MP3

“Isa daşary çykyp,hemişekisi ýaly Zeýtun dagyna gitdi.Şagirdleri hem Onuň
ýzýna düşdiler….-Eý, Atam Eger isleseň, bu hasrat käsesini Menden sowa
geçir! Yone Meniň islegim däl,Seniň islegiň amala aşsyn”(Luka 22 bab
:39.42)

Salam gadrdan dinlejiler. Hudaý bilen gatnaşykda bolmak oraň gyzykly we
ýakymly.Bunda ynsan ýüregi hatirjem bolýar. Ýüregi asudalyga we içki
satlyga dola bolýar. Ýakynda bir aýdym eşitdim.Onda şeýle sözler bardy”
Goý Guýçly tüweleý gelsede,goý haýatymda ýyldyrym çaksyn,hemme zatlar
agdar-dönder bolüp gitsin, emma Sen men bilen bille.Şo tüweleý arasynda
ýüregim sen bilen hätirjem”. Şol aýdymy eşitenimde nämuçindyr deňizdaky
tüweleý ýadyma düşdi.Deňizde tüweleý guterilende bu tüweleý suw astyna
täsir etmaýar.Deňiz ustinde gorkünç tolkunlar,tüweleý bolsada deniz asty
dynç bolýar.Onuň astynda asudalyk hoküm sürýar.
Bu oraň täsin.Hudaýy bilen dogry gatnaşykda bolan ynsanyň haýatyny hem
şoňa meňsetmek mumkin. Haýatda nahillidyr kynçylyklar,synaglar we alajsiz
ýagdaýlar ýüza gelmesin,onuň ýüregi Hudaý bilen bille hätirjem bolýar.
Bunuň ýaly ýagdaýda bolmagy höwes etmek mumkin.Yone näme etsek hem ynsanmyz-
da kynçylygy görmani halamaýars.Her gezek Hudaýya :” Hudaýym ýymanymy
gýüçlentir. Meni özüne ýakynlaşdyr”-diyip ybadat edip izynaň “Emma
azaplanmagy islemeýanŞ-diyip göşup göýars.Hiç kim öz islegi bilen
gýnanmagy,azaplanmagy halamaýar.Emma bilýan ymanym güýçli bolmagy uçin kyn
ýagdaýlardan geçmagim gerek.Siz meni dü’ünýaňyz.

Isa Mesih hem sizni,meni,hemmemizi düşunýar.Ol hem biz ýaly boldy.Bizdem
tapawutly ol haýaty döwamynda hiç hilli günä etmedi.Ol her ädiminde Hudaýa
tabun boldy. Ol öz bildiginçe iş tütmady.Näme etse Atasynyň eradasyna görä
etdi. Ýokaryda azap çekmek barada gepleşdik.Ol hem haça barmak azapdygyny
bilýardi.Ol Hudaý bolany ýagdaýynda siz bilen biz ýaly ynsan bedenine
eýedi. Beden azaby,gýnagy düýar:” Eý, Atam Eger isleseň, bu hasrat käsesini
Menden sowa geçir! Yone Meniň islegim däl,Seniň islegiň amala aşsyn”… Ol
janyna umyt edip yhlas bilen ybadat etdi.Ondan çykan der damçalary bolsa
yere damanda gan damçylaryna meňseşdy.

Ol hem azap çekmany islemedi, emma ol öz islegini ýeňib Hudaýyň eradasyny
kabul etdi.Biz kop ýagdaýlarda azap çekmagy islemanimiz uçin Hudaýyň
eradasyny kabul edip bilmaýars. Emma Isa Mesih ýaly Onuň eradasyny kabul
etsek-de,öz islegimizden waz geçip Hudaýyň emrine boýsünsak onda näme
bolýar? Kyn bolýar,yone Hudaý taşlab goýmaýar.Ol Isa Mesihi hem taşlab
goýonokdy.Mukaddes Kitab bu hakda şeýle diýar: “ Şol arada asmandan bir
perişde görünup Ony goldap durdy.” Kyn bolsada Onuň eradasyny kabul etsek
Hudaýy bize şol kynçylyklardan geçmaga kömek edýar.Hudaýa ýakyn bolan
kişiler barada köpäk bilmagi islýaňyzmy? Onda biziň saýtymyza üýzleniň we
pikirleriňizi ýazyp göýberiň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top