MP3

Salam Ysmayl Ybraýymyň gyrnagyndan dogülan perzentidi.Ysmayl Ybrayým segsen alty ýaşa girende dogulan.Ysmaýylyň ejesi Hajar müsrli bolup Seraýyň gyrnagydy.Seraý çagaly bolmany uçin gyrnagyny äri Ybraýyma aýalyga alyp berip ondan çaga dogurtmakçydy.Şeýle boldy hem/Ysmaýyl Ybraýymyň birinji perzenti bolany uçin onuň gyrnakdan dogülanyna seretman oran gowy görýady.Hudaý Ybraýyma Seraý arkaly Özi wada beren nesil bermegiň on ýanynda Hudaý Ybraýyma: «Indi aýalyňyň adyny Seraý diýip tutma. Mundan beýläk onuň ady Sara bolar. Men Sarany ýalkaryn; ondan saňa bir ogul hem bererin. Men Sarany ýalkaryn; ol ençeme milletleriň enesi bolar. Onuň neslinden şalar dörär» -diydi.

Ybraýym Onuň öňünde ýüzin düşdi;……Soňra Ybraýym ýene Hudaýa: «Ysmaýyly mirasdarym hökmünde kabul etsediň!» diýdi. (Gelip çykyş 17:15-18).Hudaý Ybraýyma hakykyý ogul,uzak garaşylan we Hudaý wada eden ogul hakynda geplan wagtynda hem Ybraýymyň ýüregi ikkä bölunup Ysmaýyl uçin Hudaýa ýalbardy.Bundan onuň hahilli Ysmaýyly ýagşy görenini bilmegimiz mumkin.Ol gyrnagyň çagasy bolany uçin unssiz galyp gitmesin.Ol hem meniň perzentim diyip gaýgy etdi.Hudaý oňy unssiz galdyrjak däldi.Entek Ybraýym Ysmaýylyň ady Ysmaýyl boluşyny bilmesden oň onuň perzenti nahilli boluşyny göz onüne getirmesden oň Hudaýyň perişdesi bikesinden gaçyp tentip ýören Hajara görkezip Ysmaýylyň neslini beýik edişi hakynda wada berendi.

Bu böleklerden Ysmayl hem Ybraýymnyň hem ýüreginde bolanyny bilmegimiz mumkin.Emma Ysmaýylyň terbiýesinde Ybraýymyň täsirinden görä koprak ejesi Hajaryň täsirini görmegimiz mumkin.Ysmaýyl 14 ýaşa dolanda Ybraýym ogul gördi.Ahyry Ishak özüp ony suýitden çykarmak güni gelip galanynda Ysmaýyl “ bulagaýlyk etdi”.Mukaddes Kitap onuň eden işini edil şeýle diyip ýazýar.Ol nahilli bulagaýçylyk eden?Ishagy göwnüne degenmi,üstinden gülenmi,bunysy malim däl.Emma Sara Ysmaýylyň ýaman gylyklary Ishagada täsir görkezmagi mumkin diyip ärinden gyrnagy bilen çagasy Ysmaýyly kowup ibermagini aýdýar.Ybraýym ynjaldy.Çunki Ysmaýyl onuň hem perzendidi.

Atasy Ybraýym bolsada Ysmaýyl ejesiniň ýoluny saýlady.Hudaýa ynanmagy däl öz islegi boýunça butlara sejde edip ýaşamagy makul gördi. Ybraýym olary iberenden soň ýetginjek ejesi bilen Müsr araçäkgindäki bir çölde ýaşap başlady.Ol ulalyp ýaý atyjy boldy.Ejesi bolsa oňy Müsr ýürdyndan öýlendirdi.Hajar Müsrden bolony uçin hem hiç haçan olaryň däp-dessurlerini,ygtykadyny ýatdan çykarmady.Ol öz ygtykadyna we adatlaryna gaty baglanan aýaldy.Onuň bu adaty Ysmaýylyň terbiýesine öz täsirini gorkezdi.Atasy Ybraýymyň ýanynda Hudaý hakynda bilip eşidip ýaşan bolsada ejesiniň ýoluny saýlady.Ýone Hudaý Ysmaýyly taşlap goýany ýok.Oňa Ysmaýyl diyen ady ýone ýere goýan däldi.”Hudaý eşidýar”diyen manynydady.Hudaý oňa edil şol ady berdi.Bu bilen Ol haçan mana ýüz tutsa eşidýan diymekçidi.Hudaý bugun hem özgermedi Ysmaýylyň perzentleri Hudaýa nalasalar Hudaý olara gulak asýar.Olara ýardam berýar.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top