Şeýdip Mukaddes Kitap biziň bu günki gepleşigimiziň esasyý mowzugydyr. Geliň
özümiziň hereketlerimizde Mukaddes Kitap beren taglymata esaslanyp
ýaşamagymyz uçin Hudaýyň Sözundäki haýsy aýatlara daýanmagymyz gerekdigini
görup çykaýlyň.Gusgaça bularyň hemmesini uç dereje getirmek
mumkin.Hormatly diňleýji geliň birinji noýbatda Hudaýyň hemme ynsanlary
halas etmek maksatyny görup çykaýlyň. Mukaddes Kitap ynsan halas bolmagy
uçin Hudaý nämeler edenini we edýanyny görkezýar.Öz guýji bilen halas
bolmaga hereket edýanlar bar,ýone Hudaý bize diňe Onuň Sözi arkaly halas
bolmagy düşunip etmagimiz we başdan geçirmagimiz mumkinligini ýatlatýar.
“Men bu Hoş Habary wagyz etmekden utanmaýaryn, sebäbi ol Hudaýyň güýjüdir.
Hudaý bu Hoş Habar arkaly her bir iman edeni: ilki bilen ýahudylary, soňra
ýahudy dälleri halas edýär. “ Bu aýdy Rimliklere hatynyň 1:16 aýatynda
okamagymyz mumkin.
“Sen Mukaddes Ýazgylary hem oglanlykdan bäri bilýänsiň. Bu Ýazgylar Isa
Mesihe bolan iman arkaly seni paýhasly edip, halas bolmagyň ýoluny
görkezer.”Timotiusa 2hat 3:15.
Hormatly diňleýjiler siz bilen indiki görup çykmakçy bolan bolegimiz
Insannyň Hudaýyň halas etmekligini kabul etmek uçin jogapkärçiligi diyip
atlandyrylýar.Ýazgylar başgaça aýdanda ,halas bolmagymyz uçin nahilli ýol
tutmagymyz gerekdigini öwretýar.+
Hudaýyň söýgisi we şepagaty hakynda adamlar Mukaddes Kitapsyz hem
bilmekleri mumkin,ýone halas bolmak uçin ýekkeje ýoly diňe Mukaddes Kitapda
görkezip berilen: «Rebbimiz Isa iman et, özüň-de, tutuş öý-içeriň hem halas
bolar» .Şol ýazylan aýaty köpçiligimiz ýatdan bilýanymyz giň däl.Bu aýdy
Resuller işleri 16:31 aýatynda tapmagymyz mumkin. Bundan başga “Hudaý
dünýäni örän söýendigi sebäpli Özüniň ýeke-täk Ogluny berdi. Ol muny Ogluna
iman edenleriň hiç biri heläk bolman, baky ýaşaýşa gowuşmagy üçin etdi.”.Bu
aýat hem kopçiligimiziň esasyý şygarlarymyzyň biridir.Ýohanna 3:16 .
Ýene bir möhüm aýatlardan birini size getirip geçmekçi bolýas,bu aýaty
Ýohanna höşhabarynyň 1:12 aýatyndan tapmagymyz mumkin.” Ol Özüni kabul
edip, adyna iman edenleriň hemmesine Hudaýyň perzentleri bolmak hukugyny
berdi.” Ynsan dostundan sowgat alanynda,onuň uçin töleg hakynda pikr
haýalyna hem gelmeýany ýaly,adamlar bakyý haýaty tölegsiz alýarlar.Päk
ýaşaýyş bilen bakyý haýaty işlap tapmak mumkin däl:ynsana bakyý haýat
diňe Mesih onuň uçin ölenine we direlenine ynanany uçin berilýar.Size
aýtmakçy bolan uçinçi mowzugymyz Ebediýetdaki haýat hakyndadyr.
Ýazgylar ebediýetdaki haýat hakynda insan nahilli ýaşaýyşy we näme edişi
hakynda gepleýar.Hemme wagtlarda adamlar Mukaddes Kitap ýarrdamyna
ýüzlenmesden özleriniň geljekdaki haýaty hakynda bilmaga ýürekden
çalyşanlar. Işaýa 8:19 we Luka kitapynyň 16:29-31 aýatlaryna nazar taşlasak
beýle hereketleriň akmaklyk we günadigi açyk suratlandyrylan.