Salam hormatly radio diňleýji moştaklar.Siz bilen ýenede radio arkaly düşüşup düranymyzdan çaksiz şatlanýas.Bugunki gepleşigimiz dowamynda Men Gülälek siz bilen bolýan.Dünýada iň eziz insanlardan biri bu her birimiz uçin ene-atamyzdyr.Halk arasynda şeýle bir gep bar- atanyň gargyşy oran ullakan guýje eýdir.Ata öz perzentini näme diyip gargasa haýatynda şol garşyş öz täsirini görkezýan ekeni.Mukaddes Kitapda perzentler ene-atasyny hormat etmekleri gerekdigi dogrusunda aýdylan.
Belki maňa şeýle duýlýandyr zaman özgerenine görä insanlar arasynda gadyr-gymmat we ene-atä bolan hormat azalyp barýan ýaly.Şahsan maňa öz atam şeýle gepleri ýaşlygymda aýdyp bereni entegem ýadymda.Her birimize mälim boluşy ýaly esasanda oba ýerlerde kişda gar galyn bolanda tamdaky gar syryp artylyp ýenileştirlýady.Şonuň ýaly wagtlarda eger öýde ata ötüran bolsa perzent tama çykmaýan we gary syrmaýan ekeni.
Bu bolsa atä çüňur hormat goýany uçin edilaýan ekeni.Göýa ata öýdekä perzent tama çykyşy atanyň başyna çykyşy we çendenäşa hormatsyzlygy bildiren.Bu bilen turkmen halky öz ene-atasyna bolan hormaty näçe ýokary ekenini görmegimiz mumkin.Ýone häzirki günde perzentler tarapyndan kemsidilýan aýrym ene-atalary hem görmegimiz mumkin. Eziz radio diňleýji şonuň ýaly perzentlere näme diýen bolordynyz? Men häzirki bolçulyk zamanda hem şonuň ýaly insanlary bilýan.
Eger nahilidir gymmatrak iýmit satyp alsalar oňunden perzentleri iýip doýunçenli ene-ata bir böleg hem iýip görmeýarler.Bunuň ýaly ýagdaý kopçiligimizde bolmagy mumkin.belki şony aýtsalar gerek-özi iýman çagasyna iýdirý diyip.Ene-ata çagalary ýaşlygynda butin guýjini we tapan-tutanyny çagalary uçin bagyşlaýarlar.Dogrusyny aýdanda her bir insan öz çagasyny birinden kem bolmagyny islemeýar.Ýone aradan wagt geçip perzenti ullalanda öz ene-atasyna degişli hormatsyzlyk etse barysy şemala uçurulan sypaljyk ýaly bolýar.
Eger perzentler öz ene-atalary öýlaşy ýaly insan bolup ýetişseler,olor uçin bundan artyk bagt bolmasa gerek.Ene-atalarymyzyň mähellede köçede baş tutup buýsanyp ýormegi özüne ýaraşa abraýa ýetişmegi uçin perzentleriniň hem ullakan göşanty bar.Ýone şo bilen bille kop zat ene-atalara hem baglydyr.Sebäbi eger ene-atalar köçede içip ýorsa,eneler öz bileni ýaly ýaşasalar,elbettde perzentler hem öz ene-atasyna degişli hormatyny ýitirýarlar.Eziz diňleýjiler,Her birimiz hormata eýe bolmagymyz uçin,hormat etmagi bilmegimiz gerek.Eger wagtynda ene-ata hormatsyzlyk eden bolsalar olaryň diriliginde geçirim sorap ene-atamyzyň dogasyny almaga hereket edaýliň.Şonda her birimizi ýaradan Rebimiz bize merhemet edýar.Ezizler söhbetimizi şol ýerde togtatyp siz bilen indiki gepleşiklerimizeçenli höşlaşýas.