4:02

Ybadat we onuň amala aşmagy

MP3

Salam ezizler Ybadat mowzugyna bagyşlanan programmamyza höş geldiniz.Bir adamyň ybadaty başga adamyň ýagdaýyny butinleý özgertip ibermagi mumkin,koplanç bu tiz we garaşmanda amala aşýar.Täze ýyl öň ýanynda maşgalam bilen ýurdymyz daglarynda ýerleşen ajaýyp dem alyş ýerlerinde boluptik. Gün ýaşan çagy töwerakdaki hemme ýer gury,çöl ýaly we hasylsyz duýlýady.Guran gonur renk ýapraklar agaçlardan dökulýady.

Bu bolsa gyşyň adyý we içgysarly görünişidi.Ýone ir bilen oýanyp seretsek mužjyzaly we gözellik mekanda oýananymyzy duýdyk.Her bir üzne çyzyk tekislenen,her bir dag ýaşyrylandy.

Gijesi bilen,bildirmän,asuda, ýumşak,ses çykarman 15 santimetra ýakyn gar ýagyp butin görünişi özgertib iberendi. Biz ertekdaki ýaly gözellik we rähnet mekanynda oýandyk.Tä şonuň ýaly ýagdaý Hudaýa umyt baglan adamyň haýatynda hem boluşynyň şaýaty boldum.Bu adam,kesgitli öz ýoluna eýe bolmagy islan.Ybadat odasynda pes ses bilen aýdylan ybadatyň guýji bilen bu adamyň ýüregi ýumşady,eradi,dynçlandy we özgerdi.Onuň dünýa garaşy şobada özgerdi.

Käwagt ybadat beýle tiz amala aşmaýar,käwagt bunuň uçin koprak wagt gerek bolýar.Wagt faktori,Hudaý tarapyndan dolandyrylýar.Ol hiç haçan ybadat jogabyny wagt bilen bellemeýar.Ýone Ol hemişe bizi ybadat hyzmatyna,özümiz we başgalar uçin ybadat etmaga çagyrýar.Hudaý öwredişi ýaly ybadat etmagi öwrenip alsak,öz haýatymyz we başgalaryň haýatyndaky Hudaýyň çäksiz çeşmesini çykaryp iberýas,we şonuň ýaly ruhymyzy guýje doldurup we içki dünýamyzy berkitip haýat meselelerini arkaýyn kabul edwerýas.

Bugunki ybadat mowzugyny Mukaddes Kitapyň bir bölegi bilen gutarýan.Timoteosa 2 hatynyň 2 bap 24-26 aýatlarynda resul Pawlus özünuň imandaky ogluna şeýle diydi:

“Rebbiň hyzmatçysy dawalaşmaly däldir, tersine, hemmelere mylakatly, öwretmäge ukyply, sabyr-takatly bolmalydyr. Ol özüne garşy çykýan adamlara hem ýumşaklyk bilen öwüt-ündew bermelidir. Belki, Hudaý bu adamlaryň hem toba gelmegine bir ýol açar. Olar-da hakykaty bilip, akylyna aýlanarlar, iblisiň duzagyndan gutularlar. Sebäbi iblis olary ýesirlige alyp, öz niýetini amala aşyrmaga mejbur edýändir.”(2-ji Timoteos 2:24-26).Eý doganlarym,eger sizden bir kişi hakykat ýolundan boýun gaçyrsa,ony ýene hakykata gaýtarmaga çalyşyň.

“Doganlarym, şuny ýatda saklaň: eger araňyzdan biri hakykat ýolundan azaşsa we başga biri ony ýene ýola salsa, günäkäri dogry ýola salan adam bir jany ölümden halas edip, köp günäleriniň üstüni örtýändir.”(Ýakup 5:19-20).

Ezizler egerde sizde ybadat mätäçligi bolsa bize habar ýollaaň,atlarynyz efire koýberilmeýar.Rebbimiziň merhemeti barynyza ýar bolsun.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top