4:55

Terbiyeçi we Mukaddes Ruh

MP3

Salam ezizler.Ýer ýüzündäki gysga işi dowamynda Isa Mesih Öz galbyny butin insaniýete bagyşlapty.Butin insaniýete halas bolmak Höşhabaryny paýlaşmak wezipesini Ol on ikki şägirdlerine ýüklepti.Göge göterilmezden oň Isa olara Beýik Emrini berdi:” Şonuň üçin hem gidiň-de, ähli milletleri şägirt ediň….”-diylen bu emr Matta Hoşhabarynyň 28:19 aýatynda ýazylan.Tälim-terbiye dowamynda biz adamdaky gizlin ukuplary ýüze çykaryp,osdirýas.Şonda şu adam Hudaýa ýenede netijeli hyzmat edýan bolýar.Emma,terbieçi hiç haçan Mukaddes Ruhyň ornuny eýelap bilmeýanyny ýadymyzda tutmagymyz gerek.Biz adamyň galbyna el sokup onuň gymmatlyklaryny özgertip bilmeýas.Dogry,haýatda gymmatlyklary umumman nädogry bolan adamlara kop duşuşýas,olary özgertmekçi bolýas,ýone bu işi biz Mukaddes Ruha goýup bermegimiz gerek.

Bu onuň wezipesi,biziň wezipemiz däl.Terbieçi şägirdine diňe maksatyna ýetmegine kömek bermegi mumkin.Eger şägird öz haýatyny dolulyginçe Hudaýa bagyşlamadyk bolsa,Mesihyň şagirdi bolmak uçin gurban bolmaga taýyn bolmasa,Hudaýyň nukdaýnazary ony gyzyklandyrmasa,munuň ýaly şagirde terbiýeçi kop zat berip bilmeýar.Şonuň uçin kitapyn kop bölegi masihiýçe haýtyň ilk esaslaryna bagyşlanan.Egerde şagird öz özüni Isa Mesihe bagyşlan bolsa,Isanyň isleg eradasyny tuýs ýürekden berjaý etmekçi bolsa,terbiýe döwri ansat we gyzykly geçýar.Sonky barlaglar netijesine görä terbiýeçi şagirdiniň ösmegine goşýan goşanty ikki ýagdaý bilen çäklenip galýan eken:1). Wagt aýrmak: 2). Okamaga mumkinçilik döretmek.

Şägirdiň ösmegi bilen bagly bolan galan bary ýagdaýlar şägirdiň özüne bagly bolýar.Jogapkarçilik duýgusy, yhlas bilen işlemek,okuwa täşnelik,pähimlik,özgerişlere açyk bolmagy we şonuň ýaly başga sebäbler şägirdiň öz elindedir.Diýmek,terbieçi şagirdindäki özgerişi doly dolandyrip bilmeýar.Ýone şägird öz üstinde netijeli ýagdaýda işläp bilmegi uçin terbiýeçi ony gerekli okuw guraly we öwrenmek usullary bilen doly uýpçin edip bilýar.Şonda terbiýeçi ýolbaşçy wezipesini berjaý edip,şägirde maksatyna ýetişmagine ýardam berýar.Adamlary Mesihyň şägirdi edip ýetiştirmek uçin durli hil gurallar ,ýol we usullar bar.Bu usullary şagirdligin bütindünýä kadalaryndan aýryp bolýan bolmagy gerek.Geliň,size kadalardan birini mysal edip getireýin.Isa şeýle diýendi:”Eger Meniň sözlerimi berjaý etseniz,hakykyý şägirdlerim bolýanyz.”

Diýmek,şagirdlik kadalaryndan biri-hemişe Sözi berjaý etmek eken.Mukaddes Kitapy öwrenmage we açar aýatlary ýat almaga ýardam berýan gollanmalar kop,emma Sözi berjaý etmek adamyň öz erkinde. Täze imana gelen adam Sözi öwrenmek usullaryna kop gyzyklanmagy mumkin,emma ýadynyzda bolsun,Sözi berjaý etmek ondan möhümrakdir.Usul hiç haçan maksatdan üstin gelmezligi gerek.Taze imana gelen masihyý bilen işleýan ekeniniz,oňa şeýle sorag berip görmeginiz mumkin:” Şagird diyeni name?”Ol size durli hil jogap bereninden soň,oňa :” Gel,indiki hepte dowamynda Ýohanna beýan eden Höşhabary okap çykaýliň.-diyip teklip ediň.-Şägird kim ekenini şol Höşhabardan öwrenip alýanyz.” Höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top