4:34

Ruhdaky haýatymyz

MP3

Salam ezizler.Ybadat mowzugyna bagyşlanan programamyza hoş geldiniz. Ýürekgysgynçlyk hem,gazap hem bedenden gelýar.Ruhdan bolsa,söýgi,şadýanlyk,parahatlylyk,sabr-tukat…we tolgunyş hem Ruhdan gelýar.Hudaý aladalydir.Ýone Ruhda haýat geçirmek diyeni,hemişe ýokary keýpde bolýanyz diyeni däl.Ýone Ruhdaky haýat hiç haçan içgysgynç bolmaýar.Ol diyen ýaly gorkynç bolmagy mumkin.Haýat sizi meseler bilen gömüp taşlamagy mumkin,olardan nahilli gutulmagy bilmän azap görmeginiz mumkin.Içgysmaga ýer galmaýar.Siz gorkmagynyz mumkin,çunki gorky masihyý haýatyň bir bölegidir.Ýone içgysgmak gazap däl.Gazapyň hem ýagşy durleri bar.ýone sabrsyzlyk bilen edilen gazap nädogrydir.Meselen,kimiňdir bedene esaslanyp amal edişini görýas,bu bolsa öz ornünda bizi gyjynmaklyga alyp gelýar ýada biziň göwnümize degýar,bu bilen biz hem bedene daýanyp iş tutan bolýas.Buny anyk görmek uçin Mukaddes Kitapdaky zyna edýan wagtda tutulan aýal hakdaky ajaýyp bölegi ýatlaň.” : «Mugallym, bu aýal zynada tutuldy. Musa Töwratda bular ýalylary daşlap öldürmegi buýrupdyr. Sen muňa näme diýersiň?» diýip soradylar. Olar muny Isany synamak üçin sorapdylar, sebäbi Ony aýyplamak üçin tutaryk agtarýardylar. Isa aşak oturyp, barmagy bilen ýere bir zatlar ýazmaga başlady. Ondan soramagy dowam etdirenlerinde, Isa dikelip: «Siziň araňyzda kimiň günäsi ýok bolsa, bu aýala daşy ilki şol atsyn» diýdi. Ol ýene-de aşak oturyp, ýere bir zatlar ýazmaga durdy.”(Ýohanna 8:4-8)

Haýatynyzda çyndan hem Täze Ähta esaslanyp haýat geçirenmisiniz,ony tananmysynyz,we Täze Ähta daýanyp günler ýada hepdeler dowamynda ýaşap bilenmisiniz?

Beden aldawçidir.Öz tejribeme esaslanyp siz hatta bir gun hem Ruhda ýaşap biljeginize göz ýetirmeýeanymi aýtmagym mumkin.Eger bir näçe sagat hem ýaşap bilseniz şatlanyň.Ýone siz hiç haçan bedende kop wagt ýaşamaslygynyz gerek.Men uns edýanym Bedende ýaşaýanynyzy duýmagynyz mumkin.Egerde olara çekilip galsak,alajy barynçenli bu ýagdaýda kop wagt galmaslygymyz gerek. Birahatlyk,gamlyk,sabrsyzlyk mahlasy näme bolmasyn,olary derrew tanamaga başaryň,bize gereksiz bolany uçin olary ret ediň we şobada Rebbimiziň onüne gaçyp gidip onuň ýanynda ýatyp alyň.Şonda biz tiz Ruha gaýtýas,her gezek synaga duş gelende buny amala aşyrmak mumkin,çunki indiki synag ýada mesele özüni kop garaşdyryp goýmaýar.Mesihyý haýat hemişe ýeňişli haýat diyeni däl,ýone bunuň alajy bar.Isa hem şonuň ýaly haýat geçirenine ynanýan,biz bolsa bedenni Ol ýaly ýagşy kabul etmeýas we düşünmeýas,şonuň uçin hem biz beden duzagyna kopräk düşýas.Şonuň uçin hem bize bagyşlanmak merhemeti berilen,çunki şol ýykyşlar Rebbimiz onüne gaýtmak uçin böwet bolup bilmeýar.Bu merhemeti elden çykaryp bilmeýas,çunki başyndan bize bagly bolman.”Ine men ikki ýada ýarym günni Täze Ähtda geçirip bildim,Rebbim indi maňa nazar sal.Men ýykyldym,şonça wagtym biderek gitdi”diyip oýlap başlasanyz,bu bilen siz Täze Ähty nädögry düşünen bolýanyz.Bu zat özünizden gelmän.Guýç ýygnap,nädögry hereketlerinizi size görkezen Hudaýa şükür edip hereketi ýene dowam ettdiriň.Ezizler ,egerde sizde ybadat mätäçligi bolsa,biziň saýtymyzdan peýdalanyp,bize habar ýollaň.Biz siz uçin billelikde ybadat edýas.Atlarynyz efire koýberilmeýar.Rebbimiziň merhemeti barynyza ýar bolsun ezizler.Hoş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top