Salam gadrly diňleýjiler.Insan dunýa gelýan ekeni, bu dünýada öz ornuny
tapmagy isleýar. Ýetginjekler geljekde özüni we maşgalasyny upçin
edýan,ukuplaryna dogry gelýan,ýaraýan bir hünäri saýlamaga hereket
edýar.Ukupsyz insan ýok.Her bir kişiniň ol ýa-da bul zada ukupy bolýar.Diňe
şol ukupy şekillentirip bilmek gerek.Gadimky Äht dowründe hem ukuply
insanlar oran kop bolan.Şonuň ýaly insanlardan biri Hiram diyen kişidi.Onuň
näme ukupy bar eken diýaňyzmy?Ol ökde we tejribeli ussa bolan.Her bir
zamanda ukuply we ajaýyp hünärmentler oraň hormatlanylan.
Mukaddes Kitapda ol hakda şeýle ýazylan:” Süleýman patyşa adam iberip,
surly Hiramy getirtdi. Hiram Naftaly tiresinden bolan bir dul hatynyň
ogludy, kakasy hem surly bürünç ussasydy. Ol bürünçden zat ýasamakda gaty
ussat, ökde we tejribeli ussady. Ol Süleýman patyşanyň çagyryşyny kabul
etdi. Hiram Süleýmanyň bürünçden ýasalmaly zatlarynyň ählisini ýasady.(1-ji
Pätyşalar 7:13-14). Ierusalimde ýaşaýan Süleýman pätyşa Hiramy Tir
şäherinden çagyrtyp getirdi.Şona garanda bu ýygit öz zamanynyň iň meşhur we
tejribeli ussaty bolan diymek mumkin.Ol Hiramy Hudaýyň ýabadathanasyna
käbir zatlary ýasatmak uçin çagyrtypty.Oraň ulakan mukdardaky işi ulakan
ussalyk bilen bitirip berdi.
Mukaddes Kitap onuň nämeler ýasany hakynda şeýle diydi:” Hiram iki sany
bürünç sütün ýasady. Her sütüniň beýikligi on sekiz tirsek, töweregi on iki
tirsekdi.”(1-ji pätyşalar 7:15).Beýle ulakan mukdardaky sütünleri ýasamak
uçin insan guýçli we tapgyr bolmagy gerek.Ol tä şonuň ýaly adam
bolan.Sütünlerden başga-da, ol iki sütüni, sütünleriň depesindäki jam
şekilli iki täji, şol täçleri bezäp duran iki sany örme zynjyry, şol
zynjyrlara iki hatar edip dakmak üçin dört ýüz sany nary, 10 arabany,
arabalaryň üstündäki on legeni, bir sany howzy hem-de howzuň astyndaky on
iki öküzi ,şeýle hem gazanlar, kül atarlar, legenler ýasady.Şeýdip, Hiram
Rebbiň öýünde Süleýman patyşa üçin etmeli işleriniň baryny tamamlady.(1-ji
pätyşalar 7:40-44).
Hiram öz işiniň ussasy,güçli we tapgyr bolüşy bilen bille ýolbaşçylyk
häsiýetine eýe bolan şahs hem bolan bolsa gerek/Çunki bu işleri ussanyň
bir özi berjaý edip bilmesdi.Ol oran owadanlyk we danalyk bilen ýasan
zatlary ýasamaga ýardam berýan el astynda işleýan ýardamçy ussalar hem
bolmagy gerekdi.Bu ussalara ýasamaly bolan zatlary nahilli bolmagyny
düşundirmek,olaryň her birini islani ýaly ýasamak uçin ýardamçy ussalary
dolandyryp bilmek hem talap edilen. Nämuçin ýokarydaky zatlar edil şol
şeklde we enar suratlary bilen bolmagy gerek bolan? Başga surat goýmak
mumkin dälmidi? Ybadathananyň hemme enjamlary edil Hudaý suratlandyrany
ýaly bolmagy gerekdi. Hiram bolsa ine şol işi başardy. Bu işler Hudaýa makul
boldy.