4:41

Mukedesslige etmek uçin ybadat

MP3

Eziz dinleýjiler bugun siz bilen Mukedesslige etmek uçin ybadat etmega
karar etdik. Biz siz bilen bir Ruhdadyrs. Efesliklere 4:4de:
«Çagyrylanyňyzda bir umyda çagyrylyşyňyz ýaly, ten bir, Ruh bir, Reb bir,
iman bir, çokundyryş birdir. Hemme zadyň üstünde, hemme zat arkaly we
hemmäňizde bolan hemmäniň Hudaýy hem Atasy birdir”-diyip ýazylan. Bu esasan
biz hakymyzda. Biz bir maşgaladandyrs.Atamyz hem bir.Şonuň uçin siz bilen bu
mowzugy arkaýyn pikr etsek bolýar. Hudaý bizi halas edeninde Özi ýaly
mukaddes bolmaga çagyran. Biz Onuň mukaddes maşgalasyna göşuldyk,şonuň uçin
hem Atamyz ýaly mukaddes bolmaga yhlasly bolmagymyz gerek.Çunki Mukaddes
Kitapda: «Mukaddes bolunlar, çunki Men Mukaddesdirin”, diyip aýdylandy. Biz her
taraplaýyn Atamyz Hudaýa menzeş bolmak uçin hereket etmagimiz gerek.Biz
nadip Oňa menzeş bolup bilýas? Biz Onuň sözüni näçe ýagşy bilsek,Ol bilen
näçe ýakyn aragatnaşykda bolsak,Onuň nahillidigini şonça gowy bilip
alýas/Onuň nahillidigini,bize bolan söýgisini ,merhemetini bilenimizden soň
bolsa Oňy razy etmek hakynda oýlaýas.

Biz Hudaýa näçe ýakynlaşsak,şonça mukaddeslige etişip barýasÇunki günakär
tebigat bilen Hudaýa ýakynlaşmagyň älajy ýok.Ýewreýlere 12:14 aýatynda
şeýle diyip ýazylan:” Hemmeler bilen parahatçylykda ýaşamak, mukaddes
bolmak üçin tagalla ediň. Mukaddes bolman, hiç kim Rebbi görüp bilmez.
“Mukaddeslige öz guýjimiz bilen eýe bolup bilýasmy? Ýok,asla
ýok.Mukaddeslige diňe Mukaddes Ruhyň kömegi bilen ýetişmagimiz mumkin.
Egerde bizde Hudaýyň Mukaddes Ruhy bolmandady,biz bireýýam ýykylyp ýary
ýolda galyp giden bolordyk.Biz gutulan günimizden başlap Hudaýyň Mukaddes
Ruhy bize ýardamçy we ýol görkeziýji bolup gelýar.Biz buny anyk bilman
bolsak hem Hudaýyň Ruhy hemişe biz bilen bille bolan.Bize ýol görkezip
dürli hil bolgusyzlyklardan bizi saklan.Bize her hilli ýagdaýda hem guýç
berip durýar.Kyn ýagdaýlarda Onuň ýardamyna daýanýas.Rimliklere haty 8:27
aýatynda :” Ruh hem ejizligimizde bize kömek berer, çünki biz nähili doga
etmelidigimizi bilmeýäris, ýöne Ruhuň Özi aýdyp bolmaz iňňildiler bilen
biziň üçin töwella eder. Emma ýürekleri Derňeýän Ruhuň pikiriniň
nämedigini bilýändir, çünki Ruh mukaddesler üçin Hudaýyň islegine görä
töwella edýändir. “-diyip ýazylan.Ýa-da bolmasa şol bapyň 9 aýatynda :”
Hudaýyň Ruhy sizde mesgen tutan bolsa, onda siz tende däl, Ruhdasyňyz. “-
diyip ýazylan.
Biz indi tebigatymyz emrine boýun egmesligimiz,köne adatlarymyzy bir çeta
taşlap Hudaýyň täze mukaddes tfbigatyny özleşdirmege janüpkeş etmagimiz
gerek bolýar,elbettde bu aňsat däl,emma Hudaýyň her bir perzenti buny
başarar.Diňe bunuň uçin isleg we hereket bolsa eter. Ýone şol isleg we
hereket Hudaýa bolan söýgisine esaslanan bolmagy gerek.Çunki Onuň Mukaddes
Kitapynda ýene şeýle sözler bar: «Eger men butin ýer,mulkimni paýlap
bersem,hatta bedenimni ýandyrmaga tabşyrsamda,ýone söýgim bolmasa,mana hiç
peýdasy ýok”. Şonuň uçin hem mukaddeslige etişmek uçin oňçe Hudaýy ýagşy
bilmek, Oňa ýakynrak bolmak gerek. Biz näçe Ony ýagşy bilsek,onuň
nahillidigini we özümiziň nahillidigimizi gowy bilip alýas. Aradaky tapawudy
anyk görup bilýas. Şonda ony razy edip ýaşamak islegi biziň esasyý
maksatymyza öwrilýar. Size Hudaýyň Mukaddes Ruhy hemişe ýar bolsun! Omin.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top