MP3

Salam eziz doganlar.Ýene siz ezizler uçin berilip barylýan mowzuklarymyzdan biri.Eziz doganlar,Köne Äht kitapynyň 1-ji Şamuwel kitapynyň 16 bap 14 aýatynda :” Rebbiň Ruhy Şawuldan aýryldy. Reb tarapyndan iberilen jyn-arwah ony gorkuzýardy. “diyip ýazylan.

Bu Hudaýda hem ýaman ruhlar bar ýada Hudaý insanlara hemişe ýamanlygy munasyp gorýar diyeni däl.Bu ýerde diňe ýaman ruh Hudaýdan rugsat alyp Şowuly gýnany suratlandyrylan.

Hudaýyň rugsatysyz şeýtan hem we onuň nökerleri hem insanlara hiç hilli täsir edip bilmeýarler.Indi sorag peýda bolýar.Näme uçin Hudaý ýaman ruha Şowuly gýnamagyna rugsat berdi?Şu soraga iň ýagşy jogap şeýle –Çunki Şowul özi saýlan ýoldan ýöremegi gowy diyip bildi.

Ol Hudaý görkezen ýoly saýlamady.1-ji Şamuwel kitapynyň 13 bapyny okap gorseniz,edil şu barada gep barýar.Şamwel paýgember Şowuly felistimliler bilen bolup geçýan söweş oňünden garaşyp durmagyny haýyşt edendi.

Ýone paýgember biräz giç galany sebäbli Şowul garaşyp bilmedi we şu arkaly Hudaýa boýun egmezlik etdi.Ezizler,eger Mukaddes Kitapy okap görsek Şowul söweş onünden Hudaýyň eradasyny agtaranyny ýada Oňa ybadat arkaly ýalbaranyny görmeýas.

Hudaýa tabunsyzlyk bolsa nahilli netijelere alyp geldi?Şawul Hudaýa adaklanan bary gurbanlyklary özi getirdi.Bu bolsa şu wagtda oraň agyr güna bolup hasaplanýardy.Çunki bunuň ýaly işleri diňe Hudaý tarapyndan saýlananlar amala aşyrmagy mumkindi.

Şämuwel paýgember ýetip geleninde,Şowul bary däp-dessurleri gutaryp bolondy.Şowul bary eden işleri uçin Hudaýyň onünde toba etmedi.Tersine ol özüni aklamaga hereket etdi.Şeýdip pätyşalyk Dawudyň eline geçendi.

Dawud Hudaý tarapyndan butin şäälygy dolandyrmak uçin hukuk aldy.Elbettde Şawul Dawuda kop garşylyklar görkezdi.Esasan ýaman ruh Şawula öz täsirini geçiren wagtlarynda,ol özüni gözegçilik edip bilmesdi.Ýone Hudaý amala aşyran işi hiç kim bözüp bilmeýar.

Haçan Hudaýyň Ruhy Şowuly terk edeninde,Şowul şäälygy dolandyrmak islegini ret etdi,dogryragy oňy şonuň ýaly isleg terk etdi.Netijede Dowudyň şöhraty butin memleket boýlap ýaýrady.Ezizler şonuň uçin hem Hudaýyň görkezen ýolundan ýöremek hemme uçin oran möhümdir.

Şonuň bilen eziz doganlar mowzugymyz öz sönüna ýetdi.Hoş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top