5:37

Bagyt näme

MP3

Salam gadrdanlar.Insan dünýä gelip,aklyny tanan ekeni,bagytly bolmagy isleýar.Emma bagyty hemme her durli düşunýar. Kim uçindir bu baýlyk bolsa,başgalar uçin saglykdir.Geliň bugun bu mawzuga ruhyý tarapdan çemeleşip ony hakykyý jogabyny tapmaga hereket edýas.Bagyt näme?Siz bagtlymy?Eger bagytly bolsanyz näme uçin bagytly diyip oýlaýanyz?Şübhesiz hemme bagyt agtarýar.Emma hemme hakykyý bagyt nahilli boluşyny bilýarmy?Bagyt bu insan öz haýatyndaky ýagdaýlardan kanagatlananda geçýan duýgu ýada prossesdir.Amerikanyň Garward Uniwersiteti butin dünýä meşhur Uniwersitetlardan biri.Bu Uniwersitetyň käbir alymlary hakykyý bagt näme dien soraga jogap tapmak uçin 70 ýyldan koprak wagt dowamynda 200 den artyk adamlar haýatynda barlaglar alyp bardy.Bu masihyý Uniwersitet bolmasada olar alyp baran barlaglaryň netijeleri oran ähmiýetli çykdy.

Olaryň ylmy-barlag netijelerine görä,bagytyň esasy saglyk we baýlyk däl, mährli,söýan insanlarda eken.Imanly höküminde bu pikre goşulýan.Bagytly bolmak uçin zerur bolan soýgi aragatnaşyklary barada siz bilen üç zady paýlaşmakçy bolýan.Birinjisi,bu Hudaý bilen aragatnaşyk.Bu insan haýatyndäky iň möhüm aragatnaşyk hasaplanýar.Hudaý bizi ýaradan,emma adam Ata bilen mama Howanyň günasinden soň Hudaý bilen insan ortasyndäky aragatnaşyk bozüldy.Olaryň tabunsyzlygy arkaly dünýä güna girip geldi.Bu günä bizi Hudaýdan aýyrdy.Bu aragatnaşygy dikeltmek uçin Hudaý Öz ogly Isa Mesihy biziň günalerimiz öwezine gurbanlyk edip iberdi.Ol bizi Isa Mesihdäky imanymyz uçin aklady.Diňe Isa Mesih arkaly insaniýet Hudaý bilen hakykyý aragatnaşyk oturtyp bilýar.Bu Hudaýyň merhemeti.Çunki Ol bizi söýar we biz bilen aragatnaşyk etmegi isleýar.

Näme uçin Hudaý bilen aragatnaşyk edenimizde özümizi bagtly duýas?Isa Mesih arkaly Hudaý bilen ýaraşdyranymyz uçin Hudaý bizi özünuň perzentleri höküminde kabul edenini bilýas.Ol bizi taşlap gitmezligini we Ol biz bilen bille ekenini bilýas.Onuň maksatlary dine biziň bahbitligimiz uçin ekenini we haýatymyzda geçýan kynçylyklar bizi taplamak uçindigini,Onuň soýgisinden bizi hiç zat aýyryp bilmezligini bilýas.Imanly bolup,Hudaý bilen ýakyn aragatnaşyk etmesek,ýüregimizde parahatlyk bolmaýar.Hudaý hemişe bize ýakyn .Eger Hudaý bilen aragatnaşyklarymyzda mesele bolsa ,diymek biz Hudaýdan daşlaşandiris.Belki Hudaýyň onünde toba etmedik nahillidir günamiz sebäblidir?Belki ybadatlarymyza jogap almanymyzda Hudaý bizi eşitmeýar we bizden uzakda diyip oýlanymyz uçindir? Nadip Hudaý bilen aragatnaşyk etmegimiz mumkin?

Munun üç sadeje jogaby bar.1.Ybadat.2.Mukaddes Kitapy okamak.3. Imanlylar bilen aragatnaşyk.Ikkinjisi bu- özümiz bilen aragatnaşyk. Ilki biz özümizi nahilli bolsak,şeýleleigimizçe kabul etmegimiz gerek.Çunki biz Hudaýyň keşbinde ýaradylandiris.Biz Isa Mesihdäki ornümyzy bilmegimiz gerek.Biz Hudaýyň perzentleridiris.Käwagt öz-özümizi bagyşlap bilmenimiz uçin bolup bilmeýas.Biz geçmişde eden ýalňyşlarymyzy ýatdan çykaryp bilmeýas.Insan özi bilen aragatnaşykda bagytly bolmagy uçin,bu aragatnaşygyň ikki tarapyny ýagşy ösdürmegi gerek.Ruhyý haýatyna üns etmegi gerek.Fiziki bedenimiz iýmite mätäç bolany ýaly,ruhymyz hem iýmite we gözegçilik etmage mätäç.Özümiz bilen aragatnaşykda ruhyý iymitiň orny hakda indiki söhbetlerimizde maglumatlara eýe bolýanyz.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top