4:41

Rimlilere ýzylan hat hakda 3 bölüm

MP3

“IsaMesihiň guly we resullyga çagyrylyp, Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz etmäge saýlanan men Pawlusdan dogaýy salam! HudaýMukaddes Ýazgylarda Öz pygamberleri arkaly bu Hoş Habary wada berdi. Bu Hoş HabarHudaýyň Ogly Isa Mesih hakdadyr. Ol ynsan tebigaty boýunça Dawudyň neslindendi. Hudaý Rebbimiz Isa Mesihi ölümden direldip, Ony Mukaddes Ruhdan doldurdy. Şeýdip, Onuň Hudaýyň gudratly Ogludygy tassyklandy. Hudaý maňa Isa Mesih arkaly merhemet berip, resullyga saýlady. Ol muny ähli milletleriň Hudaýa iman getirip, Oňa tabyn bolmagy, Isa Mesihiň adynyň şöhratlanmagy üçin etdi. 6Siz hem Isa Mesihe degişli bolmaga çagyrylan şol milletleriň arasyndasyňyz. Men şu hatymy size, Rimdäki doganlaryma ýazýaryn. Hudaý siziň hemmäňizi söýüp, sizi Özüniň halky bolmaga çagyrdy. Goý, Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy size ýar bolsun!(Rim.1)

Salam ezizler.Sözüň danalygy diyip atlandyrylan programmamyza höş geldiňiz.Bugunden başlap biz siz bilen Mukaddes Kitapdan möhüm orun eýelan resullerden Pawlusyyň Rimlilere ýollan haty hakda söhbetleşýas.Pawlusyň Rimlilere ýazan haty-güna batan adamzada bolan Hudaýyň täsiri hakdaky kitapdyr.Ol günakär ýürege şypa berýan Rebbimiz Isa Mesihyň Höşhabaryny ýaýratýar.Hatyň birinji on edi aýaty “giriş” şeklinde ýazylan.Şol bölekde hatyň esasyý mowzuklary baýan edilen.Resuller haty dowamynda hali kop gezek bu mowzuga gaýtýar.Şol mowzuklar arasynda hezraty Isanyň şahsiýeti aýry ýer eýlan.Esasan halasgärimiz we rebbimiz Isa Mesih butin hatynyň esasyý mowzugyna öwrilen.Diňe Rimlilere dal,belki Täze Ähtdda resullerden Pawlus ýazyp galdyran bary Hatlarda ol diňe hezraty Isanyň beýikligi hakda gepleýar.Meselen Kolosiýalylara ýollan hatynda hem,ol oňçe hezraty Isany iň ýokara goýup,şeýle sözleri aýdýar.

“Men siziň ugruňyzda görýän görgülerime begenýärin. Şeýle-de men Isa Mesihiň Öz bedeni, ýagny imanlylar ýygnagynyň hatyrasyna çeken ejirleriniň öz bedenimde dowam edýändiginden hoşaldyryn. Siziň bähbidiňiz üçin Hudaýyň maňa beren tabşyrygyna görä, men bu imanlylar ýygnagynyň hyzmatkäri boldum. Bu tabşyryk Hudaýyň sözüni, ýagny geçen asyrlardan we nesillerden gizlin saklanan, emma indi Onuň halkyna aýan edilen syry doly äşgär etmekden ybaratdyr. Hudaý bu syryň şöhratly baýlygyny milletleriň arasynda Öz halkyna bildirmek isledi. Bu syr size şöhrata gowuşmak umydyny berip, araňyzda bolýan Isa Mesihdir. Şeýlelikde, biz hemmelere Mesih hakda wagyz edýäris. Olary Mesihiň bedeniniň kämil agzasy hökmünde hödürlär ýaly, her bir ynsana öwüt-ündew edip, uly akyldarlyk bilen taglym berýäris. 29Şu maksat bilen janymy aýaman zähmet çekýärin, Mesihiň özüme täsir edýän gudratly güýjüne daýanýaryn.”(Kolosiýalylara 1).Görüp düruşynyz ýaly,Pawlus diňe Rimlilere ýollan hatynda dal,belki butin Täze Ähtda edil hezraty Isanyň şöhratyny birinji ýerde goýanyny görsek bolýar.Rimlilere ýollan hatynyň hem manysy şondadyr.Ol ýerde hem Pawlus hezraty Isa iň beýik zat ekenini,hemmesi Oňdan başlanyýşyny we gutaryýşyny aýdyp geçýar.Diymek bugunki Mukaddes Kitapa bagyşlanan sapakymyzdan öwrenenimiz –bu Pawlus Rimlilere ýollan hatynyň esasyý mowzugy bu hazraty Isa ekemimi bilip aldyk.Ezizler ýene duşuşýinçenli höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top