5:04

Ýeşuwanyň nesihatlary

MP3

Salam gadrdan diňleýji.Sizi bilmedim,ýone men Mukaddes Kitapdan Ýeşuwa hakda ökan wagtym,hemişe oňy ýaş we Musanyň onünde ýörenini göz onüme getirýan.Emma hemmede boluşy ýaly ol hem wagtynda ýaş bolon,ulalan we garryp ölen.Nämuçindir Ýeşuwanyň ýaşlygyndaky ýagdaý aňymda suratlandyryp galan.Belki ol Musa paýgemberiň sadakatly ýardamçysy,oran tabun şagirdi bolany uçindir? Hudaý Musä kömekçi bolmagy,sonundan halky wada edilen ýere alyp barmak uçin Ýeşuany saýlandy.Mukaddes Kitap şeýle diydi: “Reb Özüniň guly Musa ölenden soň, onuň kömekçisi Nun ogly Ýeşuwa şeýle diýdi: «Meniň gulum Musa öldi. Indi Meniň ysraýyllara berýän ýerime barmak üçin, seniň özüň hem tutuş halk Iordan derýasyndan geçmäge taýýarlanyň. “

Musanyň öliminden soň halky dolandyryp barmak uçin Ýeşuwany saýlap birinji düşüşuwdan Hudaý Ýeşuwa arkaly halka gepledi.Ýeşuwa entek ýaş,tejribesizdi.Şeýle bolsada Hudaý oňy ruhlantyrdy:” Eý Ýeşuwa,Ömrüňiň bütin dowamynda hiç kim seniň garşyňda durup bilmez. Musa bilen bolşum ýaly, Men seniň bilen hem bile bolaryn. Senden hiç wagt bir ädim-de daşlaşmaryn, hiç wagt seni ýeke taşlamaryn. Dözümli hem mert bol! Meniň olaryň ata-babalaryna ant içip, söz beren ýerimi eýelemekde sen şu halka ýolbaşçy bolmalysyň. “(Ýeşuwa 1:6). Hudaý adyý insana şeýle wada bermagi oran hem tolgunyşykly ýagdaý.Hudaýyň şeýle wadasyna eýe bolmagy haýsy imanly halamaýar?Ýone Hudaý Ýeşuwa oran ullakan we şanly işi tapşyranyny hem ýatdan çykarmaslygymyz gerek.

Ysraýyl halkyny Iordan derýasyndan alyp geçip,wada edilen ýurdy halkka adalat bilen paýlaşdyrmak.Ol ýurda girip baranson,ýurt adamlary ýerlerini aňsatlyk bilen berib goýmanlar.Olor Ýeşuwa başçylygynda söweşip ýerleri ele almalydylar.Şonuň ýaly jogapkärli we agyr işi Ýeşuwa Hudaýyň kömegisiz edip bilmesdi.Hudaý oňa wada berýan eken oňy şeýle duýdyrdy: “Goý, bu Kanun kitaby seniň diliňden düşmesin. Şondaky ýazylanlaryň hemmesini dykgat bilen ýerine ýetirer ýaly, ony gije-gündiz aňyňda sakla, şonda seniň ähli işleriňde üstünlik we abadanlyk hemraň bolar. Men saňa şeýle buýruk berýändirin: dözümli hem mert bol! Gorkma we dowla düşme, çünki sen nirä gitseň-de, nirede bolsaň-da, Hudaýyň Reb seniň bilendir!»(Ýeşuwa 1:8).Hudaý jögapkärli işi oňa berýaňynda nahilli emr eden bolsa Ýeşuwa hem güni bitip,bu dünýany terk edýanynda Ysrayýl halkyna şeýle nasyhat etdi.

“Ine, görşüňiz ýaly, meniň sanalgym doldy. Hudaýyňyz Rebbiň size beren ähli ajaýyp wadalarynyň ýekejesi hem ýerine ýetmän galmandygyny siziň hut özüňiz mese-mälim bilýäňiz. Onuň her bir sözi amala aşdy, ýekejesi hem hakykata öwrülmän galmady. Ýöne Hudaýyňyz Rebbiň her bir ajaýyp wadasynyň hakykata öwrülişi dek, Özüniň beren oňat ýerinden sizi ýok edýänçä, başyňyzdan bela-beterleri-de inderer. Eger-de siz özüňize berjaý etmek üçin berlen Hudaýyňyz Rebbiň ähtini bozsaňyz we başga hudaýlara gulluk edip, olara sežde etseňiz, onda Rebbiň gahar-gazaby siziň garşyňyza tutaşar. Siz Rebbiň beren bu oňat ýerinde şobada heläk bolarsyňyz».(Ýeşuwa 23:14-16).Ezizler Hudaý aýdan emrleri hakda diňe biziň saýtymyzdan bilip alýanyz.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top