Salam gadrdan diňleýji. Hudaýy hemmemiziň haýatymyzda Özünuň aňlap bolmaýan
gudraty we danalygy bilen işleýar.Ol her bir kişiniň eden işine ýaraşa
sylaglaýar.Haýtymyzda Hudaý tä işlemeýan ýaly,biziň päk,dindar we Onuň
ýolunda kynçylyklara çidap bolsa hem ýoramaga hereket edýanymyzy gormeýan
ýaly duýlýar. Töweragimizdaki Hudaýy tiline almaýan,haýaty güna dolup
daşan,islaninçenli nahäklyk edýan kişileriň haýaty güllep barýan ýaly
görunýar.Ýone hemmesiniň öz wagty bar.Bugun başgalara nahäklyk we zulum
edýanlara ertir elbettde jogap berilýar.Hudaý Ony äsgermezlik etip islançe
güna edýanlary elbettde togtatýar.
Gadymda Hudaýyň ady bilen ýalan welilik eden galp paýgember Şemagýanyň hem
haýaty şeýle geçen. Mukaddes Kitapda aýdylyşy boýunça bu galp paýgember
Hudaýyň ady bilen islaninçenli işler eden. Hudaý bolsa Ýeremýa şeýle diydi:
«Nehelamly Şemagýa Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Sen
Iýerusalimdäki ähli halka, Magaseýanyň ogly Sepanýa ruhana we ähli
ruhanylara öz adyňdan hatlar ýollap, şeýle diýdiň:
‘Ruhany Ýehoýadanyň deregine seni Rebbiň Özi ruhany edip belledi. Rebbiň
öýüniň baş gözegçileri ol ýerde özüni pygamber edip görkezýän her bir däli
adamy kündeläp, demir zynjyra baglasynlar. Onda näme üçin size pygamberlik
edýän anatotly Ýermeýa çäre görmeýärsiňiz? Ol bize ýesirligiň uzaga
çekjekdigi, öýler gurup, olarda ýaşamagymyzy, baglar ekip, olaryň miwesini
iýmegimizi aýdyp, bu ýere — Babyla habar ýollady ahyryn’“».
Sepanýa ruhany bu haty Ýermeýa eşitdirip okady. Onsoň Ýermeýa Rebbiň şu
sözi aýan boldy: «Ähli sürgündäkilere habar ýollap, Reb nehelamly Şemagýa
hakda şeýle diýýär diý: „Men ony ýollamadyk hem bolsam, Şemagýa size
pygamberlik edip, ýalana bil bagladýar“. Şonuň üçin hem, Reb şeýle diýýär:
„Nehelamly Şemagýa Men-Rebbiň garşysyna gepländigi üçin ony we onuň neslini
jezalandyraryn. Bu halkyň arasynda onuň neslinden ýekeje kişi hem aman
galmaz, Meniň Öz halkyma etjek ýagşylygymy görmez. Muny Reb
aýdýandyr“».(Ýeremýa29:24-32).
Şemagýa haçan öz-özüni paýgember edip saýlap alyp adamlary ýalan
paýgemberçilige ýnantyrmaga başlan?Bu hakda Mukaddes Kitapda ýazylman,yone
Hudaý onuň ýalanlaryna we galp paýgemberçiligine çäk göýdy.Bu ýolda ol
Sepanýany,Eremýany işletdi. Bu hat elbettde ýesirlikde ýaşaýan Hudaý
halkyna etip baran.Olor Ýeremýa aýdan welilik bilen öz aralarynda ýaşaýan
Şemagýanyň paýgemberçiligi arasynda ýaýdanjaňlyk edip aljrap
galyptylar. Ahyry kimiň häk gepleýany mälim boldy. Bu bolsa olory ansatrak
we asuda haýat geçirmaklerine ýarda berdi. Hudaý öz halkyny dogry ýoldan
azaştyrýanlary elbettde jezalaýar. Dogry ýoldan gidýanyny bilmek nahilli
oňat!Bizi diňlaýan bolsanyz diymek siz hem dogry ýoldasynyz. Biziň satymyz
size peýdaly we gyzyk bolýan maglumatlary berip bilýar.