MP3

Salam hormatly doganlar,siz bilen ýene düşüşup duranymyzdan oran minnetdaris.Hormatly doganlar,eger insanda sadyk dost bar bolsa,her hilli ýagdaýda hem oňa daýnmagyz mumkin.
Ýone şu bilen bille insanlar arasynda sadyk dostyň tapylmagy änçeme kyn.Esasan sonky wagtlarda bu anyk belli bolup galdy.Bilýanyzmy Ybraýymyň ajaýyp dosty bardy.Ol hiç haçan Ybraýymdan ýüz döndermedi.Hemişe her hilli ýagdaýda hem ol bilen bille bolan.

Hudaý Ybramy we Ybram Hudaýy oran ýagşy gorerdi,şonuň uçin hem Hudaý Ybramy dostum diyip aýdan.Ybram aýrym wagtlarda nämedendir gorkýady,şonda Hudaý Ybrama teselli bererdi..

Bir guni Hudaý :” «Ybram, gorkma! Men seniň galkanyňdyryn, seniň sylagyň juda uly bolar»diydi. Elbettde Ybram Hudaý oňa gepleninden oran begenipti.Çunki oňy indi Hudaýyň Özi hemaýat etmekçidi.Ahrym insanlardan ýada başga bir barlykdan haýsy biri Hudaýa garşy çykyp bilerkä?

Indi ol gorkmasada bolýar .Gyzyk,Hudaý nahilli sylag hakda aýtdy eken?diyen sorag peýda bolýar.Ahrym Ybramyň baýlygy oran kopdi.Onuň mallary,altynlary,hizmatkärleri ýeterlidi.Howwa onuň ogly ýokdy.Aslynda Ybram hem,aýaly hem garrap galandy.

Medisina tarapyndan seretsek,olaryň perzent gorişi mumkin däldi.Ýone Hudaý uçin mumkin däl zadyň özi ýok.Ybram Hudaýa :«Eý, Hökmürowan Reb, Sen maňa näme berjek? Meniň heniz-de perzendim ýok. Hojalygym damaskly Eligezere miras galar. Sen maňa perzent bermänsoň, hojalygymdaky gulum maňa mirasdar bolar» diýdi. Ybrama Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Ol seniň mirasdaryň bolmaz, öz biliňden önjek seniň mirasdaryň bolar» diýdi.

Soňra Reb Ybramy daşary çykaryp: «Asmana seret. Sen şol görünýän ýyldyzlary sanap bilseň sanaý. Seniň şonça-da nesliň bolar» diýdi. Ybram Rebbe iman etdi we Reb ony dogry hasaplady.Elbettde Ybram Hudaýa bagyşlap ajaýyp gurbanlyk getirdi.

Ybramyň aýaly Seraý öz çagasy boluşyny isleýady.Şonuň uçin. Seraýy özünuň bir müsürli gyrnagynan Ybram arkaly bir çaga dogurup bermagini sorady.Aradan wagt geçip müsürli gyrnagy göwreli boldy we bir ogul perzent dogdy.Elbettde buny gören Seraýy gazaplandy.

Ol öz gyrnagyna kop işler berip oňa azap bererdi.Kynçylyklara çydap bilman Hajar ogluny alyp ondan çöle gaçyp gitdi.Aradan bir ýyl geçip Seraý hem Ybrama ogul perzent dogup berdi.Hudaý öz wadasyny amala aşyrdy.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top