MP3

Salam. Siz bilen Mukkades Kitapda ýazylan ýene bir ynsan hakynda
söhbetleşmekden hoşal boldyk.Stepan bu ady eşitmän ymanly bolmasa gerek.Bu
at kopçilige ymanda berk galmaga güýçli höwes turuzan bolsa giň
däl.Stepanyň nirede we haçan doglany bize mälim däl.Mukkades Kitap bu
barada maglumat bermýar.Yone Muukkades Kitap we başga tarihyý delillere
esaslanyp onuň nirede dogulanyny takmyn etmagimiz mumkin.Mukkades Kitapdaky
Korintoslara birinji hatynyň 1 bap 16 aýatynda Pawlus Korinfdaky ymanlylara
ýüzlenip şeýle diydi;” Hawa, men Stepanusyň öý-içersini hem suwa
çümdüripdim. Ýene kimdir birini suwa çümdürip-çümdürmändigim ýadyma
düşmeýär”. Stepanas Aheý ölkesinden birinji bolup imana gelen kişidi.

Ol Isa Mesih göge goterilenden soň şagirdleri tarapyndan imana gelen kişi
bolsa gerek.Esaslarda geltirileni boýunça ol günorta Gadymyý Gresiýanyň
Aheý welaýatyndan.Ol Korintosly bolany hakykata ýakyn.Grek tilinde
gepleýan Stepan akgöwünli we sadakatly kişi bolany anyk.Onuň öýlenen ýa-da
öňýlenmani hakyna maglumat ýok.Diňe Pawlusyň Korintoslara ýazan hatynda ol
“Stepanusyň öý-içersini” diyen gepleri ulanýar.Onuň maşgalasy Korinfda
ýaşan,emma maşgalasynda näçe kişi bolan,ene-atasy,doganlary ýa-da aýaly
hakynda hiç hilli maglumat ýok.
Isa Mesih dirilip göge göterilenden soň şägirdlerine Mukaddes Ruh inip
olar gudrat we joşgunlyk bilen Hudaýa hyzmat edip başladylar.

Şu gunlerde Isanyň şägirdleri kopelip barýady.Resuller işleri 6 bap 1
aýatynda şonuň ýaly gepler bar:” Şol günlerde şägirtleriň sany barha
artýardy. Emma grekçe gepleýän imanlylar arameýçe gepleýän imanlylaryň
gündelik iýmit paýlaşygynda dul aýallary gözden salýandyklary üçin olaryň
üstünden şikaýat etdiler.” Diýmek ilk jemagat içinde masihiýler arasynda
hem gapma-garşylyklylyklar bar bolan. Ine şol agzalalyklary çözmek uçin
Mukkades Ruh we akl-paýhasa dolup-däşan edi kişini saýlap aldylar.Olar
jemagatda garyp dullara ýardam bermek uçin saýlandylar.Olaryň arasynda
Stepan hem bardy.Mukkades Kitap oňy şeýle diyip aýdýar:” Imany güýçli we
Mukaddes Ruhdan doly” Şol geplerden Stepaňňy Mukaddes Ruha dolan,imanda
berk,adalatly we aklly kişi bolan diymegimiz mumkin.

Ol imanda gýüçli bolony uçin hem halk arasynda beýik we ajaýyp täsinlikler
görkezen.Şoňa görä onuň kesellere şipa beren diyip takmyn etmagimiz
mumkin.Onuň anyk nahilli tasinlikler edeni mälim däl.Möhümy ol Isa Mesih
uçin jan çekip yhlas bilen hyzmat eden.Onuň edýan işleri ýokaryruhanyý we
bir näçe ýaşulylara ýaraman,yone halk arasyndaky abraýyndan gorkyp oňa
degmage batyrgaýlyk edip bilmanler. Yone erkinler Sinagogasyndaky
ýahudiýler Stepan bilen bäsdeşlige girişip käbirleri oňa garşy
edenler.Halkny tolgundyryp ony Ýokary geňeş oňune alyp geldiler. Ýokary
Geňeş bolsa oňy sorag edýar.Bundan soň näme bolonyny bilýanyz. Onuň
batyrlygyna geň galmasdan alajym ýok.Ol hem siz bilen biz ýaly adamdy, yone
şeýle bir gaýduwsyz,gýüçli iman, merdanalygy nireden aldykä? Ol bilimli we
okän kişi bolany anyk,çunki Isa Mesih we Köne Ähd hakynda oraň gowy
bilýady.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top