MP3

Salam. Gadymda grekler ýahydiýler bilen bille Ierusalim we onuň
töweregindaki şaherlerde ýaşanlar. Titus anyk haýsy şaherden bolony mälim
däl.Yone ol grek bolon.Pesullerden Pawlus Galatiýalilara hatynda Titus
hakynda şeýle diýar:” Men on dört ýyldan Barnap bilen ýene-de Iýerusalime
gitdim. Bu gezek biziň bilen Titus-da gitdi. “(Galat 2:1) Pawlusyň ýazyşyna
görä ol on dört ýyl oň hem Ierusalime baran,yone ýanynda Titus
bolman.Titusyň haçan imana gelani hakynda hem maglumat yok.Yone hoşhabary
Pawlysdan eşidip imana geleni anyk.Bundan başga Titus Pawlusdan ançe ýaş
bolan.Pawlysyň Titusa ýazan hatynda şeýle dilýar:” Eý, Titus, imanymyzyň
bir bolandygy üçin, men seni hakyky oglum saýýaryn. Goý, Atamyz Hudaýyň we
Halasgärimiz Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy saňa ýar bolsun!”(Titus
1:4).
Titus resullerden Pawlusyň dosty,kömekçisi we perzenti ýaly bolan.Ol mälim
bir wagt Pawlus bilen bille şaherme-şäher gezip hyzmat eden.Pawlus Korinf
şäherindaki imanlylara ýazan hatynda şeýle diydi:” Men Mesihiň Hoş Habaryny
wagyz etmäge Troas şäherine baranymda, maňa Reb tarapyndan bir gapy açyldy.
Muňa garamazdan, köňlüm rahat däldi, sebäbi men ol ýerde doganym Titusy
tapmadym. Şonuň üçin-de, olar bilen hoşlaşyp, Makedoniýa ugradym. “(2Kor
2:12-13).Pawlys Hudaýyň ýolunda wepalylyk we yhlas bilen zahmet edýan we
talapkär, kişi bolan. Tebigy halda, hemralaryny hem şoňa görä iş tutmagyny
halan.Pawlus Titusy gowy goren,Titus şoňa görä pähimli, Hudaýa tüýs
ýürekden hyzmat edýan zahmetkäş yigit bolon diyip aýdyp bilýas.
Pawlus Makedoniýa gelenson,Titus Korinfdan Makedoniýa geldi.Ol Korinf
şäherindaki imanlylar bilen işlan bolmagy gerek.Titus Makedoniýa gelenson
kowmalar, hüjümler we gorkydan sykylan Pawlusyň göwnüne rahatlyk getirdi.
Oňy köşeşdirdi.2 Korintos 7 babynda ol hakda şeýle ýazylan:” Emma Hudaý
göwni çökgünlere teselli berýändir. Ol Titusy ýanymyza iberip, bize hem
teselli berdi”. Titus Korinf şäherindaki imanlylar jemagatynyň
habarçysydy.Pawlus oňy Korinfiklara şeýle teswirledi:” Hudaýa müň-de bir
şükür! Ol Titusyň-da ýüregine size bolan yhlasy saldy. Titus diňe biziň
haýyş edenimiz üçin däl, eýsem size bolan yhlasy sebäpli ýanyňyza
göwünjeňlik bilen gitdi. Titusyň ýany bilen imanly doganymyzy hem
iberýäris. Onuň Hoş Habary ýaýmakdaky hyzmaty üçin, ony ähli ýygnaklar
sylaýandyr. …Titus babatda şuny aýtmakçy: ol meniň ýoldaşym we siziň
araňyzdaky hyzmatdaşymdyr. “(2Kor 8:16-18,23).
Ol ynamly,sadakatly,Hudaýa säp ýürekden hyzmat edýan,kalby päk we gaýduwsyz
ymanly bolony uçin hem Pawlus oňy Krit adasyna adadaky imanlylara gözlep
durmak uçin galdyrdy.Hattda Pawlus bilen bille tussagda hem bolan.Ol hem
başga imanlylar ýaly bir ýerde ýaşaman.Pawlusyň ömri ahyrlap galanynda
Titus Dolmatiýadady.Mukaddes Kitap oňy Dolmatiýa giden diydi.Yone anyk
name sebäp bilen gideni mälim däl.Belki Pawlysyň özi Titusa Dolmatiýadaky
imanlylardan habar almaga iberendir.Titusyň nahilli ýaşany,öleni hakynda
maglumat ýok. Emma ol hem başga ymanlylar ýaly Hudaýa tüýs ýürekden hyzmat
eden. Bunuň ýaly kişiler haýaty bilen tanyşmagy isleseniz biziň saýtymyzyň
kapylary siz uçin hemişe açyk.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top