MP3

Salam gadrdan diňleýji.Ýakynda Ýohanna gelen aýanlyk Kitapyny okap durup çuňňur oýa batdym.Resullerden Ýohanna bu aýanlygy alanynda nahilli ýagdaýda bolon eken?Hudaýyň perişdesi Ýohannä jemagatlar hakynda geplan.Hudaýyň bu jemagatlar hakyndaky pikri şol wagtdaky jemagtlara oran ýagşy gollanma bolup hyzmat eden bolsa giň däl.Olor bu habary eşiden badyna öz ýanlyşlaryny aňlap jamogatlaryny ýenede ýagşylanlary şübhesiz.Jemagatlara ýazylan hatny okýan ekenim bu gollanma bu duýduryşlar biz imanlylara hem dogry gelýar diyen pikre geldim.Näme uçin diyaňizmi?Geliň awwal Efes şäherindaki jemagata ýazylan haty okap goreýliň.

«Efesdäki ýygnagyň perişdesine şuny ýaz:

Ýedi ýyldyzy sag elinde Saklaýan, ýedi altyn çyradanyň arasynda Gezýän şeýle diýýär: „Men seniň ähli edenleriňi, şol sanda zähmet çekendigiňi, gaýratlydygyňy bilýärin. Seniň ýaman adamlary ýigrenýändigiňi hem bilýärin. Sen özlerini resul saýýanlary synap, olaryň ýalan resuldyklaryny äşgär etdiň. Sen gaýratlysyň, Meniň ugrumda köp muşakgatlara çydadyň, ruhdan düşmediň. Emma sende oňlamaýan bir zadym bar: sen Meni ilkibaşda söýşüň ýaly söýmeýärsiň. Şonuň üçin, haýsy belentlikden ýykylanyňy ýadyňa sal! Toba et-de, ilkibaşda eden işleriňi amal et! Eger toba gelmeseň, ýanyňa baryp, çyradanyňy ýerinden aýraryn. Ýöne şu edýänleriňi welin oňlaýaryn: sen nikolaçylaryň edýän işlerini ýigrenýärsiň. Men hem olary ýigrenýärin. ».(Ýohanna gelen aýanlyk 2:1-6).

Şol wagtda Efes şäherindaki jemagat oran gowy ösüp gelýady.Hudaý oňy “zähmet çekendigiňi, gaýratlydygyňy bilýärin. Seniň ýaman adamlary ýigrenýändigiňi hem bilýärin. Sen özlerini resul saýýanlary Seniň ýaman adamlary ýigrenýändigiňi hem bilýärin. Sen özlerini resul saýýanlary synap, olaryň ýalan resuldyklaryny äşgär etdiň”-diyip magtaýar.Ýone şol bilen bille onuň ýanlyşyny hem görkezip geçýar.Onuň ýaňlyşy “Meni ilkibaşda söýşüň ýaly söýmeýärsiň”Bu dünawyý söýgi däl.Hudaý bu ýerde ruhyý söýgi hakynda gepleýar.Ilki Hudaýy tanan günlerdeki gyzgyn Mukaddes Ruha doly söýgi,Hudaý uçin her zada taýyn bolan söýgi.Biz hem käwagt ruhyý guýçli höwes gowşanini,ilki guýçli we gyzgyn söýgi gowşanyny gorýas.Hudaý ine şol söýgi hakynda aýdýar.Hudaý hyzmatyny söýgisiz, borç hökmünde berjaý etmek oňy tuýs ýürekden berjaý etmeslik bilen barabardyr.

Çyndan hem aramyzda Hudaýyň hyzmatyny berjaý edýanlar bar.Olaryň käbirleri çyndan hem bu hyzmata edilmeli bolan iş diyip seredýarlar.Bunuň ýaly insanlara Hudaý “Töba et we ozalky işleriňi edip gez”-diydi.Hudaýyň hyzmatynda ekenik Oňa makul bolan işleri etmeginmiz,edende hem Hudaýa çäksiz minnetdarlyk,guýçli söýgi bilen etmagimiz gerek.Hudaý bizden tä şoňa garaşýar.Hudaý biziň ýagşy işlerimizi,sabr-tukatymyzy,Onuň ady uçin nahilli kynçylyklary ýeňip geçenimizi bilýar.Ol bularyň baryny gadryny bilýar.Ýone şol bilen bille ýaňlyşlarymyzy dogrulamagymyzy isleýar.Ýoksa ýaňlyşlarymyzyň erbet netijelerini görmagimize dogry gelýar.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top