5:37

Iman bilen ýöremek

MP3

Salam gadrly doganlar.Imanly haýatynda ol öwrenmegi gerek we möhüm bolan zat bu Hudaýa butinleý özüni tabşyryp,iman bilen haýat geçirmagidir. Eger sizden,”Haýatynyz y beýan edip beriň”,diyip sorasam,siz iman bilen ýorýan adamyň haýatyny beýan edýanyzmy ýada başga surat çykýarmy? Belki bu soraga siz iman hakdaky pikrinize esaslanyp,”Elbettde”diyip jogap berýanyz.Emma şeýle bolsa hem iman we iman bilen ýöremek nahilli boluşyny bugün biz bilen bille dykgat bilen diňlap bilip alyň.Mukaddes Kitap muny nahilli duşundirişini ýonekeý edip düşundirip bermage hereket edýas,çunki ony bilip almagymyz oran möhüm.Grek dilinde ýazylan Täze Äht kitapynda “iman” diyen sözi suratlandyrmak uçin ikki söz ulanylan.Biri at düzümine girýar başgasy bolsa işlik söz düzümine girýar.Olar “pistis”we “pistio” diyip aýdylýar.

Olar kimdir biri aýdan zada ynanmak,diyen manyny berýar.Ýagny,eger kimdir bir gepi aýatsa,siz onuň şol gepine ynanýanyz,şol gepiň dogrylygyna ynamynyz bolýar.Emma ikkinji söz birinjisinden hem koprak we çuňurrak mänya eýe.Munysy ind kimdir aýadan zada şeýle bir ynanmak däl,munda siz kimdir aýdanyna ýada onuň özüne ynanyp,özünizi oňa doly ynanyp tapşyrýanyz.Bu ikki söz arasynda tapowut bar.Meselen,Mukaddes Kitapda Isa Mesihyň ýüzbaşy bilen söhbetleşeni hakdaky bölek bar.Ýüzbaşy Onuň onüne gelip,”Meniň hyzmatkärim oýde kesseläp ýatir.Maňa ýardamynyz gerek”,diydi.Isa Mesih bolsa,”Men baryp ony sagaltýan”diyeninde ýüzbaşy name diýar?” Ýok,barmagynyz şert däl.Siz şol ýerde durup aýtsanyz boldy.”Ol siz şony aýdyň we meniň ynanmagym uçin şonuň özi ýeterli,diydi.

Isa Mesih hyzmatyny başlanyndan bari,”Asman Şäälygy ýakynlaşyp galdy,höşhabara ynanyň”,diyip aýdyp ýoran.Bu ynanç şeýle bir höşhabaryň bardygyna ynanmak däl,oňa özünizi bagyşlamakdir.Ýada,resul Pawlus Fillipdäky zyndanda bolanyda ýer titräp,derwezeler açylyp gidenini ýatlaň.Soň bolsa Pawlus Fillipilik zyndan goragçysyna geplaninde ol, “Halas bolmagym uçin näme etmegim gerek?”diyip sorän. Resul Pawlus oňa:”Rebbimiz Isa Mesihe ynan,şonda özüň we maşgalandäkylaryň bary halas bolýanyz”,diydi.Ol “Isa Mesihyň bardygyna ynansan boldy”,diyeni ýok.Ol “Isa Mesiha ynan we özüňi oňa bagyşla”,dedi.Deýmek biz ynanmak sözi nahilli manyny aňlatyşy hakda öýlaýan bolsak,bu şeýle bir zada ynanmak däl.Täze Ähtda aýdylan ynanç bu Hudaýyň Sözüne ynanmak,onuň hakykatlygyna we dogrulygyna iman getirmek we özümizi oňa bagyşlamakdir.

Namuçin Mukaddes Kitapda,”Hemişe batyr boluň”,deýilen? Çunki biz iman bilen ýoreýas.Ýagny biz hakykata ynanýas we bir adama iman getirendiris.Şonuň uçin hem haýatda nahilli ýagdaýlar bolmasyn,olara dik seredip,iman bilen ýoräp bilýas.Batyr bolýas we haýtymyzda näme bolmasyn,Hudaý gorup duranyna ynanýas.Biz bolsa iman diyen sözüň manysyny oýlanymyzda”ynanç” diyen söz haýaylymyza gelýar.Bu sözi ulanmak häzir däp bolup galdy.Kop adamlar “ynanýan” diyen sözi her bir gepinde aňsat ulanýar.”Ygtykat etmek” sözi iň ýagşy söz bolsa gerek.Ýagny,men bir zada ygtykat edýan we özümi hem ynanyp tapşyrýan.”Ynanç”ýada “ygtykat etmek” sözleri hereketi bildirýan sözler.Diymek siz ynanyzda elbettde şoňa göra iş tutmagynyz we hereketleriniz hem şoňa mas gelýan bolmagy gerek.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top