3:28

Hudaýa hyzmat

MP3

Salam eziz doganlar,siz bilen sag aman duşuşup duranymyzdan oran şat.Ezizler nowbatdaky mowzugymyz siz uçin taýynlanan baş üsine diňlaň.

Eziz doganlar,biz her birimiz Hudaýa hyzmat etmek uçin döredilendiris.Huday bu älem-jahandaky her bir janly zada malim ukup,guýc beren.Käbir haýwanlar ýügurýarlar,käbirleri bokýarlar,käbirleri suwa düşýarlar,käbirleri gazýarlar we käbirleri uçýarlar.

Bu insanlar uçin hem dogry gelýar.Her birimiz mälim bir wezipeni berjaý etmek uçin bir görünişde döretilendiris.Arhitektorlar bir binany gurmakdan oň olor bu bina näme uçin hyzmat edýanyny soraýarlar.”Bunyň maksaty näme?Bu nahilli ulanylýar?” Isleýan wezipe binanyň şeklini bellep berýar.

Hudaý sizi döretmesden oň Ol sizi ýerde nahilli wezipeni berjaý emeginizi belledi.Ol sizi,ol uçin nahilli hyzmat etmaginizi anyklap,sizi şol wezipe uçin doretdi.

Siz şeýle bolmagynyzyň sebäbi-siz aýratyn hyzmat uçin doredilensiz.Mukaddes Kitapda şeýle ýazylan:”Biz Hudaýyň öňden taýýarlan oňat işlerinde gezer ýaly,Onuň Mesih Isada ýaradylan eseridiris.”(Efesliler 2 bap 10 aýat.

Biz hatar-hatar bolup ýaradylan däldiris,belki dolulygymyzça ýaradylandyris.Biz aýratin döredilen,ýekeje we beýik sungat eseridiris.

Hudaý bizi we hyzmatymyzy bitewi edip döretdi.Ol edil gerek bolýan DNKny düzip çykdy.Dawud Hudaýy şol kämilligi uçin şöhratlandyryp şeýle diydi:”Sen meniň içgoşlarymy ýaratdyň,enem göwresindekäm Sen şekil berdiň.”(Zebur 138:13).

Tä Etel Yoters aýdany ýaly:”Hudaý gereksiz zady ýaradmady”, Hudaý sizi diňe bir dögülyşynyzdan oň şekilendirman,belki ömrüniziň her bir gunini Onuň şekil beriş wagtyna ýardamçy edip meýileştirdi.”Heniz şekilsizkäm meni gzleriň gördi,maňa bellenilen günleriň hiç biri heniz gelmänkä,olaryň her biri Seniň kitapynda eýýäm ýazyldy.(Zebur 138:16).

Bu diyeni haýatyňyzda bolýan her hilli waka hem ähmiýetsiz däl.Hudaý buny siziň başgalara hyzmatyňyz uçin we Oňa hyzmat etmaginiz uçin ýaratdy.Hudaý hiç haçan bir zady biderek harç etmeýar.

Eger Oňuň şohratlanmagy uçin ulanmaýinimizçe Hudaý bize ukup, höwes, başarjaňlyk, — peşgeş,ler,şahsiýet we tejribeni bermesdi. Ezizler,şu ýerde bugunki mowzugymyzy gutarýas.Siz ezizlere elektron saýtymyzy ýatlatyp geçýan.Ezizler indiki mowzuklarymyz arkaly düşuşiýnçenli hoş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top