly bahyllaryň duzagynda
kynçylyk çeken paýgemberlerden biri Danyýel paýgemberdi. Ol 609-598 ýyllär
içinde Ýahydiýadan Babyla ýesir edip alyp gidilendi.Babyl şasy
Hebukadnessar köşginde hyzmatkär edip goýdy. Bu wakadan soň kop suwlar
akyp geçdi.Bir näçe pätşalar çalyşdy.Yone Danyýel her bir buýrulan işi
gaýrat bilen yokary ussalyk bilen bejereni uçin şalaryň nazaryna düşen.
Bu ýagdaý wezirler we häkimlere ýaramýady.Bir däl iz-izyndan gelen hemme
pätşalar Danyýele yokary ynanç bildirenleri ,oňy ýokary orunlara
göterenleri köşk emeldarlarynyň gaharyny getirýady. Mukaddes Kitabda olar
hakynda şeýle diýilen:”Şeýlelikde wezirler we häkimler pätyşalyk işlerinde
Danyýeliň ustinden arz eder ýaly bahana gözlemäge başladylar.Emma olar arz
eder ýaly ondan hiç hili ýazyk tapmadylar,çunki Danyýel wepalydy. Ondan hiç
hili ýaňlysyk we ýazyk tapylmady.Ol adamlar “Danyýele garşy onuň
Hudaýynyň kanuny bilen baglanyşykly bir zatlar tapaýmasak,ondan aýyp tapyp
bilmeris”-diyişdiler.(Danyýel 6:4-5) Şeýdip olar pätyşany täze perman
kabul etmäga razy etdiler. Permana görä halk 30 gun dowamynda diňe pätşä
sajde etmagi gerekdi.
Wezirler we häkimler Danyýel bu permana ämal etmesligini göwy bilenleri
uçin ony gözegçilik etmäga düşdiler. Danyýel bolsa hemişe edişi ýaly uç
gezek Ýaradana sejde edýady.Wezirler şony esas edip Pätşä arkaly oňy
jezalamaga gazandylar. Danyýeli ýolbarsly çukura taşladylar.Emeldarlar
bundan oran begendiler. Olar danyýelden gutulan ýalydylar.Yone olaryň
şatlygy köpa çekilmedi. Danyýel wepalyk bilen gulluk edýan Hudaýi oňy
yolbarslardan halas etdi.Oňa heç hilli zýan etirmedi.Mukaddes Kitabda bu
hakda anyk ýazylan:” Patyşa muňa gaty begendi we Danyýeli çukurdan
çakarmaklygy büýurdy.Şeýdip Danyýel çukurdan çykaryldyoňda hiç hilli ýara
ýzy ýokdy,çunki ol öz Hudaýyna bil baglapty.”(Danyýel 6:23)
Onuň nahäk garalananyndan gahary gelen pätyşa Danyýeli garalanlaryň
aýallary,çagalary bilen billelikde ýolbarsly çukura taşladylar.Olor entek
çukuryň düýbine ýetmäkeler ,ýolbarslar olary gapyp ähli sünklerini owradyp
kul etdiler” Netije edip aýdýan bolsak hemme zamanda hem ýokarlanýan
ynsaňy görüp bilmýanlar bir gun gelip özleri köwlen uryna özleri
ýkylanlar. Bunuň ýaly adamlar hemişe bolan we hemişe bolýar/Olara sebäp
bermes ýaly kişi özüne ýuklenen işi gaýrat bilen hiç hilli kemçiliksiz
berjaý etmagi we garalýanlaryň agzyny öräň oňat işleri bilen ýpmak
gerek.Başlgyň nazaryna düşmägi isleseňiz,tabşyrylan kiçik işleri hem
yokary derejede etmäga hereket ediň.Buny bir gezek däl hemişelik
esasynda berjaý ediň. Şonuň ýaly işlemek siziň adatyňyza öwrilsin,şonda
sizi hiç kim aýplap bilmaýar/