4:03

Hudaýa şükur etmek

MP3

Salam eziz doganlar.Ýadynyzda bolsa biz şol programmamyz arkaly barymyzy ýaradan Perwerdigarimize şükürler aýdyp ybadat edip gelýas.Söýikli doganlarym,bugun hem biz Rebbimize ybadat edip ol bilen bille wagt geçirýas.Siz sonky gezek Hudaýa haçan ýüz tutdyňyz?Eger Hudaýy küýsen bolsanyz ýada ol bilen täze aragatnaşyk gurmakçy bolsanyz onda biz bilen galyň.Ezizler ,ybadat haýatymyzda oran möhüm rol oýnaýar.Meselen,çaga perzent ene-atasy bilen änçe wagt gepleşman göýsa çaganyň we ene-atanyň aragatnaşyklary erbetleşýar.Olaryň arasyndaky aralyk artyp barwerýar.Ondan görä geliň hezrati Isa Mesih Hudaýyň Sözünde öz şagirdlerine aýdan käbir aýatlary size okap bersem.Rebbimiziň resullerinden biri Luka beýan eden höşhabaryndan okaýas:

Bir gün Isa Hudaýa doga okap otyrdy. Ol muny gutaran wagty, şägirtleriniň biri Oňa: «Agam, Ýahýanyň öz şägirtlerine öwredişi ýaly, Sen hem bize Hudaýa doga etmegi öwretsene» diýdi. Isa olara Hudaýa doga okanyňyzda şeýle diýiň:

«Eý, Atamyz , adyň mukaddes bolsun!

Patyşalygyň gelsin!

Gündelik çöregimizi bize günde ber.

Bize garşy günä edenleri bagyşlaýşymyz ýaly,

Sen hem biziň günälerimizi bagyşla.

Bizi synaga salma» diýdi.

Onsoň Isa olara şeýle diýdi: «Aýdaly, siziň biriňiziň dostuňyz bar. Sen ýarygije şol dostuňyň ýanyna baryp: „Dost! Maňa üç çörek karz bersene. Uzak ýoldan ýakyn dostum geldi. Onuň öňünde goýara zadym ýok“ diýip ýalbarýaňyz. Şonda dostuň içerden: „Meni birahat etme! Gapy birçak gulplandy, çagalarym, hemmämiz uklap ýatyrys. Men turup, saňa hiç zat berip biljek däl“ diýip jogap berýär. Size şuny aýdaýyn, ol adam saňa çöregi dostlugyň hatyrasyna bermese-de, ony gününe goýman, erjellik bilen soraberseň, islendik soran zadyňy berer. Men size diýýärin: diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar. Hawa, dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana açylar. Sizden haýsy ata ogly balyk dilände, balyga derek oňa ýylan berer? Ýa bolmasa ýumurtga dilände, oňa içýan berer? Şeýlelikde, siz erbet bolubam öz çagalaryňyza oňat peşgeşler bermegi bilýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz Özünden dileýänlere Mukaddes Ruhy has-da köp bermezmi?»Nahilli ajaýyp aýtlar!Ezizler geliň biz hem ellerimizi açyp söýgisiňiň çägi ýok Hudaýymyza ybadat edaýliň.Söýikli Ata,bizi söýaniň uçin minnedars,bizi saýlap öz halkyň edip,bizi öz perzendiň edip yglan edeniň uçin minnetdars.Seniň Mukaddes Adyň şöhratlansyn! Hudaýym häzir elini açyp Saňa ybadat edýan bary bendeleriňi Öziň dua et merhemetle.Ýüregimizi Mukaddes Ruhyň bilen doldur.Haýatymyz saňa degişlidir.Haýatymyz Saňa degişlidir,haýatymyzy Özüň dolandyr.Bizi öz penaňda sakla eziz we söýigili Ata.Seniň Adyň ebediý şöhratlansyn!Omin!

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top