3:28

Hudaýyň wadasy

MP3

Salam hormatly radio dinleýji doganlar, siz bilen ýene radio tolkunlary
arkaly düşuşyp duranymyzdan minnetdars. Hormatly radio dinleýji
doganlar,eger insanyň sadyk dosty bar bolsa her hilli ýagdaýda hem oňa
daýanmagy mumkin.

Ýone insanlar arasynda sadyk dost tapylmagy änçe müşgil. Biz siz bilen geçen
gepleşigimizde Ybram hakynda gepleşiptik. Bilýanyzmy Ybramyň ajaýyp dosty
bardy.Ol hiç haçan Ybramdan dänman. Hemişe her hilli ýagdaýda hem ol bilen
bille bolan. Hudaý Ybramy we Ybram Hudaý oran gowy gorýady,şonuň uçin hem
Hudaý Ybramy dostym diyip aýdandy.

Ybram aýry wagtlarda nämedendir gorkýady, şonda Hudaý Ybrama teselli
berýady. Bir güni Hudaý şeýle diydi: «Ybram, gorkma! Men seniň
galkanyňdyryn, seniň sylagyň juda uly bolar». Elbettde Ybram Hudaý oňa
gepleninden oraň şatdy.Çunki ony indi Hudaýyň özi hemaýt edýar.Nahilli
ajaýyp!Ahrym insanlardan ýa-da başga bir barlykdan haýsy biri Hudaýa garşy
çykyp bilýady?!

Indi ol gorkmasa hem bolýar.Gyzyk Hudaý nahilli sylag barada aýtykä?Ahrym
Ybramyň baýlygy oran kopdi.Onda haýwanlar,altynlar,hyzmatkärler
eterliçedi.Howwa onuň ogly ýokdy.Aslynda Ybram hem aýaly hem oran garryp
galandylar.Medisina tarapyndan seredende olorda perzent görmek mumkin
däldi.

Ýone Hudaýa mumkin däl zadyň özi ýok.Ybram Hudaýa şeýle diyip aýtdy. Eý,
Hökmürowan Reb, Sen maňa näme berjek? Men perzentsiz öterin! Hojalygym
damaskly Eligezere miras galar Sen maňa perzent bermänsoň, hojalygymdaky
gulum maňa mirasdar bolar» diýdi. Ybrama Rebbiň şu sözi geldi: «Ol seniň
mirasdaryň bolmaz, öz biliňden önjek seniň mirasdaryň bolar» diýdi. Soňra
Reb Ybramy daşary çykaryp: «Asmana seret. Sen şol görünýän ýyldyzlary sanap
bilseň sanaý. Seniň şonça-da nesilleriň bolar» diýdi. Elbetde Ybram Hudaýyň
wadasyndan haýran boldy.Ýone ol Hudaýa we aýdanlaryna ýürekden
ynanýady.Elbetde Ybram Hudaýň adyna ajaýyp gurbanlyklar edýady. Seraý hem öz
perzenti bolmagyny oraň halaýardy. Şonda Seraý özunuň müsurli bir
gyrnagyndan Ybram arkaly bir çaga dögürup bermagini sorady. Aradan wagt
geçip müsurli gyrnagy göwreli boldy we bir ogul perzent gördi. Elbettde buny
gören Seraý oran gazaplandy. Ol öz gyrnagyna kop işler beri ony
gýnýardy. Azaplara çydap bilman Hajar çöle gaçyp gitdi.Hormatly radio
dinleýji bu waka näme bilen gutarýanyny we Hudaýyň Ybrama beren wadasy
nahilli ämala aşýanyny indiki gepleşigimizde dowam ettirýas. Häzirlikçe höş
sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top