MP3

Salam. Resullar kitabynyň bi näçe erinde tebibler we gözbagçylar barada
ýazylan. Bu gun resullaryň kitabyny ökab çiksaňyz şo zamandaky kişilariň hem
bu günki gundaki adamlaryna nahilli meňseş ekenini düýaňyz. Bu gun
aramyzda palçilara, okap göýan mollalara,tebiblere ynanýanlar hem köp
tapylýar. Olaryň her hil jadylaýan serişdeleri bilen kesellere şipa
berib,problemalaryna çözgyt tapjaklaryna ýnanyarlar. Zamanlar özgerse hem
ynsanlar özgermaýar. Şo zamanda hem adamlar gözbagçy, tebiblere ynanan,
bugum hem ynanyarlar.Şeýtan ynha şeýle adamlar usti bilen başkalarny
hakykyý we Diri Hudaýydan daşlaştyrmaga, Hudaýy hakyndaky düşünjelerini
özgertmäga hereket edýar.

Emma bir gun gelib şeýle adamlar hem Hudaýyň beýikligini boýun alýarlar.
Resullerden Pawlus ikkinçi syýahat döwrunde hem şeýle boldy. Mukaddes Kitab
bu barada şeýle diýar:” Huday Pawlusyň eli bilen gölüp-eşidilmedik
gudratlary görkezdi. Pawlusa degen elýalykdyr guşaklary alyp,hassalaryň
üstine ýapanlarynda, olar dertlerine şypa tapýardylar,olardan arwah-jynlar
çikýardy”(Resuller 19:11)
Ýahydylar arasynda Şaherden-şahere aýlanyp,arwah-jynlary kowup
çikarýanlar bärdy.Olar bir obadan ikkinçi oba geçib adamlaryň
müşgillerini aňsat edip ýorýardi .Isa Mesihyň güdraty,onuň şagirdleriniň
edýan işleri hakynda eşidan tebibler Isa Mesih ady bilen jynlary kowup
çikarmaga hereket edýardy .Bunuň nämesi ýaman şagirdleri hem Isa Mesih
ady bilen jynlary kowup çikarýar,diymegiňiz mumkin.

Eger ýadynyzda bolsa bir gun Yohanna Isa Mesihe ýüzlenip: “Halypa!Biz
Seniň adyň bilen arwah-jynlary çykarýan bir adamy gördük,yone onuň biziň
bilen bile däldigi üçin,oňy togtatmak isledik”- diýdi.Isa oňa “Ony
togtatmaň!Kim size garşy bolmasa,ol siziň tarapyňyzdadyr”-diýdi.(Luka 9:49-
50) Size garşy bolman adam siz tarapda,oňa buny gadagan etmeň diýan Isa
Mesih.Emma tebibleriň maksaty Isa Mesih adyny şohratlandyrmak däl,şonuň
üstinden pul we abraý tapmakdy.Jynlar olara nahilli jogap berdi? Mukaddes
Kitab bu barada şeýle diydi :”Şaherden-şahere aýlanyp,arwah-jynlary kowup
çikarýan käbir ýahudylar topary hem berdy.Olar arwah-jyn eýelenlere Reb
Isanyň ady bilen şypa bermaga synanyşyp :”Pawlus wagz edýan Isanyň ady
bilen size buuýruk berýärin!” diýýärdiler. Ýhydylaryn Skewa atly baş
ruhanysynyň eddi ogly-da bu iş bilen meşgullanýardy.Bir gezek arwah-jyn
olardan:”Isany tanaýaryn,Pawlusy-da bilýärin,yone siz kim?”diyip sorady.
Onson erbet ruh eýelän adam olaryň üstine topulup,ählisiny basdy.Şonda olar
bu öýden ýalaňaç hem ýaraly gaçyp gitdiler.(Resullar 19:13-16) Bu waka tiz
arada hemmä maölim boldy.Hemmany elhenç basdy we Rebbimiz Isa Mesihyň ady
beýgeldi..Şonda ymana gelenleryň köpüsi tebiblerdi.Olar öz etmişlerini açyk
böýün aldylar, jadygeýlik kitablaryny üýşürip ýakdylar.Olaryň bahasyny
hasaplanlarynda elli müň kümüş teňňe çykdy. Şonüň ýaly Hudaýy diňe sada
adamlar däl-da şeýtanyň hokumrawanlygy astynda bolaan tebibleriň hem
gözüni,ýüregini açdy.Ezizler şo we şoňa meňseş adamlar haýaty bilen
gyzyklansanyz biziň saytymyz size höwes bilen kömek edýar.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top